Ï Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 777
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Raýmonds Weýonis bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurtlaryň Liderleri mähirli salamlaşyp, türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkiniçlige kanagatlanma bildirdiler.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Raýmonds Weýonis hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň belent münberinden eden çykyşyna ýokary baha berip, öz ýurdunyň türkmen döwletiniň ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Latwiýanyň soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge çalyşýandyklaryny bellediler.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary, senagat we oba hojalygy, şeýle hem däp bolan ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Söhbetdeşler sport we syýahatçylyk ulgamynyň hem türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtadylar. Ýurtlaryň ikisi hem bu ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýärler.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini we möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Latwiýanyň uly mümkinçilikleri bardyr. Şunlukda, söwda-ykdysady, senagat, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa hökümetara topary döredildi. Bellenilişi ýaly, toparyň üçünji mejlisi 2016-njy ýylda Riga şäherinde geçiriler. Özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi iki ýurduň amatly geoykdysady mümkinçilikleriniň bardygy bilen hem şertlendirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň halkara ulag-logistika düzümini ösdürmekde, söwda-üstaşyr geçelgeleri, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça geçelgeleri döretmekde möhüm şertleriň biri bolup biljekdigini belledi. Ulag ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň noýabrynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-latwiýa iş topary döredildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk maglumat-tehnologiýalar, aragatnaşyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda Latwiýanyň toplan oňyn tejribesine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, iki ýurduň Ylymlar Akademiýalarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Prezident Raýmonds Weýonis Latwiýanyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, türkmen-latwiýa işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi has ysnyşykly gatnaşyklar we bilelikde netijeli işlemek üçin mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýanyň Baştutany iki ýurduň kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň arasynda göni işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýanyň Türkmenistanyň geljegi uly ykdysady hyzmatdaşlyrynyň biri bolup durýandygyny belläp, türkmen tarapynyň deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan dostlukly türkmen-latwiýa gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.

Söhbetdeşler halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň hem birnäçesini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki döwrüň möhüm meselelerini, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde Türkmenistanyň we Latwiýanyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýa Respublikasynyň Baştutany türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesniň ähmiýetini nygtap, türkmen Liderini şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow latwiýa tarapynyň Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji daşary syýasat başlangyçlaryny goldaýandygyny we ýurdumyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesini goldap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi baradaky Rezolýusiýasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz latwiýaly kärdeşini Aşgabada gelmäge hem-de şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.