Ï “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň üçünji jilti koreý dilinde neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň üçünji jilti koreý dilinde neşir edildi

view-icon 852
«Sergi kösgi» merkeziniň sergi zalynda Х Halkara kitap sergi-ýarmakasynyň çäklerinde lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, akademik Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” ensiklopedik eserini üçünji jiltiniň koreý dilinde çap edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we lukmançylyk jemgyýetçiliginiň wekilleri, medeniýet işgärleri, şeýle hem koreý wekilýeti gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşan Koreýa Respublikasy bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Dostluk assosiýasynyň başlygy Li Ok Rýon “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň öň 2012-nji ýylda koreý diline terjime edilip çap edilen kitabynyň birinji we ikinji jilitleri dürli edaralara – ylmy merkezleriniň, okuw mekdepleriniň, kitaphanalaryň takmynan 2000 berildi diýip, belledi.


Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmen döwletiniň baştutanynyň ösümlikleriň bejerijilik häsiýetlerini we aýratynlyklaryny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini bellediler. Dermanlyk ösümliklerine bolan hem-de olardan alynýan derman serişdelerine bolan gyzyklanmanyň yzygiderli artýandygy has hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Şonuň üçin hem “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-gözleg işleri dürli ýurtlaryň alymlarynyň ünsüni özüne çekdi. Bu ajaýyp ylmy iş daşary ýurt halklarynyň onlarçasynyň, şol sanda koreý, hytaý, ýapon dillerine, Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň halkalrynyň dillerine terjime edildi. Indi koreý okyjylary bu kitabyň üçünji jiltini öz ene dillerinde okap bilerler.