Şu gün Türkmenistanda gussaly sene – Hatyra güni bellenilip geçirilýär. Bu gün ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlar ýatlanylýar. “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumynyň ýadygärliklerine gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň birinden 67 ýyl geçdi. Bu waka baradaky ýatlamalar häzire çenli her bir türkmenistanlynyň ýüreginde agyr ýara bolmagynda galýar. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk bir pursadyň özünde owadan hem gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala diýen ýaly öwezini ýetip bolmajak ýitgileri getirdi.
Onýyllyklar geçenden soň, bütin dünýä bu weýrançylyk baradaky hakykaty bildi, biziň halkymyz bolsa milli däp-dessurlara laýyklykda bu pajygaly senäni Hatyra güni hökmünde bellemäge, özüniň öten-geçen ýakynlaryny we hossarlaryny hatyralamaga mümkinçilik aldy.
Bu gün tutuş ýurdumyz boýunça Döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Şol pajygaly gijäniň elhenç wakalaryny henize çenli ýadynda saklaýan türkmenistanlylaryň kalplary hasratdan doly, şol wakalaryň şaýatlarynyň berýän gürrüňlerinden bu tebigy betbagtçylygyň getiren hasratlary barada bilýänleriň ýürekleri ynjalanok.
Ir säherden aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Gökdepe söweşinde hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerinde gurban bolan milli gahrymanlary, beýleki söweşlerde wepat bolanlary, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary hatyralamak maksady bilen gurlan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdir.
Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, hormatly ýaşulular ýygnandylar. Hatyra çäresine gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar bar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Ýygnananlar tutuş adamzadyň taryhyna iň güýçli weýran ediji ýer titremeleriň biri hökmünde giren Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny hatyraladylar.
... Hormatly Prezidentimiz 1948-nji ýylyň ýer titremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine tarap ugraýar. Şu pursat pajygaly gije 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan atasy Berdimuhammet Annaýewi ýitiren döwlet Baştutanymyzyň hasratyny tüýs ýürekden paýlaşýanlaryň ählisini hakyky duýgudaşlyk duýgusy gurşap aldy.
Halkymyzyň ahlak ýörelgesi, ruhubelentligi we geljege bolan beýik ynamy ykbalyň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçmäge medet berdi. Halkymyz öz taryhynyň agyr synaglaryndan üstünlikli geçip, mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltdi we ony dünýäniň iň gözel şäherleriniň, parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň paýtagtlarynyň birine öwürmegini dowam etdirýär. Paýtagtymyz häzirki döwürde has owadandyr, onuň geljegi bolsa haýran galdyryjydyr. Bu işleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amala aşyrylýar. Örän gysga taryhy döwrüň içinde şeýle uly üstünliklere neneň buýsanmajak, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyna neneň guwanmajak.
...Soňra milli Liderimiz türkmen topragynyň edermen ogullarynyň öçmejek halk hakydasynyň nyşanyna öwrülmelen “Milletiň ogullary” ýadygärliginiň etegine ajaýyp gül desselerini goýdy.
Şu gün, Hatyra güni, türkmen halky öz gahrymanlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Halkymyz Gökdepe galasynyň ýaşaýjylary bolan ýaşululary, zenanlary we ýaş ýaşaýjylary barada matam tutýarlar. Olar abanan howpdan birjik-de heder etmän, galany batyrlyk bilen goranlar bilen birlikde güýji agdyk gelýän duşmana berk gaýtawul berdiler. Eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsiniň netijesinde olar janlaryny gurban etseler-de, ýeňilmediler.
Türkmen halky özüniň gahrymançylykly taryhynyň öçmejek pursatlaryny ýatlap, gahryman ata-babalarymyzyň edermenligine sarpa goýýar we Gökdepe galasyny goraýjylarynyň gaýduwsyzlygy baradaky hakydany nesilden-nesle geçirýär.
Biziň ýaşlarymyza görelde almaga buýsanç köp—Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja wepalylyk, Watana ygrarlylyk görkezdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň we mähriban Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy. Olaryň arasynda milli Liderimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
...Döwlet Baştutanymyzyň yzýany ýadygärliklere Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýýarlar. Sanlyja pursatlaryň içinde köp sanly gül desseleri ýadygärlikleriň etegindäki mermer plitalaryň üstüni örtýär.
Ýadygärliklere gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we bu ýere ýygnananlaryň ählisi sadaka bermek üçin niýetlenen ýörite ýere barýarlar.
Bu ýerde milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, halkymyzyň öten-geçenlerimizi hatyralamak we ýatlamak, Watan goragçylarynyň, gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen saklamak ýörelgelerinden ugur alyp, Gökdepe urşunda we Aşgabatda bolup geçen aýylganç ýertitremesinde wepat bolanlary ýatlap, hatyralanýan seneleri birikdirip bellemek maksady bilen, her ýylyň 6-njy oktýabryny Hatyra güni diýip bellemek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, şu gün biz ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda şirin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyz, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary bolan ildeşlerimiz barada hakyda hökmünde gurlan Ýadygärlikler toplumynda hatyra çäresini geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu toplumyň halk hakydasyny, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny, halkymyzyň şöhrata beslenen taryhyny özünde jemläp, minnetdar nesilleriň edermen ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egmeginiň nyşany bolup durýandygyny nygtady.
Biz mähriban halkymyzyň däp-dessurlaryny aýawly saklamaga aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Gadymdan gelýän ýörelgä eýerip, Hatyra güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sadaka berilýär, ýagşy umyt bilen doga-dilegler edilýär. “Berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftisine söz berdi, ol tebärek çykdy, şondan soňra nahar çekildi.
Nahardan soň, öten-geçenleriň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy.
Hatyra çäresi nesilleriň dowamatlylygynyň, gadymy türkmen topragynda beýik ata-babalarymyzyň däpleriniň gaýtadan dikeldilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar. Gussada hem, şatlykda hem halkymyz üçin mukaddes ýerlere barmak şol asylly däpleriň biridir. Çünki bu Hatyra gününde halkymyzyň ruhubelentligini has-da artdyrmak üçin nesilleriň aýrylmaz hakydasynyň wajypdygyna, gülläp ösýän ýurtda parahatçylykly ýaşamak we zähmet çekmek bagtyna aýratyn göz ýetirýäris.
Bu gün hatyra çäreleri we sadakalar paýtagtymyzda hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi.
Goý, Beýik Biribar şu gün okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!