Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul – Fattah Halil As-Sisi bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentleri ilkinji duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, köpugurly kuwwaty nazara almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler.
Duşuşygyň barşynda Müsüriň Prezidenti Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk dörediji syýasatyna ýokary baha berdi. Bu syýasat bolsa Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti boldy. Müsür Arap Respublikasynyň Baştutany türkmen döwletiniň Baştutanynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy. Şol başlangyçlar bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşynda öňe sürüldi.
Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Müsür Arap Respublikasy bilen, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söhbetdeşler syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdyp, soňky ýyllarda dünýä syýahatçylygynyň geljegi uly merkezleriniň birine öwrülýän Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi bilen baglylykda, degişli düzümleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny bellediler. Syýahatçylyk ulgamynda Müsüriň baý tejribesi bardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit we ählumumy syýasatyň wajyp meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Müsüriň Baştutanyny şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabada gelmäge hem-de Türkmenistanň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul-Fattah Halil As-Sisi çakylyk üçin hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň ähli başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-müsür gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň halklarynyň hoşmeýilli erk-islegi we döwletara hyzmatdaşlygynyň bar bolan uly kuwwaty esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.