Ï Тürkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Тürkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 915
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2015-nji ýylyň 9 aýynda alyp baran işleriniň netijelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudak edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de olara ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlaryny-da diňledi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew şu ýylyň 9 aýynda ministrlik tarapyndan milli howpsuzlyk ulgamyny has-da pugtalandyrmaga, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, türkmen jemgyýetinde dabaralanýan durnuklylygy we rahatlygy goramaga gönükdirilip alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen döwletiniň konstitusion gurluşynyň mäkäm binýadyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan geçirilýän işlere kanagatlanma bildirip, döwlet ösüşiniň bellenen giň möçberli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň aýrylmaz şerti bolup durýan milli howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow şu ýylyň 9 aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň netijeleri hem-de mähriban Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipäniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Merdana serhetçileriň gündelik gullugynda döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini hem-de parahatçylyk söýüji we dostlukly daşary syýasatyny alyp barýan mähriban Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň esasy ýörelgelerine pugta eýerýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzyň mukaddes araçäklerinde gije-gündiz sak durup, gulluk borjuny birkemsiz berjaý edýän serhetçileriň üstüne ýüklenen wezipeleriň aýratyn wajypdygyna ünsi çekip, serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine döwletimiziň hemişe yzygiderli goldaw berjekdigini nygtady. Serhet gullugy serhetdeş döwletleriň ählisi bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň suw hem-de gury ýer serhetleriniň ygtybarly goralmagyny birkemsiz üpjün etmelidir.

Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 2015-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de harby özgertmeler babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, harby bilimi we ylmy ösdürmek, ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň gulluk şertlerini ygzygiderli gowulandyrmak hem-de harby hünärleriň abraýyny ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygyna hem-de bu şanly senä bagyşlanan çärelere, şol sanda harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz milli Ýaragly Güýçlerimiziň türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesi we ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasat ýörelgesi nazarda tutulyp işlenip taýýarlanylan harby-syýasy strategiýasynyň daýanjy bolup durýandygyny nygtady hem-de kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinadan ugur alyp, Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin hemme çäreleri görjekdigini, şahsy düzümler barada hemişe alada etjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän ählihalk baýramçylygynyň belläp, beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 24 ýyllygy bilen bagly göz öňünde tutulan ähli dabaralara, aýratyn-da harby ýörişe taýýarlyk görlüşiniň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Harby ýöriş milli goşunymyzyň şu günki kuwwatyny görkezmelidir.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek hem-de düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ministrligiň edaralarynyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde sentýabr aýynda geçirilen çäreler barada aýdyldy. Bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde köpsanly çäreleriň – duşuşyklaryň, maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň, bäsleşikleriň geçirilip, olara ulularyň we çagalaryň, şol sanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň we mekdebe çenli edaralaryň çagalarynyň giňden gatnaşandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýol hereketiniň howpsuzlygynyň her ýyl geçirilýän biraýlygynyň ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň sanyny ep-esli azaltmaga ýardam berýändigini belläp, ilatyň arasynda, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda yzygiderli düşündiriş işlerini geçirip durmagy tabşyrdy.

Belent Serkerdebaşymyz içeri işler edaralarynyň işgärleriniň üstüne ýüklenen borçlaryň örän wajypdygyny belläp, olaryň ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýol hereketiniň hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirýän işlerini kämilleşdirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra şu ýylyň 9 aýynda edilen işler we döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik barada Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralarynyň geçirýän işleriniň möhümdigine ünsi çekip, olaryň işiniň täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna we wezipelerine, döwletimiziň wagyz edýän adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine doly gabat gelmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işleri ählumumy ykrar edilen dünýä ölçeglerine we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna doly laýyk getirmek babatda amala aşyrylan çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň demokratik hem-de hukuk esaslaryny hemmetaraplaýyn berkitmek boýunça alnan ugry dowam etdirmegiň möhümligine ünsi çekip, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň ýurdumyzda kanunçylygy berjaý etmek boýunça özlerine ynanylan işleri birkemsiz berjaý etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda belent maksatlara üstünlikli ýetmegiň esasy şerti bolan jemgyýetde durnuklylygy üpjün etmegiň wajypdygyny nygtap, özleriniň döredijilikli zähmeti bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrýan raýatlarymyzyň erkinliginiň we hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagyny üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow 9 aýyň dowamynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen tassyklanan maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralary, ýerli häkimiýet düzümleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ilatyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygyny, raýatlarymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine, sportuň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanmagyna ýardam edýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Belent Serkerdebaşymyz adamlaryň saglygyna we abadançylygyna zyýanly täsir edýän ýaramaz endikler barada giňişleýin düşündiriş işleriini yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtap, jemgyýet üçin bu howpa garşy iň netijeli we täsirli göreş çärelerini durmuşa geçirmäge ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz geljekde hem türkmen jemgyýetini häzirki zamanyň ählumumy howplaryndan, ilkinji nobatda, adamlaryň saglygy we durmuş abadançylygy üçin zyýanly bolan endiklerden ygtybarly goramagy üpjün edýän gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkider.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow şu ýylyň 9 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, hususan-da, gümrük bölümleriniň işini kämilleşdirmek, Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýüklere pugta gözegçilik etmäge ýardam berýän döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi hakynda berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gümrük düzümleriniň tehniki üpjünçiligini yzygiderli pugtalandyrmak, gullugyň işgärleriniň tutanýerli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgesiniň möhüm çatrygy hökmünde ykrar edilmegi netijesinde soňky ýyllarda işi has-da artan gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleriň örän jogapkärlidigini nygtap, öz esasy hünär bilimlerinden başga giň gözýetimli, işine ak ýürekden, halal we çynlakaý çemeleşýän hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmegini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzüminde 9 aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we giňeltmäge bu gullugyň işini kämilleşdirmek barada Belent Serkerdebaşymyzyň beren anyk tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça işjeň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň we gerimini giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda işleri güýçlendirmek we kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleri görmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow 2015-nji ýylyň 9 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de ministrligiň işiniň möhüm ugry bolan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze sepgitlere üstünlikli ýetmek üçin milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek barada amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä kanunçylygynyň iň oňat tejribelerini we hereket edýän kadalaryny göz öňünde tutmak bilen, döwrüň talabyna kybap gelýän täze kanunlary işläp taýýarlamagyň we çalt kabul etmegiň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtap, güýje girýän kanunçylyk namalaryny raýatlarymyza düşündirmek işini kämilleşdirmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna oktýabr aýynda geçiriljek möhüm çäreler bilen baglylykda, degişli görkezmeler berildi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara bagt, berk jan saglyk hem-de mähriban halkymyza we ata Watanymyza birkemsiz gulluk etmekde üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ilki Milli howpsuzlyk ministrliginde, soňra bolsa Goranmak ministrliginde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Olaryň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň öňünde türkmen topragynda parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy saklamak, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk düzgünini üpjün etmek ýaly uly we jogapkärli wezipeleriň durýandygy barada aýdyp, munuň döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak, halkara jemgyýetçiliginiň durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döredýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan netijeli, parahatçylyk söýüji daşary syýasaty mundan beýläk-de yzygiderli ýöredip, islendik özygtyýarly döwlet ýaly, milli howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de türkmen halkynyň parahat we döredijilikli durmuşynyň esasy kepili hökmünde goşunyň ýokary goranyş ukybyny saklamagyň toplumlaýyn maksatnamasyny amala aşyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen göçme mejlisleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Ý.Berdiýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatmak hem-de ony Türkmenistanyň Goranmak ministri wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri wezipesine general-leýtenant G.Hojaberdiýewi belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz general-maýor B.Gündogdyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Goranmak ministri wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekip, ony Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleri serkerdeliginiň serkerdesi wezipesine belledi.

Aýratyn dabaralylyk ýagdaýynda täzeden bellenilen ýolbaşçylar harby kasama, Watana we Türkmenistanyň Prezidentine baky wepadarlygyň nyşany hökmünde mukaddes kasamy aýtdylar hem-de özleriniň harby hünär we watançylyk borçlaryny mundan beýläk-de mukaddes berjaý etjekdiklerine, halka we mähriban Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýolbaşçylara ak pata berip, özlerine ynanylan jogapkärli wezipelerde işlere aýratyn jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyryp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmek meselelerine ilkinji derejeli üns bermelidigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň doly bahaly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin degişli şertleri döretmek şol harby özgertmeleriň esasy ugrudyr. Bellenilişi ýaly, döwletimiz ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, türkmen halkynyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek meselelerine hemişe ilkinji derejeli ähmiýet berer.

Hormatly Prezidentimiz özleriniň öňünde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.