Şu gün Türkmenistanda dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Gurban baýramy bellenilip başlandy. Mukaddes baýramyň birinji gününde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda gurbanlyk sadakasyny berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň nyşany bolan Gurban baýramy jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini, häzirki nesilleriň ata-babalarymyzyň belent ruhy gymmatlyklaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Halkymyzyň durmuş ýörelgelerini özünde jemleýän biziň özboluşly medeniýetimiz türkmen halkynyň geçen köp müňýyllyk ýolunyň dowamatlylygynyň nyşany bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerilip, geljege gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar, her bir ynsanyň içki dünýäsini bezeýän hem-de mertebesini belende galdyrýan ruhy gymmatlyklary we däp-dessurlary gaýtadan dikeldilýär hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Adamlarda päklik, asyllylyk, ynsanperwerlik hem-de kämillige ymtylyş ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýän türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleri diňe bir aýry-aýry milletleriň ýa-da halklaryň däl, eýsem, tutuş dünýä ösüşine täsir edýän esasy häsiýetlerdir. Türkmen halky medeni-ahlak gymmatlyklary döretmäge mynasyp goşant goşdy. Şol gymmatlyklar bolsa ýer ýüzünde ynsanerwerligi, açyklygy we birek-birege hormat goýmagy berkarar etmäge gönükdirilendir. Ene-atalarymyza hormat goýmak, dogruçylyk, wepalylyk, hoşniýetlilik türkmen jemgyýetiniň gadymdan gelýän durmuş ýörelgeleri bolmak bilen, ol ýaşlary ruhy-ahlak ruhunda terbiýelemekde ynsanperwerligiň ýokary nusgasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gurban baýramy ruhubelentligi hem-de milli bitewiligi alamatlandyrýan şanly baýramçylyk hökmünde halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakdaky Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly işewürler, şeýle hem din işgärleri, hormatly ýaşulular, başga-da köpsanly adamlar garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kümmete gül dessesini goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady. Çärä gatnaşyjylaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, kümmete gül desselerini goýdular. Bu ýerde aýat-doga okaldy.
Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň we onuň ýakynlarynyň aramgähine bardy. Bu ýerde merhumlary hatyralap aýat okaldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz sadaka berilýän ýere bardy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna eýerip, şu gün Gurban baýramynda ýurduň ähli ýerlerinde sadaka berilýändigini, ýagşy umyt bilen doga-dilegleriň edilýändigini belledi. Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli şu gün ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazy okaldy, sadakalar berildi. Okan namazyňyz, beren sadakaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlendi.
Milli Liderimiz halkymyzyň däp-dessurlaryny saklamaga we ösdürmäge uly üns berilýändigini, Gurban baýramynyň milli däplerimize laýyklykda, her ýyl döwlet derejesinde giňden bellenilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary we tutuş halkymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ýetp gelýän 24 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, geçen çärýek asyra golaý döwrüň içinde örän köp işler amala aşyrylandygyny, türkmen topragy tanalmaz derejede özgerendigini, berkarar döwletimiziň obalaryna we şäherlerine dürli maksatly häzirki zaman desgalaryň görk berýändigini nygtady.
Ýurdumyzyň ykdysadyýeti ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösdürilýär, gazanylýan ägirt uly üstünlikler barada ýakynda Awazada geçirilen Ýaşulular maslahatynda giňden durup geçdik, şunlukda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri kesgitledik, bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň parahat we asuda durmuşda bolelin ýaşamaklary ugrunda amala aşyrylýandygy bellemelidirsi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şu ýylyň dekabr aýynda Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna 20 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň iň täze taryhynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly senäni giňden belläp geçeris diýip, bellemek bilen, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyk söýüji bitaraplyk syýasatyny alyp barýandygyny, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady.
Şu gün bolsa biz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugraýarys, ol ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň şanly 70-nji mejlisine gatnaşarys we onda dünýä döwletleriniň Baştutanlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek barada pikir alşarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek boýunça möhüm meseleleriň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz munuň özi Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň müftisine ýüzlenip, tebärek çykmagy haýyş etdi. Asylly däbe görä, gurbanlyk sadakasy mynasybetli tebärek çykyldy.
Soňra bu günki çärä gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň töwir galdyryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýene-de bir gezek doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi. “Kabul bolsun! Goý, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gurbanlyk sadakasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, gol çeken Permanyna laýyklykda Gurban baýramynyň bellenilýän günleriniň (24-25-26-njy sentýabr) iş günleri däl diýlip yglan edilendigini bellemelidiris.
Gurban baýramy özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar we özüne ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlaryny hem-de milletiň ruhy gymmatlyklaryny birleşdirýär. Bu baýramçylyk biziň nesillerimizi ruhy we ahlak päkligine, asylly işlere gönükdirip, türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Gurban baýramy milli däp-dessurlara laýyklykda, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk dabaralary geçirilýär, her bir maşgalada saçaklar giňden ýazylýar, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi barada aýat-doga okalýar, iň gowy arzuwlar aýdylýar. Munuň özi bolsa halkymyzy has-da jebisleşdirýär.
Milli däp-dessurlarymyzyň aýratyn gymmatlygy olaryň nesilleriň we döwürleriň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýändiginden, ýaşuly nesle hormat-sarpany artdyrýandygyndan ybaratdyr. Bu däp-dessurlar türkmen halkynyň dünýägaraýşyna we ahlak ýörelgelerine berk ornaşdy. Onuň asylly ýörelgeleri bolsa milletimiziň jebisliginiň, bitewiliginiň, parasatlylygynyň girewi bolup durýar.
Halkymyzyň jebisligi hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde üçünji müňýyllygyň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ählumumy ähmiýete eýe bolan giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenleriň köpasyrlyk arzuwlary hasyl bolýar, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri dabaralanýar. Häzirki wagtda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa özygtyýarly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşmakdan, türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbini düýpli özgertmekden ýurdumyzy ähli ulgamlarda ösüşiň täze belentliklerden çykarmakdan ybaratdyr.
Türkmen halky beýik geljegine uly ynam bilen garaýar. Bagtyýar durmuşda ýaşaýan we döredýän iledeşlerimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünden görüjilikli parasatly syýasatyna, ynsanperwerlik ýörelgelerine tüýs ýürekden buýsanýarlar.