Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 864
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşyna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň guramaçylyk derejesiniň pesdigine ünsi çekip, bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi. Aýratyn-da, welaýatyň Ak bugdaý etrabynda (häkimi Rejepgeldi Gurtow), Derweze etrabynda (häkimi Baýrammyrat Mämmedow) we Baharly etrabynda (häkimi Muhammetgeldi Porhanow) bugdaý ekişiniň talaba laýyk guralmandygyny aýtdy we onuň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle-de milli Liderimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Kaka etrabynda (häkimi Döwletgeldi Hezretgulyýew), Ak bugdaý etrabynda (häkimi Rejepgeldi Gurtow) we Derweze etrabynda (häkimi Baýrammyrat Mämmedow) pagta ýygymynyň pes derejede guralandygyny belläp, onuň sebäplerini seljerip, ýygymyň depginini güýçlendirmegi häkimden berk talap etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de güýzlük bugdaý ekişinde ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwrüň möhüm meselesidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda bugdaý ekişiniň depginleri bilen gyzyklanyp, Magtymguly etrabynda (häkimi Ahmet Muhammedow), Bereket etrabynda (häkimi Nurahmet Gylyjow) bugdaý ekişiniň guralyşyna nägilelik bildirdi we bu möhüm işiň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmagy üçin zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek we möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini birkemsiz geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerine nägilelik bildirdi. Aýratynda hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda (häkimi Baýmyrat Handurdyýew), Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda (häkimi Röwşen Orazdurdyýew) we Ruhubelent etrabynda (häkimi Begenç Töräýew) bugdaý ekişiniň ekişiň depginini güýçlendirmek üçin degişli guramaçylyk çärelerini görmegi häkimden berk talap etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda-Ruhubelent etrabynda (häkimi Begenç Töräýew) we Boldumsaz etrabynda (häkimi Begmyrat Arazow) pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygynyň sebäplerini seljermegi hem-de ýygymyň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini, umuman, welaýatda oba hojalyk işlerini guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýdyp, häkimiň işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda güýzlük bugdaý ekişiniň barşyna ünsi çekip, Garabekewül etrabynda (häkimi Azat Joraýew), Hojambaz etrabynda (häkimi Begmyrat Döwletow) we Döwletli etrabynda (häkimi Serdar Akyýew) bugdaý ekişiniň talabalaýyk guralmandygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, işleri guramakda häkimiň işiniň netije bermeýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Birata etrabynda (häkimi Çary Astanow), Döwletli etrabynda (häkimi Serdar Akyýew) we Köýtendag etrabynda (häkimi Azat Bäşimow) pagta ýygymynyň pes derejede guralandygyny aýtdy we onuň sebäplerini seljerip, häkimden bu ugurda netijeli işleri alyp barmagy talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depgininiň pesdigini belläp, bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, Altyn sähra etrabynda (häkimi Meýlis Gurbanmuhammedow), Murgap etrabynda (häkimi Esenmyrat Esenow) we Türkmengala etrabynda (häkimi Magtymguly Saryýew) bugdaý ekişiniň depgininiň örän pesdigini aýtdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň birnäçe etraplarynda, aýratyn-da, Altyn sähra etrabynda (häkimi Meýlis Gurbanmuhammedow), Baýramaly etrabynda (häkimi Atamyrat Ýagmurow) we Murgap etrabynda (häkimi Esenmyrat Esenow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýdyp, bu babatda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, onuň depginlerini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmaýandygyny aýdyp, bu babatda zerur işleri geçirmegi wise-premýerden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi babatda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde hem-de öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.