Türkmenistanyň wekiliýeti 5-7-nji oktýabrda özbek paýtagtynda geçirilen “Syýahatçylyk Ýüpek ýolunda” atly 21-nji halkara söwda sergisine gatnaşdy.
“Özbek syýahatçylyk” milli kompaniýasy serginiň guramaçysy hökmünde çykyş edýär, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini onuň bilen 2013-nji ýlyň noýabrynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdyrýar. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy.
Milli Liderimiziň goňşy ýurda häzirki sapary Daşkentde geçirilýän “Syýahatçylyk Ýüpek ýolunda” atly halkara serginiň guralmagy bilen gabat geldi. Munuň özi türkmen hünärmenleriniň bu foruma gatnaşmagyna gürrüňsiz aýratyn ähmiýet çaýdy.
Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň goldaw bermeginde her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa sebitiniň iri sergi forumlarynyň birine şu ýyl dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 700-den gowragy gatnaşýarlar. Olar öz diwarlyklaryny “Özekspomerkez” sergi toplumynda ýaýbaňlandyrdylar.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary hünärmenleriň biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine ünsüni çekdi. Türkmen döwleti soňky ýyllarda syýahatçylyk senagatynyň dünýä bazarynda ynamly orun eýeleýär.
Pudagyň hünärmenleri hem-de sergä gelýänler ýokary derejeli hyzmatlary öz içine alýan gyzykly gezelençler bilen tanyşdyryldy, iň gowy taslamalar görkezildi. Olaryň maksady Beýik Ýüpek ýolunda uly taryhy orun eýelän hem-de häzir onuň gaýtadan dikeldilmeginde ähmiýeti uly bolan Türkmenistanyň dürli görnüşli täze keşbini döretmek bolup durýar.
Häzir Türkmenistan Aziýada diňe özboluşly medeniýeti we gadymy ýadygärlikleri bilen däl-de, eýsem, ägirt uly özgerişlikleriň bolup geçýän ýurdy hökmünde dünýä açylan ýurt hökmünde hem tanalýar. Bu ýerde häzirki wagt we miras üznüksiz arabaglanyşygy emele getirip, şonsuz sahy we myhmansöýer halkyň ruhuna düşünmek we ony duýmak mümkin däldir.
Syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen Türkmenistan täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde tanalyp başlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda pudagyň innowasion düzümi, onuň döwrebap netijeli nusgasy döredilýär.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen döwlet Baştutanymyz degişli ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegi hem-de dürli derejedäki halkara gatnaşyklaryny ösdürmegi ileri tutulýan wezipeleri biri hökmünde kesgitledi. Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurt forumlaryna, şol sanda Daşkent sergisine gatnaşmagy hem muňa ýardam etmäge gönükdirilendir.
Çäräniň maksatnamasy baý mazmunly bolup, onda kompaniýalaryň tanyşdyryş çäreleri, “Ýüpek Ýolunyň tagamlary” we “Gündogar bazary” atly milli tagamlaryň festiwaly hem-de halk çeper senetleri boýunça interaktiw tälim beriş sapaklary jemlendi. Döwlet we halkara guramalarynyň, şol sanda UNWTO, UNESKO, BSGG, GIZ we beýleki guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda medeni mirasy goramak meselesine bagyşlanan halkara maslahaty esasy wakalaryň biri boldy.
Işewür gatnaşyklary ýoly goýmak üçin serginiň iş meýdançasyny peýdalanmak bilen, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işgärleri daşary ýurtly kärdeşleri, kompaniýalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurt operatorlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümini Özbegistanda ilerletmek, syýahatçyylk ulgamy üçin işgärleri taýýarlamakda tejribe alyşmak, syýahatçylykda we garyşyk pudaklarda hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda mümkinçilikler kesgitlendi. Bilelikdäki syýahatçylyk çärelerini, hususan-da, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen işewürler maslahatlaryny, bilim konferensiýalaryny, sergileri we tanyşdyryşlary guramak boýunça meseläni gutarnykly işlemek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Özbegistana bolan saparynyň barşynda 2014-2016-njy ýyllar üçin medeni-gumanitar ulgamda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň möhümdigi bellenildi. Bu resminama biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary medeni syýahatçylyk ugry boýunça hem giňeltmäge ýardam edýär.
Şu ýylyň tomsunda Dörtgül, Karşy, Termez, Buhara, Daşkent we Daşkent oblastynda türkmen respublikan medeni merkezi hem-de “Özbegistan-Türkmenistan” dostluk jemgyýeti tarapyndan dürli çäreler guraldy. Olar iki halkyň goňşusylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem-de özbek doganlarymyzyň ýurdumyzyň mirasyna, türkmen däp-dessurlaryna gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam etdi.
Biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň taryhdan gözbaş alýan dostluk gatnaşyklary we umumy medeni kökleri syýahatçylyk ulgamynda, ozaly bilen Beýik Ýüpek ýoly boýunça uly meşhurlyga eýe bolýan syýahatçylyk ugruny ösdürmekde täze bilelikdäki taslamalar üçin esas döredýär. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň ýakyn goňşuçylygy hem-de hyzmatdaşlygy, ulag ulgamynda goşulyşmagy dürli gezelençleri guramaga ýardam edýär.
Şu gün 21-nji Daşkent halkara syýahatçylyk söwda sergisiniň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde çärä gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy boldy.