Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşyna, Watanymyzyň senenamasyndaky şanly wakalara hem-de agaç nahallaryny ekmek boýunça geçiriljek ýowara görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowarynda bag ekiljek ýerleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu möhüm agrotehniki çäräni geçirmekde gowuşgynsyzlyga ýol berilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz aýratyn-da Ak bugdaý etrabynda (häkimi Rejepgeldi Gurtow), Derweze etrabynda (häkimi Baýrammyrat Mämmedow) we Baharly etrabynda (häkimi Muhammetgeldi Porhanow) bugdaý ekişiniň talaba laýyk guralmandygyny belledi we onuň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Kaka etrabynda (häkimi Döwletgeldi Hezretgulyýew), Ak bugdaý etrabynda (häkimi Rejepgeldi Gurtow) we Derweze etrabynda (häkimi Baýrammyrat Mämmedow) pagta ýygymynyň depginiň günüň talabyny ödemeýändigi sebäpli tankydy bellikler aýdyldy. Milli Liderimiz pagta ýygymynda yzagalaklyga ýol berilmeginiň sebäplerini seljermegi, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz güýzki bag ekmek möwsüminiň başlangyjyny alamatlandyrýan ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şol gün diňe bir agaç nahallaryny ekmek bilen çäklenmän, eýsem, şäherlerde, etraplarda we obalarda abadanlaşdyryş işleri ýerine ýetirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Garaşsyzlyk baýramyna oňat taýýarlyk görülmelidigi baradaky meselä ünsi çekip, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz A.Gurbanowy Ahal welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalyk toplumynda, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça işlenilip taýýarlanylan maksatnama barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň önjeýli zähmet çekmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly etrabynda (häkimi Ahmet Muhammedow), Bereket etrabynda (häkimi Nurahmet Gylyjow) bugdaý ekişiniň guralyşyna ünsi çekip, onuň pes derejede alnyp barylmagynyň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz nobatdaky bag ekmek möwsümine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem güýzki bag ekmek möwsümini degişli derejede guramak babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini birkemsiz geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň örän pesdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda (häkimi Baýmyrat Handurdyýew), Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda (häkimi Röwşen Orazdurdyýew) we Ruhubelent etrabynda (häkimi Begenç Töräýew) bugdaý ekişiniň ýaramaz guralandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime bugdaý ekişiniň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Ruhubelent etrabynda (häkimi Begenç Töräýew) we Boldumsaz etrabynda (häkimi Begmyrat Arazow) geçirilýän işleriň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin işleriň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleri, şol sanda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny baýram etmäge örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nobatdaky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şanly baýramçylyklara, aýratyn-da, şenbe güni geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Milli Liderimiz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini, umuman, welaýatda oba hojalyk işlerini guramakda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýtdy. Ýerlerde, ozaly bilen, yza galynýan ýerlerde ýolbaşçylar bilen özara gatnaşyklary güýçlendirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigine garamazdan, depginler maksada laýyk däl diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hususan-da, welaýatyň Köýtendag etrabynda (häkimi Azat Bäşimow), Birata etrabynda (häkimi Çary Astanow) we Döwletli etrabynda (häkimi Serdar Akyýew) bugdaý ekişiniň ýaramaz guralandygygy sebäpli ekişiň depgini örän pes. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýagdaýlaryň sebäplerini seljermegi hem-de emele gelen ýagdaýy düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Birata etrabynda (häkimi Çary Astanow), Atamyrat etrabynda (häkimi Azat Garlyýew) we Köýtendag etrabynda (häkimi Azat Bäşimow) pagta ýygymynyň talabalaýyk guralmandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz pagta ýygymynda yzagalaklygyň sebäplerini seljerip, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin guramaçylyk çärelerini görmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleri, hususan-da, mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygyny dabaralandyrmak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak ählihalk ýowary bilen bagly gürrüňi gozgap, güýzki köpçülikleýin bag ekmek işlerine guramaçylykly girişmek hem-de ozal bar bolan baglary timarlamak, ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş çärelerini utgaşykly alyp barmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim gönüden-göni milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, güýzki bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň esasy ugurlary barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde beýik Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, Altyn sähra etrabynda (häkimi Meýlis Gurbanmuhammedow), Murgap etrabynda (häkimi Esenmyrat Esenow) we Garagum etrabynda (häkimi Allamyrat Salyhow) bugdaý ekişiniň depgininiň örän pesdigini aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň birnäçe etraplarynda, aýratyn-da, Altyn sähra etrabynda (häkimi Meýlis Gurbanmuhammedow), Garagum etrabynda (häkimi Allamyrat Salyhow) we Murgap etrabynda (häkimi Esenmyrat Esenow) pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýdyp, emele gelen ýagdaýyň sebäplerini seljermegi we möwsümleýin işleri bellenilen tertibe laýyklykda tamamlamak üçin ýygymyň depginini güýçlendirmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ekologiýa derejesiniň gowulanmagynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işlerine, bag ekiljek ýerleriň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda halkymyzyň buýsanjy bolan Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleri hem-de bu beýik baýramçylygy ýokary derejede geçirmek üçin ähli guramaçylyk işlerini ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Şu ýyl Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi bellenen çäreleri hem ýokary derejede guramak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda şu ýylyň 3-nji oktýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirilmegi bellenen ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzda 2015-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” degişli kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 3 million düýp bag nahallaryny, şol sanda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 1,5 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Göz öňünde tutulan işlere laýyklykda, şu ýylyň ýazynda jemi 1 million 670 müň 839 düýp bag nahallary ekildi. Häzirki wagtda galan 1 million 329 müň 161 düýbüni ekmek meýilleşdirilýär. Şolardan 803 müň 574 müň düýbi ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan, 525 müň 587 düýbi welaýat häkimlikleri tarapyndan ekiler. Wise-premýer şeýle hem bag nahallaryny ekmek üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň çyzgysyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tokaý serişdelerini goramaga, Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň ilatly ýerlerinde, ekarançylyk meýdanlarynyň töwereklerinde tokaý zolaklaryny döretmäge, dag arçalaryny, çöl sazaklaryny we kenarýaka tokaýlyklaryny dikeltmäge, şolaryň tohumlaryny taýýarlanmaga gönükdürilen Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň wajypdygyny belledi. Täze saýaly we miweli nahallaryň hem-de baglaryň beýleki görnüşlerini ekmek zerur diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz ekmek üçin göz öňünde tutulan bag nahallarynyň görnüşleri bilen gyzyklanyp tut, serwi, akasiýa, arça, sosna ýaly agaçlaryň görnüşlerine ünsi çekdi hem-de olary ýer ýagdaýyna görä ekmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bagy-bossanlyga büremäge degişli çäreleriň ählisini welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazarda tutmak arkaly ylmy esasda geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tokaýçylyk işlerini alyp barmak hem-de peýdalanylýan ösümlikleriň doly beýanyny we olary köpeltmegiň usullaryny nazara almak bilen ýaş bag nahallaryna ideg etmek boýunça her bir sebit üçin teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.
Ykdysady we durmuş ulgamynda iri möçberli milli özgertmeler maksatnamalary adamlaryň durmuşynyň abadançylygynyň aýrylmaz şerti hökmünde ekologiýa düzüm bölegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr diýip, döwlet Başutanymyz belledi. Bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi oňa aýawly garalmagyna mynasypdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de türkmen halkynyň durmuşyny ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagy, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmagy üpjün etmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadydygyny nygtady. Öňde boljak ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentmiz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Daýhanlary häzirki zaman tehnikalary, suw, ýokary hilli tohum bilen üpjün edip, ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döwletiň zerur bolan hemme şertleri döredýändigini belläp, Türkmenistanyň Baştutany möhüm oba hojalyk çärelerini öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi talap etdi.
Milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, ýolbaşçylaryň öňünde möhüm meseleleri kesgitläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmagy, bu ugurda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi hem-de ýerlerde işleri degişli derejede ýola goýmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.