Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 871
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, döwlet Baştutanymyzyň birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça beren maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işi barada habar berdi. Şol kanunlar bolsa türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ulgamlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge ýardam etmelidir.

Häzirki wagtda arbitraž kazyýetiniň işine, derman önümçiligine, atçylyga we atly sport ýaryşlaryna, kosmos işine we beýleki ugurlara degişli Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalarynyň üstünde işlenilýändigi bellenildi. Bu Kanunlaryň taslamalary türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň häzirki ösüşi, kanunçykaryjylyk babatda dünýä tejribesi hem-de halkara kadalary nazara alnyp taýýarlanylýar.

Deputatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň, tutuş jemgyýetiň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerlerde düşündiriş we wagyz etmek boýunça işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, parlamentiň ýolbaşçysy häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşindäki taslamasyny halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlemek üçin degişli işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we taslamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek bilen milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, umumy ykrar edilen halkara hukuk namalarynyň milli kanunçylyk tejribesinde göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşindäki taslamasyny halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlemek, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda jemgyýetiň öňünde goýlan maksatlaryň we wezipeleriň ähmiýetini ilatyň arasynda düşündirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow şu ýylyň 24-27-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň 70-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bütindünýä forumynyň gün tertibine dürli häsiýetdäki möhüm ählumumy meseleleriň toplumy giriziler.

Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý sessiýasynyň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça meselelere bagyşlanylan Sammit geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşar. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we birnäçe daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryna ünsi çekip,ýurdumyzyň köpýyllyk netijeli gatnaşyklary sebitde we ählumumy ölçegde abadançylygyň, rowaçlygyň maksadyna laýyk derejede mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, BMG bilen giň möçberli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň strategik ugry bolup durýarb. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolup, giň ugurlary öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň 70 ýyllyk ýubileýi bilen türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygynyň bellenmeginde aýratyn many bardyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynda öz beýanyny tapýan döredijilikli başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasyna gatnaşmak maksady bilen ABŞ-a boljak iş saparyna taýýarlyk meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda temäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň çäklerine getirilýän temmäki önümlerini goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilemek göz öňünde tutuldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmek, çilimkeşlik ýaly ýaramaz endiklere garşy göreşi güýçlendirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitine gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, bütindünýä- saglygy goraýyş guramasynyň çäklerinde ösüşiň umumydünýä ýagdaýyna oňyn täsir etmek babatda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda tagalla edýär. 2011-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş baradaky Çarçuwala konwensiýasyny tassyklady. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde “Saglyk-2020” syýasatynyň çäklerinde “2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereketiň Milli meýilnamasyny” işläp taýýarlady, ol häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanyndan goramak hakyndaky” kanun kabul edildi. 2013-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň barşynda “Saglyk-2020” syýasatynyň kadalarynyň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Ol Ýewropa ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Halkara tejribesine hem-de Aşgabat Jarnamasynyň kadalaryna we Türkmenistanyň Salgyt kodeksinde tassyklanan talaplaryna laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, ýurdumyzda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilemek boýunça degişli işler geçirildi. Mundan başga-da, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde şu önümler üçin alnyp barylmaly işleri ýerine ýetirmegiň Tertibi taýýarlanyldy.

Wise-premýer şeýle hem “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnaimasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen çärelere laýyklykda, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kadalaşdyryäy-hukuk we esaslandyryjy resminamalary gaýtadan seljerildi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banklarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmennistanda temmäkä garşy göreş boýunça çäreleriň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz onda göz öňünde tutulýan çäreleriň ozaly bilen daşary ýurtlardan Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän alkogolly içgileriň we temmäki önümleriniň dolanyşygyna döwlet gözegçiligini güýçlendirmäge ýardam berjekdigini belledi. Milli Liderimiz bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ykdysady özgertmeleriň esasy maksadynyň döwrüň talabyna laýyk gelýän kuwwatly milli ykdysadyýetiň kemala getirilmegini üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ulgamda ähli bellenilen özgertmeleriň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilimeginiň ýurdumyzyň bank edaralyrynyň işiniň kämilleşdirilmegine baglydygyny aýtdy. Şeýle hem munuň özi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn, durnukly ykdysady ösüşi, Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagy üçin zerur şert bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekip, onuň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň 21-23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşi ýoly” atly neşir önümleriniň X halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata görülýän taýýarlyk işleri, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.

Halkara kitap sergi-ýarmarkasyna dünýäniň onlarça döwletiniň wekilleri, şol sanda neşir önümlerini öndürijiler, degişli ugur boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlary, ýazyjylar we şahyrlar gatnaşar.

Forumyň barşynda halkara ylmy maslahatyny, türkmen şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen döredijilik duşuşyklaryny, guramak göz öňünde tutulýar.

“Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly X halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahata bagyşlanan milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly işiniň koreý dilinde neşir edilen 3-nji jildiniň hem-de türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty” atly kitabyň, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen çeper eserleriň we çagalar üçin kitaplaryň tanyşdyryş çäresi guralar.

Mundan başga-da, bu çärä “Bagtyýar nesilleriň nurana dünýäsi” ady bilen Çagalar edebiýatynyň hepdeligi gabatlanyldy. Onuň barşynda ýurdumyzyň mekdeplerinde, kitaphanalarynda, seýilgählerinde çeper okaýyşlar, edebi-sazly çykyşlar, surat bäsleşikleri, çagalar şahyrlary we ýazyjylary bilen halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň duşuşyklary guralar.

Soňra wise-premýer Türkmenistanda şu ýylyň 24-26-njy sentýabrynda bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda milli baýramçylygyň baş nyşany bolan hiňňillikleriň ýanyndaky meýdançalarda medeni-köpçülik çärelerini guramaga görülýän çäreleri hem-de sungat usatlarynyň aýdym-sazly çyşyklarynyň maksatnamasy barada habar berdi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň hormatyna guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy

Hormatly Prezidentimiz “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşi ýoly” atly X halkara kitap sergi-ýarmarkasyny we ylmy maslahatyň milli ruhy mirasymyzy, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanan üstünliklerini wagyz etmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Gurban baýramy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülik çärelerine taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere olaryň milli däplerimize laýykda ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Gurban baýramy dostlugy, hoşniýetliligi, musulman halklarynyň medeni-taryhy umumylygyny alamatlandyrýan we birek-birege hormat goýmaga çagyrýan baýramlaryň biridir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, welaýatlarda güýzlük bugdaýyň ekişiniň dowam edýändigini, gögeriş suwuny tutmak işleriniň ýerine ýetirilýändigini hem-de beýleki agrotehniki çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy dowam edýär. Gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň barşy barada habar berildi. Şol möwsümiň çäklerinde Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda pürli, saýaly we miweli baglary hem-de üzüm nahallary köpçülikleýin ekiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň depginiň pesdigine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz ýerlerde gowaçalaryň ýapragyny düşürmek üçin dermanlamak işlerine ýaňy girişilendigini, welaýatyň gowaça meýdanlarynda işledilýän pagta ýygýan kombaýnlaryň sanynyň hem azdygyny, käbir etraplarda ulag serişdelerinden ýaramaz peýdalanylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bir hepdäniň dowamynda ýagdaýy düzetmegi, pagta ýygymyny talabalaýyk guramak hem-de möwsümi öz wagtynda tamamlamak üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bugdaý ekişi geçirilende agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi, bag ekmek möwsümine ykjam taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu ýylyň 29-30-njy sentýbrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisini hem-de maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanyp geçiriljek bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk kompaniýalarynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň, şeýle hem birnäçe halkara syýahatçylyk agentlikleriniň, myhmanhana hyzmatlary ulgamynda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň wekilleri, işewürler, ylmy işgärler gatnaşar.

Maslahatyň işi üç ugur boýunça geçiriler. Olar "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri, syýahatçylygy ösdürmekde Türkmenistanyň medeni-taryhy we tebigy ýadygärlikleriniň ähmiýeti,syýahatçylyk senagaty we ykdysady innowasiýalar ýaly ugurlardan ybarat bolar.

Hormatly Prezidentimiz syýahatçylygyň dünýä ykdysadyýetiniň düşewüntli we uly geljegi bolan ugurlarynyň biridigini belledi. Dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagy nazarlaýan ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda halkara derejeli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi boýunça iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistan syýahatçylygy we onuň dürli ugurlaryny ösdürmek üçin ähli zerur şertlere eýedigini belledi. Ajaýyp taryhy –binagärlik ýadygärlikler, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary, türkmen halkynyň baý medeni we özboluşly däp-dessurlary gadymy döwürlerden bäri syýahatçylaryň we alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Häzirki döwürde Türkmenistana gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagy biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryň yzygiderli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumynyň milli syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde, onuň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, daşary ýurtlaryň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmekde we ýurdumyzyň dünýäniň syýahatçylyk, jahankeşdelik merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra milli bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň geriminiň işjeň giňeldilýändigini nazara almak bilen, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça öňde duran wezipeleriň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, wise-premýere daşary ýurt dilleri, hususan-da, hytaý we ýapon dilleri boýunça berilýän sapaklary artdyrmagyň, özi-de diňe bir dil öwrenýän institutlarda, bölümlerde däl, eýsem tehniki, ykdysady we beýleki ugry bolan ýokary okuw mekdeplerinde-de işjeň öwretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem mekdepleriň 5-nji synpdan başlap e hytaý we ýapon dillerini öwretmek, ony okatmagyň usulyny kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistpanyň gazy gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi babatda hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Hazaryň kenarynda geçirilen maslahatynda eden çykyşynda häzirki döwürde Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny we türkmen tebigy gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirenimizden soň, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alyp barýan işleri tamamlamak we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnama laýyklykda, tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmak üçin ýurdumyzda gazy gaýtadan işleýän zawodlary we beýleki kärhanalary gurmak boýunça degişli wezipeleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda öňe sürlen meseleler boýunça wise-premýeriň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçrilýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi.

Wise-premýer hasabatyň barşynda türkmen we ýapon hünärmenleriniň täze senagat desgalarynyň gurluşygy boýunça taýýarlan meýilnamalary barada aýtdy. Onda öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly tebigy gaz gaýtadan işlenilip polipropileniň, polietileniň, kaustik sodanyň, poliwinilhloridiň, akril süýüminiň, benziniň, dizel ýangyjynyň, kerosiniň we beýleki gazhimiýa önümleriniň jemi 17 görnüşiniň önümçiligi ýola goýlar.

Türkmenistanda gazy gaýtadan işlemegiň meýilnamasyna laýyklykda, desgalaryň 10-syny gurmak, şol sanda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde, Daşoguz welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iri gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak, “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmagyň üçünji nobatdakysynyň çäklerinde degişli işleri alyp barmak bellenildi. Şeýle-de wise-premýer gazy gaýtadan işlemegiň hasabyna alynjak önümlerden öndürilmegi meýilleşdirilýän enjamlar hem-de harytlar barada hem maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna oňyn täsiriniň bardygyny aýratyn nygtady, döwlet Baştutanymyz bu ugra gönükdirilen işleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligiň mukdarynyň artdyrylmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz serişdelerini çykarmagyň möçberini artdyrmak, täze ýataklary özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek, täze gazhimiýa önümçiliklerini gurmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň serişde binýadyny berkitmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz gazy gaýtadan işleýän senagata serişde tygşytlapýjy we ekologiýa taýdan howpsuz täzeçil tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Tehnologiýalar merkezinde we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda hünärmenleriň işläp taýýarlan serişde tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalaryny ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän pudagyna işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degip geçmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýapon kompaniýalaryna birnäçe taslamalaryň ynanylandygyny belledi. Milli Liderimiz iki döwletiň özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, şol sanda maýa goýum, dürli pudaklardaky taslamalary amala aşyrmak, bilelikdäki işiň täze ugurlaryny ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçiliklere eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň, himiýa senagatynyň we beýleki pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýandygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde balyklary ösdürip ýetişdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň göz öňünde tutulandygy habar berildi.

“Ahalbalyk” döwlet kärhanasy tarapyndan umumy meýdany 1100 gektara barabar bolan emeli suw howdanlarynda 840 tonna balygy ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Ähli balyk hojalyklarynyň proteinli balyk iýmleri hem-de zerur bolan mineral dökünler bilen üpjün edilendigi, ýaş balyklara talabalaýyk ideg edilýändigi bellenildi. Balyklary emeli usulda öndürmegiň möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, balyk köpeldiji sehlerde balyklaryň işbilinden liçinkalary almak boýunça zerur işler geçirildi.

Mundan başga-da, 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze balyk tutujy gämileriň işledilmegi netijesinde şu ýylyň geçen döwründe Hazar deňzinden jemi 393 tonna balyk tutulandygy habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge hem-de ýokary hilli azyk önümlerini öndürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde balyk hojalygynyň okgunly ösýän pudaklaryň biri bolup durýandygyny belläp, balyk senagatyny döwrebaplaşdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň balyk hojalygyny ösdürmek maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ba babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, türkmen deňiz söwda flotuny täze ýöriteleşdirilen gämiler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Yslam ösüş bankynyň Türkmenistan üçin ýurt boýunça 2016-2018-nji ýyllaryň Maksatnamasynda maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalaryň çäklerinde nebit we nebit önümlerini daşaýan tankerleriň, ýolagçy gämileriniň we ulag-tirkeg gämileriniň hem-de beýleki ýöriteleşdirilen gämileriň birnäçesini satyn almagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna Türkmenbaşy halkara deňiz portuna we kenarýaka gämi duralgalaryna barýan gämi ýollaryny, arassalamak we giňeltmek üçin deňziň düýbüni çuňaldyjy we giňeldiji gämi zerur bolup durýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda pudaklaýyn ulag ulgamyny ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň, öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna deňiz ulag toplumyny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek meselelerine uly üns berýändigini, şu maksatlar üçin ägirt uly serişdeleri goýberýändigini belläp, gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabady mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyny, 2017-nji ýylda boljak Aziýa oýunlaryna ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň barşynda 2015-2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça meýilnamany ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.

Elektrik geçirijileri tertipleşdirmek, olaryň howa ulgamlaryny ýerasty ulgamlara geçirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şäheriň ygtybarly energiýa üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite taslama durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ähli sebitleri üçin nusgalyk bolmalydygyny belläp, şäher düzüminiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bu ulgama degişli täzeçil işläp taýýarlamalaryň tejribä işjeň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem şäheriň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň ähli görnüşleriniň işini bökdençsiz üpjün etmek, paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň, olaryň binagärlik çözgüdi we daşky bezegi bilen bir hatarda, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmelidigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny belläp, olaryň maşgalalara berilmegi hem-de ýörite hasaba alynmagy bilen baglanyşykly meselelere seljerme geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäher ýollarynda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, ýollarda JPS ulgamyny ornaşdyrmak we ulaglaryň hereketine gözegçilik etmek, şeýle hem ulaglaryň ýörite awtoduralgalarda goýulmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow milli Liderimiziň Gyrgyz Respublikasynda Yssykölüň kenarynda myhmanhana gurmak baradaky tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan taýýarlanylan taslamany hödürledi. Bu taslama şu birleşmäniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.

Taslama laýyklykda, desganyň umumy tutýan meýdany 4,37 gektara barabar bolup, 80 orunlyk myhmanhana, ýapyk ýüzülýän howuz, sport we çagalar üçin meýdançalar hem-de awtoduralga göz öňünde tutulýar. Taslamany “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti 24 aýyň dowamynda amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yssykölde myhmanhanany gurmak baradaky taslama babatda birnäçe maslahatlary we teklipleri aýdyp, onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz täze myhmanhananyň syýahatçylyk ulgamynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda möhüm ädim boljakdygyny, bu ulgamda iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysyna bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkmyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.