Ï Türkmen žurnalistleri Kaspiý mediaforumyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen žurnalistleri Kaspiý mediaforumyna gatnaşdylar

view-icon 634
Astrahanda geçirilen birinji Kaspiý mediaforuma Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň žurnalistleri we diplomatiki wekilhanalary gatnaşdylar. Esasy çäreler Astrahan Kremliniň “Seýhgauz” atly häzirkizaman muzeý –sergi toplumynda geçirildi.

Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin foruma gatnaşyjylara gutlag sözünde “Habar beriş serişdeleriniň ussatlarynyň jemgyýeti, umumy gyzyklandyrýan meslelerde we temalardaky çekişmelerde birikmekleri Kaspiý ýaka sebitinde täze aragatnaşyk ugruny döretmäge we geljekde hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer” diýip, berk ynanýandygyny belledi.

Forumyň çäklerinde maglumat alyş-çalyşyň häzirkizaman tehnologiýalary, habar beriş serişdelerde ussat hünärmenleri taýýarlamak, Kaspiý ýaka sebitiniň ýurtlarynyň arasynda bütewi media giňişligini döretmek barada işçi duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde “Kaspiý arzuwy-2015 ” atly žurnalistleriň arasynda geçirilýän halkara bäsleşigiň ýeňijilerine we laureatlaryna baýraklary gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Bäsleşige reportaž, interwýu, , täzelik, oçerk, teleradiogepleşikler ýaly dürli žanrlardaky 70 -den gowrak döredijilik işleri hödürlendi. Telewideniýe ugrundan “Ynsan we deňiz” ugrundan “Altyn Asyr Türkmenistan” teleýaýlymyndan Myratberdi Annageldiýewiň “Kaspiý deňziniň çirek guşlary” atly dokumental filmi baýraga mynasyp boldy.

Forumyň guramaçylary ir döwürleriň neşirleriniň sergisini hem gurnadylar. Astrahan oblastynyň ylmy kitaphanasynda gurnalan sergide Magtymguly Pyragynyň 20-nji asyryň başynda neşir edilen goşgular ýygyndysy hem wekiliýetlerde uly gyzyklanma döretdi.

Forumyň medeni çäreleriniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Astrahanyň gözel ýerleri bilen tanyşmaga we Astrahanyň opera we balet teatrynda opera diňlemäge mümkinçilik aldylar. Türkmen wekiliýeti Astrahan oblastynyň türkmen diasporasy bilen hem duşuşdy.

Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda Kaspiý deňziniň temasy gönüden – göni maglumatlaýyn strategiýanyň umumy ugry – degerli we netijeli syýasy , ykdysady maglumaty ýaýratmak bilen baglanyşykly . \

Köpugurly sebitara gatnaşyklary gurnamaklyga gyzyklanma bildirýän we munuň bilen baglanyşykly ähliumumy maglumat giňişliginde Türkmenistana uly orun berýän biziň ýurdumyz parahatsöýüjilikli, syýasy we ykdysady durnukly döwlet hökmünde giň halkara hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.