Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde giň möçberli bag ekmek möwsüminiň güýzki tapgyryna badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “2015-nji ýylda ýurtda bag nahallaryny ekmek hakynda” Kararyna laýyklykda, 3 million düýp bag nahalyny, şol sanda ministrlikler we pudak edaralary hem-de paýtagtyň häkimligi tarapyndan 1,5 million düýp nahal ekmek meýilleşdirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýazynda ýaş bag nahallarynyň 1 million 670 müň 839 düýbi oturdyldy.
Gözelligiň we sazlaşygyň alamatyna, Aşgabadyň täze taryhynyň nyşanyna öwrülen ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi okgunly özgerýär. Häzirki Aşgabat gözümiziň alnynda kemala gelýän täsin şäher gözellikleri bilen aňk edýär. Onda belent gatly binalar we giň meýdançalar, şaýollar we kölegeli köçeler, owadan seýilgähler we tokaý seýilgäh zolaklar—bular türkmen Lideriniň gündeki durmuşa geçirýän şähergurluşyk maksatnamasynyň netijeleridir. Paýtagtyň gözelligi we arassalygy häzirki zaman uly şäheriň ilatynyň diňe bir durmuş derejesini häsiýetlendirýän möhüm görkeziji bolman, eýsem, adamlaryň hem aň-düşünjesini, hem olaryň öz öýüne, öz Watanyna bolan gatnyşygyny özgerdip, bu ýerde amala aşyrylýan özgertmeleriň geriminiň hem görkezijisidir. Biz öz myhmanlarymyza bagy-bossan şäherimizi buýsanç bilen görkezýäris. Ol hatda yssy tomus günlerinde hem köpsanly gülleriň ýakymly ysy bilen bark urýan dürli bag nahallary, suw çüwdürimleri bilen nur çaýýar.
Aşgabadyň töwereginde ýetişdirilýän tokaý seýilgäh zolagy howanyň ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Iýun aýynda bu ýerde howanyň çyglylygy görnetin ýokarlanýar. Barlaglar baýyrlyklarda ekilýän baglaryň we ösümlikleriň gurplandyrylmagynyň topragyň biologik işjeňligini güýçlendirýändigini, kömürturşy gazyny azaldyp, howany ýaramaz garyndylardan arassalaýandygyny görkezýär. Olaryň uglerod okisiniň jemlenmesiniň derejesini peseldýändigi, howadan ýaz-tomus we gyş döwürlerinde tozany sorup alýandygy tassyklandy. Ekilen baglar şeýle hem şemaldan goranmagyň ajaýyp usulydyr.
Häzirki wagtda ekilen baglaryň köp bölegini pürli görnüşler bolan sosna, tuýa, kiparisiň dürli görnüşleri we beýlekiler düzýär.
Ýakynda bolup geçen wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň töwereklerinde we sebitleriň ilatly nokatlarynda tokaý zolaklaryny, ekerançylyk meýdanlarynyň tokaý zolaklary bilen goraglylygyny döretmek, dag arçalaryny, çöl sazaklaryny we kenarýaka tokaýlyklary dikeltmek, tohum taýýarlamak boýunça, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň wajypdygyny belledi. Welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, saýaly, miweli we baglaryň beýleki görnüşleriniň nahallaryny ýetişdirmek zerurdyr.
Ine, Aşgabadyň dag eteklerinde arça ekilen ýerleriň meýdany giňedi. Bu baglar topragy berkidýär, toprakasty çyglylygy saklaýar. Häzir tokaý hojalyklarynda we nahalhanalarda saýaly baglaryň millionlarça düýbi taýýarlanýar. Olar 2-3 ýyldan ýurdumyzyň şäherlerinde ekiler. Ajaýyp arça, kiparis, derek tokaýlyklary hem-de güller ekilip döredilen meýdançalar Aşgabadyň şäher ýakalarynyň tebigy gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Bagy-bossanlyga büremek çäresiniň möçberlerini nazarda tutup hem-de ýokary hilli nahallar barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda ony taýýarlamagyň öňdebaryjy täze ussulary ornaşdyrylýar. Kök ulgamy ýapyk bolan nahallar hem-de iri ölçegli nahallar ýetişdirilýär. Tokaý-seýilgäh zolagynyň damjalaýyn suwarmak ýaly öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen birwagtda döredilmegi möhümdir. Suwarmagyň şeýle usuly suwy diňe bir tygşytly sarp etmäge mümkinçilik bermän, eýsem, ony zerur bolan mineral dökünleri peýdalanmak bilen gerek ýerlerine gönükdirmäge ýardam edýär.
Tokaýlyklary döretmek boýunça işleriň ýurdumyzyň welaýatlarynda işjeň alnyp barylandygyny bellemek möhümdir. Welaýatlaryň her birinde şu möwsümde 525,6 müň töweregi düýp bag nahallary ekiler. Halk hojalyk pudaklarynyň birnäçesinde tokaý zolaklaryny döretmek bilen meşgullanýan ýörite bölümler guraldy.
Häzir Türkmenistan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde onlarça müň gektara ýaýlyp gidýän, tutuş ýyl gülläp duran seýilgähleri, elde döredilen ýaş tokaýlyklary bilen myhmanlary haýran edýär. Derýalaryň we kenallaryň kenarlary, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň töwereklerindäki deňiz kenar ýakalary ýaşyl lybasa beslenýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejesindäki maslahatlaryň, şol sanda BMG-niň Bas Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň münberinden aýdan möhüm halkara başlangyçlary hem daşky gurşawy hemmetaraplaýyn goramaga, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolup, bu başlangyçlaryň ählisi onlarça gyzykly, bilelikdäki halkara taslamalaryna we maksatnamalaryna öwrülip üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Häzir bütindünýä adamzat üçin uly ähmiýeti bolan öňde durýan ýiti ekologiýa meselelerini hem-de daşky gurşawy goramagyň möhüm meselelerini, çözmekde Türkmenistanyň uly goşandyny ykrar edýär. Munuň özi ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegine, toprak-suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga, çölleşmäge garşy göreşmäge, topragyň zaýalanmagynyň öňüni almaga, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramaga we ençeme beýleki ugurlara degişlidir.
Dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, aýratyn-da, dag çeşmeleri, bereketli topragy, amatly howasy ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna hem-de ekerançylygyň kemala gelmegine ýardam etdi. Arheologik gazuw-agtaryşlarynyň netijeleri ýurdumyzyň çäklerinde gadymy döwürlerde gülläp ösýän ýerleriň bolandygyny subut etdi, ata-babalarymyz bolsa medeni ekerançylyk bilen meşgullanypdyr, miweli baglary ösdürip ýetişdiripdir.
Bu gün Türkmenistan myhmanlary el bilen döredilen ýaş tokaýlyklary, baglyklary, hoşbaý ysly seýilgähleri bilen haýrana goýýar. Şeýle görnüşler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hat-da iň alyslardaky ýerlerde hem onlarça mün gektar meýdana ýaýylyp gidýär.
Ýurdumyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabadyň dag etegindäki jülgelerindäki tebigy gözellik aýratyn göze ilýär.
Ir bilen ýowara gatnaşýan köpsanly adamlar paýtagtymyzyň günorta bölegine, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň täze dolandyryş edaralaryndan hem-de ajaýyp “Ýyldyz” myhmanhanasyndan uzakda bolmadyk ýere ýygnandylar. Bu gün hut şu ýerde uly möçberli nobatdaky bag ekmek möwsümi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherinde 700 gektar meýdanda täze seýilgäh üçin ýer bölünip berildi hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň we onuň ýajaýjylarynyň dynç almagy üçin örän amatly şertler döredilýär, seýilgähiň gök baglary bolsa paýtagtymyzyň ekologiýasyna oňyn täsir eder. Seýilgähde howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan baglar oturdyldy. Olar pürli, ýaprakly, bezeg baglary, şol sanda türkmen arçasy, eldar sosnasy, tuýa, çynar, tut, dardary, derek, ak akasiýa, pisse, kerkaw, söwüt we beýlekilerdir, şeýle hem gyrymsy agaçlaryň we gülleriň köp görnüşleridir.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk ýowaryna badalga beriljek ýere gelýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasrlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resimi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşylýarlar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmýietli köpçüliklýein çärelere işjeň gatnaşýandyklar üçin olaryň ählisine minetdarlyk bildirdi.
Soňra milli Liderimiz hut özi ilkinji bag nahalyny oturdyp, bag ekmek möwsümine badalga berýär.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip mälim bolşy ýaly, bag ekmek möwsüminiň öň ýanynda uly taýýarlyk işleri geçirildi. Ony üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýaş nahallar ekilende zerur bolan hemme çäreler—ylmy barlag esasynda işlenip taýýarlanan agrotehniki talaplar we ülňüler göz öňünde tutuldy. Bular baglary ekmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda arassalamak we tekizlemek, agaçlaryň dürli görnüşleri üçin hatarlary oýlanyşykly bölüşdirmek hem-de ekiljek agaçlaryň möçberiniň takyk hasaby, nahalyň ekiljek düýbüni taýýarlamagyň düzgüni, ýeterlik bolan suw möçberi we organiki serişdeler arkaly dökünlenen toprak bilen üpjün etmek çäreleridir. Elbetde, nahallaryň özi hem urdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna has durnukly we uýgunlaşan agaçlaryň görnüşlerinden düýpli saýlanyp alyndy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge köpçülikleýin gatnaşmagyň ähmiýetine ýokary baha berip, ekilen baglara soňra ideg etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny hemişe nygtaýar.
Şu güýz gününde tutuş ýurdumyz mähriban topragymyzyň “ýaşyl baýlygyny” joşgunly zähmetleri bilen artdyrmak üçin ählihalk ýowaryna çykdy. Şonuň çäklerinde diňe bir günde 1 million 329 müňden gowrak düýp bag nahallary ekildi.
Bu ýerlerde gurnalan ak öýleriň we bassyrmalaryň ýanyndaky meýdançalarda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar häzirki çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentligini artdyrdy. Medeni we sungat ussatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýowar tamamlanandan soň, ony dowam etmek üçin hemmeleriň öz iş ýerlerine ugraýandygyny habar berdi.
Ýowar geçirmek biziň asylly däbimize öwrüldi. Olar ajaýyp göwünçaglykda geçirilýär, sebäbi şeýle çäreler umumy ähmiýetli işe dahylly bolmaga ymtylýan adamlary birleşdirýär. Dynç gününde zähmet çekmekden ötri, her gün öz işleýän adamlaryň bilen görüşmegiň hakyky islegi möhümdir. Onda-da, şunuň ýaly ýagdaýda—tebigatda peýdaly möhüm durmuş wezipesini ýeirne ýetirip duşuşmak täsirlidir.
Döwlet Baştutanymyz ýowar tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.