Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, ertir başlanýan we ýurdumyzda döwlet derejesinde üç günüň dowamynda giňden bellenip geçilýän mukaddes Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, iň ajaýyp däplerini özünde jemleýän, göwünlere şatlyk paýlaýan mübärek baýramdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, agzybir we jebis halkymyz bu mukaddes baýramy ata Watanymyzda asuda durmuşyň höküm sürmegi, nesilleriň bagtyýar geljegi baradaky ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mübärek Gurban baýramy mähriban halkymyzyň abadan, bolelin we agzybir durmuşda ýaşaýandygyny aýdyň görkezýär. Bu gadymy baýram ynsanyň haýyr-sahawatly, ruhy taýdan päk we hoşniýetli bolmak ýaly iň gözel hem-de asylly häsiýetlerini ündeýär. Ynsanperwerligi we rehim-şepagatly bolmagy wagyz edýär. Parahatçylyga, hoşniýetli gatnaşyklara we dost-doganlyga çagyrýar.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, berkarar döwletimiziň abadançylygy üçin sadakalar berilýär we ýagşy doga-dilegler edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täze many-mazmuna eýe bolan Gurban baýramy mähriban halkymyzy has-da jebisleşdirýän ruhy güýje öwrülýär.
Mukaddes Gurban baýramynyň bellenýän günlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň berkararlygy, mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de parahat durmuşda ýaşamagy üçin berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, egsilmez bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ünsüni ýakyn günlerde dünýä derejesinde geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere çekdi. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşar diýip, hormatly Prezidentimiz bu taryhy ähmiýetli mejlisde çykyş etmek hormatyna mynasyp bolduk diýip, buýsanç bilen aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberinden biz häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän möhüm wakalar bilen bagly öz garaýyşlarymyzy beýan ederis. Şeýle hem bu Guramanyň maksatnamalarynda ýakyn geljek üçin kesgitlenen belent wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen başlangyçlarymyz bilen dünýä bileleşigine ýüzleneris.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ygtybarly esas goýýan giň gerimli özgertmelere, şeýle hem öňe sürülýän, global howpsuzlygyň düýbünden täze binýadyny hem-de sebitde we dünýäde oňyn ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG bilen köp ýyllyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdi. Soňky ýyllarda üstünlikli amala aşyrylan bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar şol gatnaşyklaryň netijelidigine aýdyň şaýatlyk edýär. Olar üçünji müňýyllygyň global maksatlaryny gazanmaga we milli maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Soňky döwürde Türkmenistanyň we Milletler Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar has işjeň we netijeli häsiýete eýe bolup, möhüm ugurlaryň birnäçesini—howpsuzlyk meselelerinden başlap, demokratiki edaralary ösdürmäge, daşky gurşawy, gender syýasatyny goramaga, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny döretmäge gönükdirilen ugurlary öz içine aldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ekologiýa ugry global durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, degişli ugurda biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçirilen “Rio+20” Bütindünýä maslahaty, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen III Bütindünýä maslahaty hem-de Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumy ýaly iri halkara maslahatlarynyň belent münberlerinden birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi. BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde bu möhüm ugurda oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda çykyş eden Türkmenistan tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek hakynda öňe sürýän başlangyjynyň möhüm ähmiýetini belledi. Onuň döredilmegi üçin türkmen tarapy Aşgabat şäherinde zerur bolan düzümi bermäge taýýardyr. Kanunçylyk derejesinde kabul edilen howanyň üýtgemegi barada milli strategiýa hem ýurdumyzyň umumy tagallalara uly goşandydyr.
Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny döretmegiň milli ykdysadyýetleriň we durnukly global ösüşiň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, adamzat üçin bu möhüm ugurda dünýä tejribesini we halkara hyzmatdaşlygyny seljermegiň hem-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Häzir Türkmenistan bütin dünýäde diňe ykdysady taýdan durnukly ýurt hökmünde däl-de, eýsem, azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde hem meşhurlyga eýe boldy. Bereketli türkmen topragynda öndürilen önümler ýokary hili bilen tapawutlanyp, munuň şeýledigi, ilkinji nobatda, olaryň adam saglygy üçin peýdaly bolan ölçegi bilen kesgitlenýär.
Bütin dünýäde, şol sanda ýurdumyzda azyk önümleriniň önümçilik ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary netijeleri gazanmaga hem-de döwür bilen aýakdaş gitmäge ýardam edýär. Bularyň hemmesi dünýäde azyklyk serişdelerini adalatly we netijeli bölmek ýaly möhüm işi ara alyp maslahatlaşmagyň meselesine öwrülmelidir. Türkmenistan öz eksport kuwwaty bilen bu işe mynasyp goşandyny goşup biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Milli Liderimiz bu hyzmatdaşlygyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlarda maksada gönükdirilen işleriň geçirilmegini ugur edinýändigini belledi. Biziň ýurdumyz BMG-niň agzasy bolan döwletleriň Milletler Bileleşiginiň global parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara bileleşiginiň esasy guraly hökmünde görülýän işiniň has netijeli, açyk we demokratiki häsiýete eýe bolmagy ugrunda edýän tagallalaryny goldaýar. Hut şonuň üçin Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygy netijeli, yzygiderli we özara gyzyklanma bildirilýän häsiýete eýe bolup, täze many-mazmun bilen baýlaşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny üýtgewsiz goldaýandyklary üçin BMG-niň agza döwletleriniň ählisine Türkmenistanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny bitaraplyk, parahatçylyk we ösüş meselelerine bagyşlanyp geçiriljek Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherine gelmäge we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli guraljak dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri, ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda BMG-niň Bas Asambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna görlen taýýarlyk barada hasabat berdi. Şol mejlisiň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüşiň meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçiriler.
Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Baştutanynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hem-de käbir daşary döwletleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň BMG-niň ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşy bolmak bilen, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly goşant goşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklar meselesinde işjeň orny eýelär. Şol düzümler bilen bilelikde dürli ugurlarda birnäçe taslamalar we maksatnamalar amala aşyryldy we aşyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bas Asambleýasynyň 70-nji mejlisiniň hem-de Ykdysady ösüş boýunça global duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigini barada aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ-a boljak iş saparyna taýýarlygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýewi şol bir wagtda ýurdumyzyň Estoniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A. Nurberdiýewa ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de deputatlaryň jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen alyp barýan işleri barada habar berdi.
15-18-nji sentýabrda türkmen parlamentarileriniň Mongoliýanyň paýtagtynda geçirilen ÝHHG-niň parlament assambleýasynyň güýzki mejlisine gatnaşandygy bellenildi. Tejribe alyşmak we parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti iş sapary bilen Ýerewanda bolýar.
Hormatly Prezidentimiz kanunçykaryjylyk işlerini mundan beýläk-de döwlet ösüşiniň häzirki tapgyrynda ileri tutulýan ugurlary nazarda tutmak arkaly alyp barmagyň zerurdygyna milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de kanunçykaryjylyk we ýurdumyzy demokratik hem-de düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly boýunça üstünlikli öňe ilertletmek babatda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksadynda iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Mejlisiň mundan beýläk-de yzygiderli işlemeginiň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şol sanda ýokary we ýokary okuwdan soňky hünärmenlik bilimi ulgamyny ösdürmek maksady bilen geçirilýän çäreler hakynda, 2015-2016-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurtly raýatlary kabul etmek hakynda kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine Owganystanyň raýatlarynyň toparyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Soňra wise-premýer Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk, şeýle hem 1-nji oktýabrda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara we daşary ýurt raýatlaryny 2015-2016-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek hakynda Buýruga gol çekip, wise-premýere bu resminamalaryň ýerine ýetirilmegine hem-de daşary ýurtlardan gelen talyplaryň bilim almagy we ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň üpjün edilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Owganystan bilen okuw-bilim gatnaşyklarynyň ýylsaýyn berkeýändigini aýdyp, milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisini gurmak hem-de bu ägirt uly taslamanyň çäklerinde bilelikde işlemek üçin ýaş owgan hünärmenlerini taýýarlamagyň zerurlygy bilen baglylykda, şol gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň halkara gününiň hormatyna çäreleri geçirmek barada hem görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlarynda işleriň ýagdaýy hem-de iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý nebitgaz serişdelerini netijeli we oýlanyşykly peýdalanylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, depginli ösdürilmegi sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen gazy gaýtadan işleýän pudaga uly ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere täze tehnologiýalary we enjamlary önümçilige giňden ornaşdyrmagyň meselelerini aýratyn gözegçilige almagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, ýurdumyzyň energetika senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň barşy, paýtagtymyzda ulanylmaga taýýar edilen birnäçe möhüm täze desgalarda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we inženerçilik-tehniki, energetika we durmuş düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de edaralaryň işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmek, döwrebaşlaşdyrmak, häzirki zaman ulaglary bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köp ugurly ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmegiň, ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr geçirmek, serişde mümkinçiligini peýdalanmagyň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň tehnologiýa taýdan üpjünçiligine döwletimiziň uly üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň edaralarynyň işini dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak üçin täzeçe çemeleşmeleri we işiň anyk meýilnamalaryny ulanmak arkaly hil derejesini üpjün etmäge gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryşy P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda durky täzelenen “Altyn asyr” söwda merkezini açmaga görülýän taýýarlyk barada aýtdy. 8 gatly binada azyk we senagat harytlarynyň söwdasyny edýän dükanlaryň 17-si, jemgyýetçilik iýmiti bölümleriniň 5-si, çagalar üçin oýun oýnalýan ýer we beýlekiler bar..
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ilata edilýän söwda hyzmatyny kämilleşdirmekde telekeçileriň işjeňligi, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan harytlaryň täze görnüşlerini özleşdirmek babatda işjeňligi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere marketing ylmynyň dünýä tejribesini ornaşdyrmak, halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna ibermek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz alyjylara hyzmat etmegiň, şol sanda durky doly täzelenen “Altyn asyr” söwda merkezinde hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny, Gurban baýramynyň bellenilýän günleri baýramçylyk söwdasynyň degişli derejede guralmagyny üpjün etmek barada wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-belarus hökümetara toparynyň işi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň işewürler maslahaty barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat pudagyny, şol sanda himiýa pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly amala aşyrmaga, çig mal serişdelerini peýdalanmaga gönükdirilendigini, munuň dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşleriniň hasabyna türkmen eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň köp ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýändigini belläp, türkmen-belarus işewürler maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kerwenbaşysy bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky dag magdan baýlaşdyryjy toplumda işlemek üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde degişli bilim alan ýaş hünärmenleriň degişli kärhanalarda hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň, ýurdumyzyň salgyt we statistika edaralarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Bu meýilnama “Saglyk-2020” syýasaty babatda Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde hem-de Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Kanunyny ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistana getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, Türkmenistanda öndürilýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady düzümleriniň öňünde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belläp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmek, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň zerurdgyny nygtady. Şu babatda milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen uly özgertmeler maksatnamlarynyň ýerine ýetirilişine öz wagtynda gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz temmäkini ulanmaga garşy göreşmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistana getirilýän temmäki önümlerini we alkogolly içgileri, Türkmenistanda öndürülýän alkogolly içgileri goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlamagy göz öňünde tutýan Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanmyz wisa-primýerler B.Hojamämmedowa we P.Taganowa, Içeri işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylaryna bu resminamanyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde onuň maksatlaryny we ähmiýetini düşündirmek boýunça degişli işleri guramagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümleriniň barşy bilen baglanyşykly meseleler we güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde bellenilen netijeleri gazanmak ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmegini wise-premýerden talap etdi. Pagta ýygymy barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň öz wagtynda tamamlanmagynyň obasenagat toplumynyň ykdysadyýetiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynda, eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda, ýurdumyzyň dokma pudagynyň gymmatly çig-mal bilen üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Güýzlük däne ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri häzirki döwürde sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýerlerde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdiler.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere we milli baýramçylyklara taýýarlyk işleri, dürli maksatly binalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, olaryň öz wagtynda tabşyrylmagy we gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda ýaýbaňlandyrylan gözegçilik işleri hakynda-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi ýaly möhüm möwsümleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň döwrüň wajyp talabydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, möhüm möwsümleriň guramaçylykly geçirilmegine dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan mübärek Gurban baýramyny guramaçylykly geçirmek, oňa adamlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, baýramçylyk mynasybetli işlenip taýýarlanylan medeni meýilnamanyň göwnejaý derejede geçirilmegini ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda birleşen tagallalaryň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň häkimi häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň ähli künjeklerinde abadançylygy, arassaçylygy üpjün etmek, ilatyň durmuş düzümini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim mübärek Gurban baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şäheriň merkezi meýdançalarynda, ýöriteleşdirilen künjeklerinde bu baýramyň baş nyşany bolan hiňňillikleriň 60-synyň dikilendigini, olaryň ýanynda guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan ähli işleriň, durmuşa geçirilýän çäreleriň nusgalayk derejede bolmalydygyny belläp, şäheriň ähli düzümlerini sazlaşykly ösdürmek, şäher ilatynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzda mukaddes Gurban baýramy mynasybetli dabaraly çäreleriň degişli derejede guralmagy, baýramçylyk günlerinde ähli düzümleriň, şol sanda ulaglaryň hereketiniň, ilatyň durmuş ulgamyna degişli serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, kanunçylygy kämilleşdirmek, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüni berkitmek, barada hasabat berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň gulluk we durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň harby-türgenleşik okuwlaryna we ata Watanymyzda giňden bellenilýän şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz halkymyz üçin möhüm we örän ähmiýetli bolan Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp derejede garşylamak hem-de baýramçylyk mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de bu babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzda tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny nygtap, bu ugurda zerur çäreleriň geçirilmelidigini we degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini aýratyn nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.