Ï Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 754
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maliýe-bank ulgamynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda 2016-njy ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy bolan Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere seredildi.

Milli Liderimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowy, Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedowy hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripowy bir wagtda çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen wise-premýer B.Hojamämmedowyň hasabatyny diňledi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilendigini habar berdi. Onuň barşynda döwletiň hasabyna maliýeleşdirilýän islegleri kanagatlandyrmagyň ugurlary, döwletimiziň gaznasynyň çeşmeleri we oňa gelip gowuşmaly maliýe serişdeleriniň garaşylýan möçberleri kesgitlenildi.

Häzirki döwürde deslapky hasaplamalara görä, býujetiň taslamasynyň birinji tapgyry taýýarlanyldy. Onda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we gulluklaryň maliýe zerurlyklarynyň ähli bölümleri, şeýle hem ykdysadyýetiň ösüşine we türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen milli maksatnamalar anyklanyldy. Hususan-da, Döwlet býujetiniň taslamasynda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp haklaryny we beýleki durmuş töleglerini ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, geljek ýylda medeniýet, bilim, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, saglyk ulgamy ýaly durmuş ugurlaryna gönükdirilýän serişdeler artdyrylar. Milli manadanymyzyň durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy. Umuman aýdylanda, baş maliýe resminamasynda 2016-njy ýyl üçin döwletimiziň girdejileri we çykdajylary kesgitlenildi. Ýakyn wagtda minsitrlikler we pudak edaralary býujet boýunça teklipleriň üstünde işlemegi tamamlar we onyhormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlärler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň öňi bilen ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sazlaşykly we köpugurly ösüşine, hususy ulgamyň höweslendirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin milli pudaklaýyn hem-de sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylmalydygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz makroykdysady görkezijiler yzygiderli gözegçilik etmegiň we geljekki ösüşiň ugurlaryny kesgitlemegiň örän ähmiýetlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ýurdumyzyň ykdysady-maliýe ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedowyň hasabatyny diňledi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda gymmat kagyzlar bazaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň we onuň taslamasynyň üstüni ýetirjek goşmaça çeşmeleriň işjeň gözlenilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ministrligiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda durnukly maliýe ýagdaýynyň saklanmagynyň we maýa goýum serişdelerini çekmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň bardygyny aýratyn belledi

Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow milli Liderimize býujetiň doldurmagyň birnäçe çeşmeleri hakynda hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Kanunynyň düzgünlerini, şeýle hem döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmagy ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň, döwlet edaralarynyň hususylaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu çäräniň ilatyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, her bir maşgala üçin amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýaşýayş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagynyň muzdsuz berilmeginiň Tertibiniň we Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň satyn alynmagynyň Tertibiniň, şeýle hem döwlet edaralaryny hususylaşdyrmagyň Tertibiniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy we ministre bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, maliýe-ykdysady ulgamyň ýolbaşçylaryna Döwlet býujetini taýýarlamak, ilkinji nobatda bolsa, döwlet gaznasyna maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň ýollaryny gözlemek, ekspota gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, elektron senagatynyň önümçiligi boýunça kärhanalaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri düýpli seljermegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlaryň senagatlaşdyrylmagyna ýardam bermegi, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini, tutuşlygyna alnanda bolsa, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyny maksat edinýän döwlet maksatnamalarynda we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň düzgünnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda çözülmegi bilen balanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti ikitaraplaýyn türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşmak üçin ABŞ-a we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowy GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gazagystana ibermek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işleinde uly üstünlikler arzuw etdi.