Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşygy

view-icon 864
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýanyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž bilen duşuşdy.

İki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmadaşlygyň ileri tutulýan meseselerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň döwletara gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sahiagiýn Elbegdorž deňhukuklylyk esasda guralýan, uly mümkinçiliklere eýe bolan türkmen-mongol gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýete eýedigini nygtadylar. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, Nýu-Ýorkda geçirilýän BMG-niň ählumumy sammitiniň wajypdygyny bellediler. Ol 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge ýardam bermelidir.

Şunuň bilen baglylykda, mongol Lideri Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat ugruna we onuň halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde eýeleýän möhüm ornuna ýokary baha berdi. Ýurdumyzyň bu möhüm orny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu Bütündünýä forumynda eden çykyşynda tassyklanyldy. Şunda türkmen döwletiniň Baştutanynyň beýan eden teklipleriniň wajypdygy nygtaldy. Şol başlangyçlar bolsa durnukly ösüşiň we ählumumy abadançylygyň maksatlaryna ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Pursatdan peýdalanyp, Mongoliýanyň Prezidenti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, mongoliýaly kärdeşini şanly sene mynasybetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

İki döwletiň Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, dürli pudaklarda, şeýle hem işewürler toparlarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdylar. Golaýda Ulan-Batorda geçirilen birinji türkmen- mongol işewürler maslahaty hem muňa ýardam etmelidir. Türkmenistanyň başyny başlaýan halkara ähmiýetli iri taslamalaryny nazara almak bilen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça giň mümkinçilikler açylýar.

Şunuň bilen birlikde, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sahiagiýn Elbegdorž netijeli ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 22-24-nji sentýabrda üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleriniň hem-de bilelikdäki döredijilik çärelerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sahiagiýn Elbegdorž hoşlaşanlarynda, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň hem-de Mongoliýanyň bu gatnaşyklara kuwwatly itergi beriljekdigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyny ýene-de bir gezek tassykladylar. Munuň özi iki dostlukly halkyň hyzmatdaşlygynyň kuwwatyna hem-de bähbitlerine doly laýyk gelýär.