Şu gün “Mizan” täjirçilik merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmäge bagyşlanan türkmen-belarus işewürler maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň we Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guran duşuşygyna gatnaşmak üçin Belarusuň döwlet düzümleriniň, Söwda-senagat edarasynyň sebit wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi, şeýle hem wekiliýetiň düzüminde iri hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary bar, şol kompaniýalar ykdysady işiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilendir.
Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda “Borisowskiý şpalopropitoçnyý zawod”, “Belşina”, “Seýsmotehnika”, “BKK “Domoçaý”, “Bobryýskiý zawod biotehnologiýa”, “Bellakt”, “Komunarka”, “Litoplast-Med”, “Witebskiýe kowry”, “Inwolýuks” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri we awtomobil gurluşygynda, agajy gaýtadan işlemekde hem-de mebel pudagynda, azyk we dokma senagatynda, lukmançylyk enjamlarynyň önümçiliginde, halyçylykda işleýän beýleki kärhanalar bar.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, senagat, Gurluşyk we binagärlik, Jemagat hojalygy, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň, “Türkmenhaly” we “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň däbe öwrülen köpugurly hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýe bolup, özara bähbitlere hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýär. Muňa iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüş depginleri, bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilmeginde iri belarus kompaniýlarynyň türkmen bazarynda işjeň iş alyp barmagy hem şaýatlyk edýär. Türkmen-belarus ykdysady hyzmatdaşlygynyň bilelikde amala aşyrylýan örän möhüm taslamalarynyň biri hem Lebap welaýatynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça ägirt uly Garlyk dag-magdan toplumynyň gurluşygydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Belarus Respublikasyna bolan resmi sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi, saparyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna, şol sanda senagat we önümçilik pudagynda hyzmatdaşlygyň, iki dostlukly ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine degişli ylalaşyklara gol çekildi. Olaryň hatarynda belarus oba hojalyk önümlerini, awtomobil, ýol gurluşygy, jemagat we ýolagçy ulagyny ibermek ulgamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar. Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Belarus Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri babatynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty bilen Belarus Respublikasynyň Marketing we nyrhlaryň konýunkturasy milli merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, söwda-senagat edaralarynyň ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşlirmek, şol sanda Türkmenistan –Belarus işewürler geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu işlere Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde utgaşdyryjy merkez hökmünde oňyn ýardam edýär. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän bilelikdäki türkmen-belarus işewürler maslahatlary telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berýär.
Aşgabatda we Minski şäherinde iki ýurduň söwda öýleriniň açylmagy türkmen-belarus söwda dolanyşygynyň ösüş depginlerini pugtalandyrmakda senagat sebitleri we önüm öndürýän hyzmatdaşlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy. Türkmen we belarus önüm öndürijileriniň geçen ýylyň güýzünde iki ýurduň paýtagtlarynda geçirilen bilelikdäki sergi-ýarmarkalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Sergilerde Türkmenistanda we Belarusda öndürilýän eksport ugurly köp görnüşli ýokary hilli harytlar görkezildi. Bu gözden geçirilişler iki ýurt üçin hem bähbitli bolan söwda dolanyşygynyň esasy ugurlaryny, şol sanda awtomobil we durmuş tehnikasyny, elektrik enjamlaryny, obasenagat toplumynyň we himiýa pudagynyň önümlerini, dokma we haly önümlerini, mebel, derman serişdelerini ibermek ulgamynda gatnaşyklaryň ugrularyny kesgitledi.
Maslahatyň açylyşynda çykyş eden Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Minsk bölüminiň baş direktory Aleksandr Fedorçuk belarusly hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplayn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady, bu gatnaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ýyl-ýyldan giňeldilýär. Türkmenistana zerur bolan tehnikalaryň müňlerçesini iberýän Minskiniň awtomobil zawody we Minskiniň traktor zawody ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini görkezýär. Hyzmatdaşlygyň beýleki geljegi uly ugurlary, hususan-da, ýurdumyza ýük wagonlaryny, ýol enjamlaryny, liftleri we belarus önümleriniň beýleki görnüşlerini ibermek baradaky meselä garalýar. Belarusdan getirilýän tehniki serişdelere öz wagtynda we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda köp ugurly merkez gurulýar.
A.Fedorçuk Belarusuň iň iri senagat we innowasiýa merkeziniň biri bolan Mogilýow şäheri bilen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp, şu gezekki işewürler maslahatynyň geljekki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Maslahatyň esasy maksady hyzmatdaşlygyň täze ugurlayny kesgitlemekden, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Belarusuň ykdysady gazananlary, özara bähbitlere laýyk gelýän uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler baradaky wideofilmler görkezildi.
Maslahatyň çäklerinde döwlet düzümleriniň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi, olaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.