Ï Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 656
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanlary mähirli görşüp, döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Rumyniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň belent münberinden eden çykyşyna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Şol başlangyçlar ýurdumyzyň sebit hem-de dünýä howpsuzlygy, suw strategiýasy, ekologiýa, bilim we durmuş ulgamlary meselelerinde Milletler Bileleşigine agza döwletleriň hemmesi, BMG-niň guramalary, edaralary, agentlikleri hem-de institutlary bilen işjeň gatnaşyklara çemeleşmeleriniň oňynlygyny kesgitleýär.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler durnukly ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Hazar we Gara deňiz sebitleriniň kuwwatyny birleşdirmäge hem-de halkara ýük daşamalary üçin täze ykdysady ugurlary üpjün etmäge gönükdirilen üstaşyr-ulag geçelgesini döretmegiň taslamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Rumyniýanyň Prezidenti Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň giňelýändigini belläp, Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna ýardam etjek sebit birleşmesinde Türkmen döwletiniň tagallalarynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, rumyn Lideri owgan meselesi, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine özara gatnaşyklaryň netijeli sebit usuly üçin ygtybarly binýady döretmek boýunça Türkmenistanyň täze başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Howpsuzlyk, ekstremize we terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna garşy göreşmek meselelerinde Türkmenistanyň aýgytly ugruny esaslandyrmak bilen, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy diňe bilelikde jogap berip boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady, serişde, üstaşyr mümkinçiliklerini Merkezi Aziýa sebitiniň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny nygtap, bu tagallalaryň geljekde hem taraplaryň köpsanlysyny çekjekdigine ynam bildirdi. Olar üçin Merkezi Aziýanyň, Ýewraziýa yklymynyň we tutuş dünýäniň ykbaly gyzyklanma döredýär.

Söhbetdeşler duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň barşyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary görkezildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Klaus Ýohannis Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolan medeni hem-de ylym-bilim gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek barada pikir aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannisi şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.