Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş meseleleri boýunça Sammite gatnaşmak üçin ABŞ-da iş saparynda bolandan soň, Aşgabada gaýdyp geldi.
Türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Ýygnananlar milli Liderimizi halkara bileleşiginde giň oňyn seslenme döreden Nýu-Ýorkdaky üstünlikli çykyşy bilen tüýs ýürekden gutladylar, BMG-niň ýokary derejeli Sammitinde ýygnanan abraýly dünýä liderleriniň arasynda ilkinji bolup Milletler Bileleşiginde bütin dünýä möçberinde pikir ýöredýän we täze döwrüň görnükli syýasatçysy hökmünde mynasyp ykrar edilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berlendiginiň türkmen halkynda ägirt uly ruhy ýokary göteriliş döredendigini buýsanç bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň belent münberinden beýan edilen anyk teklipleriň dünýäniň ähli halklarynyň abadançylygyna we gülläp ösüşine, umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Bu teklipleriň Milletler Bileleşigi tarapyndan makullanylmagy we goldanylmagy türkmen Lideriniň dünýädäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmeginiň bähbidine BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň geljekde hem halkara bileleşiginiň tagallalaryna işjeň gatnaşmagy, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmaga gyzyklanma bildirýändigini we BMG-niň ählumumy maksatlaryny durmuşa geçirmekde Aziýadaky geljegi uly we netijeli merkeze öwrülmegi maksat edinýändigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow Türkmenistanyň halkara başlangyçlary bilen baglanyşykly meseleleri barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýäniň ösüş maksatlary boýunça umumydünýä ýagdaýyna ägirt uly goşant goşýandygyny belledi. Şeýle hem wise-premýer bu babatda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen çäreleriň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş üçin täze ählumumy Gün tertibinde bellenilen maksatlaryň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmegi, şeýle hem bu babatda öňde durýan wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra bu ýerde geçirilen iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda işjeň halkara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler hem-de ony ýerine ýetirmegiň ugurlary barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmagynda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanunçylyk namalarynyň işläp taýýarlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan netijeli işlerde milli parlamentiň deputatalarynyň giň möçberli çäreleri durmuşa geçirmeginiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda giň halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini we ulgama dünýäniň ösen tejribeleriniň, täzeçil tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýandygyny aýdyp, bu babatda hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýe bolmagynda we dünýäniň işewür toparlary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna wajyp ornuň degişlidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösüşinde, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda gurluşyk we energetika pudaklaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini, ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmelidigini aýratyn nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan şleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň, onda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow häzirki döwürde ýurdumyzyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, söwda toplumynyň we ýurdumyzyň senagatçylar we telekeçiler biroleşmesiniň işini döwrebap derejede ösdürmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ye hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk mynasybetli giň möçberli söwdalar guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň telekeçiler düzüminiň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow ýurdumyzyň degişli ulgamlaryny döwrebap derejede senagatlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda senagat pudagynyň ösdürilmegine, oňa häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine daýanmak arkaly önümçiligiň ösdürilmegi, pudagyň innowasioln kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagy döwrüň möhüm meselesidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Paýtagtymzyň Halkara howa menzilinde geçirilen iş maslahatyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abylow ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesi, bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim hepdäniň şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda habar berdi.
Aşgabadyň ähli babatda nusgalyk derejä göterilmelidigini belläp, milli Liderimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şäheriň we onuň etraplarynyň abadançylygyny, arassaçylygyny we şäher ilatynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öňde boljak şanly seneleriň, aýratyn-da, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda hhäkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradoy häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryyň ýerine ýetrilişi hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi ýaly möwsümleriň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanmagynyň, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny bellndi we bu ugra dahylly degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak, bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin döredilýän amatlyklar, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdiler.
Şeýle hem olar milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere, ýurdumyzyň Harby –deňiz güýçleriniň gününe we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk işleri, möhüm seneleri mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, sazlaşykly ýol-ulag hereketini ýola goýmak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň gulluk we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, olaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny ýokarlandyrmak boýunça döwletimiziň zerur çäreleri yzygiderli durmuşa geçirjekdigini aýratyn belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň Türkmenistanda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerinde möhüm orny eýeleýändigini belläp, baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde asudalygyň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde geçirilen iş maslahatyny jemläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Öňde boljak şanly senelere, aýratyn-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli guraljak möhüm çärelere ykjam taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.