8-nji oktýabrda Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn agşam Özbegistanyň paýtagtyna ugrady.
Daşkendiň howa menzilinde bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary ýokary galdyryldy we uçara barýan haly düşelen ýodanyň ugry boýunça hormat garawuly hatara duruzuldy. Belent mertebeli myhmany doganlyk ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Bu ýerde, howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Ş.Mirziýoýew bilen gysgaça söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda taraplar ýokary derejede geçiriljek türkmen-özbek gepleşikleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berjekdigine, özara kuwwaty amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini aşjakdygyna hem-de döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin esas döretjekdigine ynam bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.
Türkmenistanyň Baştutanynyň Özbegistana bu resmi sapary dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hyzmatdaşlygyň gadymdan gelýän mizemez däplerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň köp asyrlyk taryhynda täze möhüm tapgyr bolar.
Häzirki zamanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa abraýly halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň arasynda üstünlikli ýola goýulýan işjeň gatnaşyklara mundan laýyk bir ýyl ozal Özbegistanyň Prezidenti Islam Karimowyň Aşgabada resmi saparynyň çäklerinde geçen ýokary derejedäki duşuşyk hem güýçli itergi berdi. Şonda iki goňşy döwletletiň Baştutanlary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasda guralýan we diňe bir iki ýurduň däl-de, tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk çäreleri kesgitläp, ýene bir gezek taraplaryň syýasy gepleşikleri hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny tassykladylar.
Bu gün Türkmenistan bilen Özbegistan sebitde bolup geçýän wakalaryň ösüşine oňyn täsir etmek, Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek, ählimumy öňegidişlige we gülläp ösüşe ýardam etjek parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmek boýunça gyzyklanmalarynda pikirdeşdir.
Şu gün Daşkentde başlanýan ikitaraplaýyn gepleşikler iki döwletiň Liderleriniň hoşniýetli gatnaşyklaryna, medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň taryhy umumylygyna hem-de döwrüň talabyna laýyklykda köp ugurly hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna we köp ýyllyk oňyn tejribesine esaslanýan, aragatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze anyk ädimleri kesgitlemäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mäkäm hukuk esaslary işlenip taýýarlanyldy. İkitaraplaýyn syýasy geňeşmeler we işewür gepleşikler, sebit boýunça duşuşyklar yzygiderli esasda guraýar.
Uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlyga soňky ýyllarda durmuşa geçirilen bilelikdäki möhüm taslamalar, şol sanda halkara derejesindäki taslamalar hem güwä geçýär. Muňa XXI asyryň ägirt uly taslamasy, sebit boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi aýdyň mysal bolup biler.
Özbegistan beýleki bir möhüm taslamasyny-diňe bir Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjin etjek täsirli güýç bolan “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegi goldaýanlygyny we oňa işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ösüşe eýe boldy. Döwletara haryt dolanyşygynyň birsyhly ösüşi munuň aýdyň görkezijisidir. Taraplar bar bolan ägirt uly kuwwaty doly peýdalanmagyň wajypdygyna düşünip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam edýän söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine möhüm ähmiýet berýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň öňüsyrasynda türkmen wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça ministrliklerde we pudak edaralarynda özbek kärdeşleri bilen iş duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdiler. Duşuşyklaryň barşynda ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere taýýarlygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ugurlary anyklanyldy we dürli ugurlarda däbe öwrülen hem-de täze gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary derejede geçiriljek duşuşyk we gol çekilmegi göz öňünde tutulýan möhüm ikitaraplaýyn resminamalar uzakmöhletleýin türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga, iki dostlukly döwletiň halklarynyň arasyndaky köp asyrlyk doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga wajyp goşant bolar.