Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2015” IХ halkara sergisi öz işini tamamlady. Däp bolşy ýaly, bu sergini Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar.
Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň aragatnaşyk, IT hyzmatlar ulgamlarynda gazanan üstünlikleri hem-de dünýäniň telekommunikasiýa senagatynyň täzelikleri, häzirkizaman ugurlary we geljekki ösüşi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Ozal habar berlişi ýaly, pudaklaýyn gözden geçirilişe dünýäniň bu ulgamdaky öňdebaryjylary, Fransiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Ukrainadan, Belarusdan, Täjigistandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan iň täze hem-de ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler, işläp taýýarlaýjylar we önümleri iberijiler gatnaşdylar.
Serginiň çäklerinde geçirilen türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriniň duşuşyklarynda bellenilişi ýaly, pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, Türkmenistanda öňdebaryjy enjamlaryň we täzelikleriň ulanylmagy netijesinde köpşahaly aragatnaşyk, tele we radiokommunikasiýalar, sanly alypberiş ulgamlary üstünlikli hereket edýär, maglumatlar serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanylýar. Telefon stansiýalarynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, şol sanda sanly ulgamlar ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, şeýle hem giň zolakly Internete girmek we maglumatlary bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Milli “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany barha artýar. Ähli ýerde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň ähli ugurlary boýunça işler okgunly alnyp barylýar.
Aşgabatda geçirilen forumyň çäklerinde telekommunikasiýalar, maglumat we kompýuter tehnologiýalary, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz we giň zolakly aragatnaşyk, hemra we sanly aragatnaşyk, professional audio we wideo ýazgylar, wideoşekilli maslahatlar aragatnaşygy, telefoniýa, kabel önümleri we enjamlar, programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşygyň beýleki hyzmatlary ýaly bölümlerde iň soňky işläp taýýarlamalar hödürlenildi.
Forumyň giň möçberli ekspozisiýalary hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzyň telekommunikasiýalar senagatyny, öýjükli we ykjam aragatnaşyk ulgamyny, Internet ulgamyny ösdürmäge we öňdäki hatarlara çykarmaga goşýan umumy goşandyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. 2015-nji ýylda “TürkmenÄlem 520-E” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy şeýle netijeli işleriň aýdyň mysalydyr. Bu şanly wakanyň netijesinde ýurdumyz hemra aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerinden peýdalanmaga hem-de bu ugurda dünýäniň beýleki döwletleriniň onlarçasyna öz hyzmatlaryny teklip etmäge mümkinçilik aldy. Milli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň telekommunikasiýa aragatnaşygyny kämilleşdirmäge, hususan-da, ýokary tizlikli Internetiň elýeterliligini üpjün etmäge, telegepleşikleriň ýokary hilli alnyp berilmegine, diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Afrikanyň ýurtlarynda hem hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň diwarlyklary sergä gatnaşyjylarda hem-de myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Biziň telekeçilerimiz maglumat we kompýuter tehnologiýalary hem-de hyzmatlar bazarynda özleriniň artýan kuwwatyny görkezdiler.
Aragatnaşyk ulgamynyň gazananlarynyň halkara gözden geçirilişine ulag ulgamynyň pudaklaýyn düzümleri hem işjeň gatnaşdylar. Radiogawigasiýa, ulag akymlarynyň monitoringi, meteostansiýalar ulgamlary olaryň üstünlikli işlemegini hem-de howaýollarynda, demirýollarda we awtomobil ýllarynda gatnawlaryň netijeli dolandyrylmagyny üpjün edýär.
“Türkmentel-2015” halkara sergisiniň çäklerinde giň möçberli sport çärelerinde, esasan-da, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde iň täze işläp taýýarlamalary hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serginiň işi tamamlanandan soň, onuň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda sergä gatnaşanlara ýörite diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2015” IХ halkara sergisine we ýlmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyza gözden geçirilişiň çäklerinde pudagy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler we geçirilen forumyň milli özgertmeler maksatnamalaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmäge, Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etjekdigini bellediler.