Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çyong Tan Şang bilen duşuşdy.
Iki ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmaga hem-de halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Duşuşygyň barşynda Prezident Çyong Tan Şang ählumumy howpsuzlyk, suw strategiýasy, ekologiýa meselelerinde, gumanitar ulgamda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi hem-de BMG-niň halkara düzümleri bilen oňyn gatnaşyklar ugruna ygrarly bolan Türkmenistanyň işjeň ornuna ýokary baha berip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň düýn BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden çykyşynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlaryny diňe bir türkmen halkynyň milli bähbitlerine däl, eýsem, tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýändigini, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary, aýratyn-da, Wýetnam bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 20 ýyldan gowrak wagt boldy.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler diňe parahatçylyk dörediji taslamalaryň islendik ýurduň, şeýle hem tutuş adamzadyň ýagty geljegine ygtybarly köprüler bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistan özüniň yzygiderli daşary syýasat başlangyçlarynda hut şulardan ugur alýar. Şol başlangyçlar bolsa, sözüň doly manysynda ählumumy howpsuzlygyň täze ulgamyny döretmegiň taslamalary bolmak bilen, häzirki döwürde dünýäde durnuklylygy hem-de okgunly ösüşi üpjün etmäge ýardam etmelidir.
Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň giň ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny höweslendirmek, dünýäde senagat önümçiligini ösdürmek, energetika we ulag ulgamlarynda işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly halkara şertlerini üpjün etmegi hem BMG-niň işiniň strategiki maksatlary hasaplaýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, ýangyç-energetika toplumy, dokma pudagy, syýahatçylyk geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar, şol sanda taraplaryň ylym-bilim we medeni maslahatlara gatnaşmagy iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara düşünişmegini pugtalandyrmaga ýardam eder. Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda bar bolan mümkinçilikler haryt dolanyşygynyň möçberleriniň has-da artmagynda möhüm şerti emele getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çon Tan Şangy şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitarpalygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Milli Liderimiz Wýetnamyň baştutanynyň bu maslahat gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerlemegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtady. 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna wýetnamly türgenleriň gatnaşmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz olara üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.