Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky özara bähbitlii hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek Ulan-Bator şäherinde geçirilen işewürler maslahatynyň esasy meselesi boldy.
Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň ýardam bermeginde geçirilen duşuşyga gatnaşmak üçin Mongoliýanyň paýtagtyna Türkmenistanyň wekiliýeti geldi, onuň düzüminde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň – ykdysadyýet we ösüş, energetika, söwda we daşary ykdysady aragtnaşyklar, azyk we dokma senagaty, saglygy goraýyş, awtoulag, şeýle hem “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň, “Türkmenpagta” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bar.
Mongol tarapyndan maslahatyň işine energetika, dokma önümlerini öndürmek hem-de ýerlemek, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän hem-de azyk senagaty, logistika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, maslahat hyzmatlaryny bermek hem-de beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen döwlet we hususy kärhanalarynyň 30-synyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ilkinji gezek geçirilýän we Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýän türkmen-mongol işewürler maslahatynyň möhüm ähmiýetini nygtadylar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, Türkmenistanyň okgunly ösüş depginlerini, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň täze – senagat nusgasy çalt depginler bilen netijeli ösdürilýär, ol örän baý tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna hem-de ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigine, innowasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna, önümçiligi guramagyň häzirki zaman usullaryna esaslanandyr. Kärhanalary döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän düzümleriň kemala getirilmegi boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli üns berilýär. Şunda hususy telekeçilige, kiçi we orta işewürligiň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly goldaw berlýär.
Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty babatynda hem-de hereket edýän milli kanunçylyk barada giň maglumatlar berildi, onda, hususan-da, ýurdumyzda işleýän maýa goýujylar, daşary ýurt şereketleri we kompaniýalary üçin ep-esli salgyt, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikler göz öňünde tutulandyr.
Mongoliýanyň işewür toparlarynyň wekilleri öz ýurdunyň söwda-ykdysady we serişdeler kuwwaty barada çykyş edip, hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary boýunça, şol sanda dag-magdan senagaty, oba hojalygy, maldarçylyk hem-de beýleki ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, döwlet we hususy düzümleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we mundan beýläk gatnaşyklary giňeltmegiň meýilnamalary anyklaşdyryldy. Gepleşiklere gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary, hususan-da, haryt dolanyşygynyň, iki ýurduň ekologiýa taýdan arassa dokma, maldarçylyk we oba hojalyk önümleriniň import –eksport boýunça iberilişiniň möçberlerini artdyrmagyň hasabyna giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak baradaky pikiri beýan etdiler.
Mongoliýanyň işewürler toparlary Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň ulag-üstaşyr düzümlerini peýdalanmagyň hasabyna türkmen tebigy gazyny almagyň mümkinçiliklerine hem gyzyklanma bildirdiler.
Türkmen wekiliýetiniň Ulan-Batoryň senagat kärhanalarynyň birnäçesine baryp görmeginiň barşynda ýakyn işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak meselesi baradaky gürrüň dowam etdirildi.