Ï Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginde geçirilen interatkiw gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginde geçirilen interatkiw gepleşikler

view-icon 616
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Nýu-Ýorkdaky durnukly ösüş Sammiti we Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlary” ady bilen interaktiw gepleşikler geçirildi.

Bu çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň gazetleriniň we žurnallarynyň baş redaktorlary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň halkara žurnalistikasy bölüminiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş meseleleri boýunça Sammitde eden çykyşynyň möhüm ugurlaryna we milli Liderimiziň Türkmenistanyň eýeleýän orny barada aýdan başlangyçlaryna garaldy. Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşant goşmaga taýýardygyny belläp, 2030-njy ýyla çenli täze ählumumy Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegi boýunça milli derejede kabul edilen anyk çäreleri, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Interaktiw gepleşikleriň barşynda daşary ýurtlaryň NSA-NewsCentralAsia, “FrancePress” agentlikleriniň, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň, “TRT” türk teleradiokompaniýasynyň žurnalistleriniň sowallaryna jogaplar we synlar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýoluny gözlemekde halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ýerde çykyş eden žurnalistler ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrýan işjeň hereketlerine aýratyn ähmiýet berdiler.

Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda BMG-niň Baş assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilen mejlisine gatnaşmagynyň dünýäniň we tutuş adamzadyň geljekki ykbalyna jogapkärçilik çekmäge taýýarlygyny ynamly mälim edýän garaşsyz bitarap döwletimiziň syýasy erkiniň nobatdaky gezek tassyklamasydygy bellenildi.

Dünýä ýagdaýlaryna we döwrüň wehimleri bilen baglanyşykly meselelere kesesinden syn etmän, Türkmenistan diňe bir möhüm meseleleriň çözgüdini goşant goşmaga bolan gyzyklanmalaryny mälim etmek bilen çäklenmän, eýsem bar bolan ähli mümkinçiliklerini ählumumy bähbitler üçin ulanmaga taýýardygyny we ählumumy maksatlara ýetmekde anyk ýörelgeleri teklip etmek bilen, özüniň anyk mümkinçiliklerini we tejribelerini hödürleýär.

Türkmenistanyň häzirki zamanyň möhüm meselelerine bolan işjeň çemeleşmeleriň esasynda halkara bileleşiginiň olary çözmegiň anyk ýoluny tapmaga, birmeňzeşlikden, ugurdaş pikirlerden saplanmaga we ählumumy gatnaşyklaryň täze geljegine çykmaga bolan ukybyna ynamy durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, durnukly ykdysady ösüşi durmuşa geçirmekde halkara bileleşiginiň anyk we sazlaşykly işiniň gymmat bolmadyk, ygtybarly we döwrebap energiýa üpjünçiligini, ilatyň iş bilen üpjün edilmegini, çeýe düzüminiň kemala getirilmegini, täzeçilik esasynda durnukly senagatlaşmagy şertlendirer.

Duşuşyga ganaşyjalar türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine, Türkmenistanyň ýokary abraýa eýe bolmagyny şertlendiren asylly we ynsanperwer başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar milli Liderimize türkmen halkynyň we dünýäniň ähli halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.