Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler däp bolan dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň, ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýär. Oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugradyldy.
Mälim bolşly ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan we parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýaçat strategiýasyny yzygiderli ýöredýän Bitarap Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen, bolşy ýaly, dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen hem netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda strategiki hyzmatdaş hasaplanýan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda işjeň döwletara syýasy geňşmeleriniň berkidilmegine möhüm orun degişlidir. Munuň özi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň we häzirki döwrüň talabyna laýyk hil taýdan täze derejä çykarmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistan we ABŞ bilelikdäki iş boýunça toplanan baý tejribeleri we dürli pudaklardaky gatnaşyklaryň kuwwatlyklaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär. Häzirki döwürde bu ulgamdaky däp bolan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler açýar we soňky ýyllarda onuň üsti täze anyk mazmun bilen ýetirilýär. Türkmenistan bilen Amerikanyň biziň ýurdumyzyň ygtybarly işewür hyzmatdaşlary hökmünde özüni tanadan bütin dünýä belli kompaniýalarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Türkmenstan-ABŞ” işewürler geňeşiniň netijeli işi ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Onuň işjeň gatnaşmagynda işewür duşuşyklar, maslahatlar we özara peýdaly, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürilmegine, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine gönükdirilen beýleki möhüm çäreler yzygiderli guralýar. Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary hökmünde ulag hem-de aragatnaşyk pudaklaryny, energetika ulgamyny, oba hojalygyny, täzeçil tehnologiýalar ugruny we beýlekileri görkezmek bolar. Bu barada aýdanyňda, Amerikanyň iri işewürler toparlarynyň wekilleriniň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli düzümleýin taslamalaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşmaga bolan gyzyklanmalarynyň yzygiderli artýandygyny bellemeli.
Netijeli ynsanperwerlik gatnaşyklary, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Bu ulgamlardaky däp bolan türkmen-amerikan gatnaşyklary birnäçe bilelikdäki taslamalarda, çärelerde, şol sanda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we ABŞ-nyň Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günlerinde öz beýanyny tapýar. Yzygiderli guralýan şeýle çäreler iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenstanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda sport we syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň giň mümkinçilikleri açylýar.
Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, tutuş adamzady tolgundyrýan ählumumy wehimlere we howplara garşy durmak bilen baglanyşykly meselelerde hyzmatdaşlyk etmek türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, giň halkara hyzmatdaşylk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýansynyň 70-nji mejlisinde öňe süren teklipleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri taraplaryň hoşniýetli erkine we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara esaslanýan özara döwletara gatnaşyklaryny öňe ilerletmegiň we ony mundan beýläk-de berkitmegiň, ösdürmegiň ýolundaky täze netijeli ädime öwrüler.