Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç bilen duşuşdy.
Iki dostlukly ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan hem-de kuwwatly ösüşe eýe bolan türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdiler.
Hanym Kolinda Grabar-Kitarowiç özüni BMG-niň ygtybarly hem-de örän jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezen ýurduň –Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak mümkinçiligine örän şatdygyny beläp, häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek boýunça halkara gepleşiklerinde türkmen döwletiniň işjeň ornuny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Horwatiýanyň Baştutany türkmen Liderini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden çykyşynyň üstünlige eýe bolmagy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen täze oňyn başlangyçlarynyň möhümdigini aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini we ony uzakmöhletleýin esasda guraýandygyny nygtap, türkmen tarapynyň bu hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny, häzirki döwrüde adamzady tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga gönüden-göni gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Horwatiýanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy we olar awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Özara düşünişmek we işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Horwatiýada Türkmenistan üçin “Bagtyýarlyk” we “Berkarar” gämilerini gurup bermeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, şeýle hem iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni we netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, 2015-nji ýylyň maý aýynda Horwatiýanyň Zagreb şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini, taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda, 2016-njy ýylda ýurdumyzda Horwatiýanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigini nygtady.
Şeýle hem syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly ähmiýeti bardyr. Bu ugurda Horwatiýa uly tejribe toplady. Biziň ýurdumyz oňa uly gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, milli Liderimiz dürli ugurlar, hususan-da, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.
Energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk ulgamlary, senagat pudaklarynyň birnäçesi, şol sanda maşyn gurluşyk, şeýle hem özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesini toplan gämi gurluşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Horwatiýanyň Prezidenti horwat işewürler toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiçi Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabrynda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti dostluk we uzakmöhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýan hem-de taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmaga meýillidigine esaslanýan türkmen-horwat gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.