Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşyna we başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdigine ünsi çekip, bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi. Oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan güýzlük bugdaý ekişiniň haýal alnyp barylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu möhüm möwsümi geçirmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýtdy. Milli Liderimiz aýratyn-da Kaka, Derweze we Baharly etraplarynda bugdaý ekişiniň talabalaýyk guralmandygyny belledi we onuň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Kaka, Derweze we Ak bugdaý etraplarynda pagta ýygymynyň haýal alnyp barylýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň sebäplerini seljerip, ýygymyň depginini güýçlendirmegi häkimden talap etdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň oba hojalyk toplumynda, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeleri, olaryň öz wagtynda gurulmagy hem-de şanly seneler mynasybetli açylyş dabarasynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada durup geçdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu ugurda iş alyp barýan düzümleriň zähmetiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilmegi bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň Bereket etrabynda bugdaý ekişiniň guralyşyna ünsi çekip, onuň pes derejede alnyp barylmagynyň sebäplerini seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we şahyryň muzeýiniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň öz möhletinde tamamlanylmagyny üpjün etmek boýunça depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň günüň talabyny ödemeýändigine ünsi çekip, oba hojalyk önüm öndürijileriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň Akdepe we Gurbansoltan eje adyndaky etraplarynda bugdaý ekişiniň günüň talabyna laýyk guralmandygyna ünsi çekip, häkime bugdaý ekişiniň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de ekişiň depginini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Ruhubelent, Gurbansoltan eje adyndaky we Köneürgenç etraplarynda pagta ýygymyň pes derejede guralmagynyň sebäplerini seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin işleriň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, welaýatyň oba hojalyk pudagynda bar bolan mümkinçiliklerden işjeň peýdalanyp, öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini bellenilen möhletde tamamlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Milli Liderimiz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini, umuman, welaýatda oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesiniň döwrüň talabyny ödemeýändigini, bu babatda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi babatda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigine garamazdan, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgininiň maksada laýyk däldigini belledi. Hususan-da, welaýatyň Atamyrat, Sakar we Döwletli etraplarynda bugdaý ekişiniň depgini örän pes. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýagdaýlaryň sebäplerini seljermegi hem-de emele gelen ýagdaýy düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, ýagny Birata, Beýik Türkmenbaşy adyndaky we Köýtendag etraplarynda pagta ýygymynyň talabalaýyk guralmandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pagta ýygymynyň bellenilen tertipden yza galmagynyň sebäplerini düzetmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, Sakarçäge, Murgap we Garagum etraplarynda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini aýtdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň birnäçe etraplarynda, aýratyn-da, Altyn sähra ,Wekilbazar, Mary etraplarynda pagta ýygymynyň guramaçylyk derejesiniň pesdigini aýdyp, emele gelen ýagdaýyň sebäplerini seljermegi we möwsümleýin işleri bellenilen tertibe laýyklykda tamamlamak üçin ýygymyň depginini güýçlendirmek babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz oba hojalyk işleriniň guramaçylyk derejesiniň pesdigine ünsi çekip, işleri guramakda ýaltaçylyga ýol bermän, emele gelen ýagdaýy düzetmek ugrunda işeňňir tagalla etmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abylow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak boýunça degişli düzümleriň işlerini güýçlendirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramyny mynasyp garşylamak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.
Homatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda abadanlaşdyrylyş we arassaçylyk işleri bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belläp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Şanly Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada aýtmak bilen, onuň çäklerinde gyzykly medeni çäreleriň guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty jemlemek bilen, ýolbaşçylaryň öňünde möhüm meseleleri kesgitläp, öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri alyp barmagy, bu ugurda ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi hem-de ýerlerde işleri degişli derejede ýola goýmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.