Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny guramak bilen, obasenagat toplumynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna pagtany işläp taýýarlamaga niýetlenen täze kärhana welaýatyň Altyn asyr etrabynda guruldy.
Mälim bolşy ýaly, gowaça oba hojalyk pudagynyň möhüm görnüşi bolmak bilen, ony ösdürip ýetişdirmek boýunça baý tejribe toplandy. “Ak altyny” öndürmek we ony gaýtadan işlemek obasenagat toplumynyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu geljegi uly hasaplanýan pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, oňa ylmy işläp taýýarlamalaryň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, önüm öndürijileriň ykdysady taýdan höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler bu pudakda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, oba hojalygyny, şol sanda pagtaçylygy ösüşiň täze belentlikleine çykarmaga gönükdirilendir. Aýratyn-da, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýurdumyzyň her welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan we ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleri ulanmak, oba hojalyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda ylmy seçgiçiligi işjeňleşdirmek, pagtanyň etraplaşdyrylan täze tiz ýetişýän, hasylly, ýokary hilli süýümi bolan görnüşlerini döretmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň oňyn özgertmeler syýasaty netijesinde soňky ýyllarda bu ugurda belent sepgitler eýelendi. Şu gezekki pagty ýygymy möwsüminde Türkmenistanda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonnasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň eksport ulgamynyň möhüm bölegini eýelemek bilen, pagta ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän we halkara ülňülerine laýyk gelýän hem-de ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda ýokary islegden peýdalanýan önümleri öndürýän dokma senagatynyň kärhanalary üçin zerur çig mal bolup durýar. Pagtaçylyk pudagynyň ähli mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmegiň, “ak altynyň” hasylynyň möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň barşynda ýokary hilli tohumlyk serişdeleriň taýýarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen pagtany gaýtadan işleýän düzüm yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Şeýlelikde, şu ýylyň iýun aýynda pagta çigidini gaýtadan işlemek boýunça döwrebap pagta arassalaýjy kärhanalary Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda we Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynda gurlup, ulanmaga berildi. Geçen ýyl bolsa şeýle kärhana Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda guruldy. Görogly etrabynda ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanada bolsa täze seh işe girizildi.
Şu gün bolsa maýa goýum taslamalarynyň ýene-de biri amala aşyryldy. Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy zawod gurlup, ulanylmaga berildi. Bu desga “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Türkiýäniň ýurdumyzyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşy bolan “Engin Group Сonsorсium S.A.” kompaniýasy tarapyndan bina edildi.
Bu ýeri ir säherden baýramçylyk dabarasyna beslendi. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly oba hojalyk işgärleri bar.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze kärhananyň ýanyndaky meýdançada gondy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşyrdylar.
Hormatly ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyz olary ýetip gelýän baýramçylyklar – Garaşsyzlyk güni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşulularyň iş-aladalary, durmuş ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, golaýda bolan Ýaşulular maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Onuň barşynda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmak boýunça wezipeler kesgitlenildi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obada oňyn özgertmeleri alyp barmak, halk hojalygynyň bu möhüm pudagyny hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak biden baglanyşykly meseleler bu ýerde bolan gürrüňdeşligiň esasyny düzdi.
Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabynda gurlan täze kärhananyň dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny belläp, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolup durýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz bu desganyň ulanmaga berilmegi gaýtadan işleýän senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz täze kärhananyň sebit üçin uly ähmiýete eýe boljakdygy barada aýdyp, bu ýerde ýokary gögerişi kepillendirjek tohumlaryň taýýarlanyljakdygyny belledi. Munuň özi gowaçany ýekelemek ýaly hysyrdyly we zähmeti köp talap edýän işi ýerine ýetirmek zerurlygyny aradan aýrar. Degişlilikde, daýhanlaryň zähmet öndürijiligi ýokarlanar, munuň özi ykdysady nukdaýnazardan örän wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeler ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar, şunuň netijesinde sebitler hemmetaraplaýyn ösüşe eýe boldy. Ahyrky netijede, bu çäreleriň ählisi ilatymyzyň ýaşaýyş we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik desgalary yzygiderli gurulýar, ähli ýerde ylmy-tehniki gazananlar ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny hem-de ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady. Şol hyzmatdaşlyk bolsa özara bähbitlilik hem-de birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty halkara derejesinde ykrarnama eýe bolýar. Dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn hem döwletimiziň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde beýan eden tekliplerini giňden goldamagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň köpasyrlyk demokratik we ynsanperwerlik däp-dessurlara eýedigini belläp, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgeleri ösdürmek işinde, olary ýaş nesle geçirmekde hormatly ýaşululara möhüm orun degişlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ýörelgeleriň her biriniň çuň mana eýedigini aýdyp, olaryň jemgyýetimiziň durmuşynda mynasyp dowam etdirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak türkmenlerde gadymy döwürlerrden bäri dowam edip gelýän we täze taryhy eýýamda dowam etdirilýän halk demokratiýasynyň we däp-dessurlarynyň esasy ýörelgeleriniň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýaşulular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän baýramlar bilen gutlap, häzirki döwürde Türkmenistanyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly we ynamly öňe barýandygyny nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly işleri netijesinde ýurdumyzyň her bir güni täze üstünliklere beslenýär. Munuň özi türkmen halkyny täze beýik üstünliklere ruhlandyrýar.
Hormatly ýaşulular milli Liderimize halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak, sebitleri sazlaşykly ösdürmek, senagat kärhanalaryny gurmak barada yzygiderli ala edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olar şeýle hem döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz kärhananyň baş binasyna tarap ugrady. Bu ýerdäki meýdançada şanly waka mynasybetli medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Bu günki çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen döwlet Baştutanymyz täze kärhananyň toý bagyny kesdi. Şeýlelikde, obasenagat düzüminiň täze desgasy açyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň önümçilik bölümine geldi. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde kärhananyň işgärleriniň haýyşy boýunça önümçilige badalga berýär. Binanyň eýwanynda oturdylan monitorda täze kärhananyň tehniki we tehnologiki kuwwaty barada maglumat berýän wideofilm görkezildi. Bu ýerde işleýän hünärmen milli Liderimize pagta süýüminiň önümçilik derejesi we kärhananyň enjamlaşdyrylyşy barada gürrüň berdi.
Senagat toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 16,95 gektara barabardyr. Pagta arassalaýjy kärhanasy üç iş çalşygynda, ýagny gije-gündiziň dowamynda işlär. Umuman, zawodda jemi 230 adam işlär.
Ýokarda bellenilişi ýaly, kärhananyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna önüme barabardyr. Bu ýerde dünýäniň öňdabaryjy, şol sanda ABŞ-nyň dünýä belli “BS Supply” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly täze enjamlary oturdyldy. Bu bolsa çig maly ýokary hil derejesinde gaýtadan işlemäge, pagta çigidini himiki usul bilen künjaradan arassalamaga, ony kesellere garşy gaýtadan işlemäge, önümi ýörite serişdeler bilen baýlaşdyrmaga we 20 kilogram agramy bolan ýörite gaplara gaplamaga mümkinçilik berýär. Bu enjam sagatda 15,36 tonna, bir günde bolsa 315 tonna golaý pagta çigidini arassalamaga ukyplydyr. Mahlasy, kärhanada 4,2 aýyň dowamynda 40 müň tonna pagta çigidi gaýtadan işleniler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň dolandyryş bölümine bardy. Bu ýerde hünärmen milli Liderimizi kärhananyň dolandyryş ulgamy bilen tanyşdyrdy. Bölümde el zähmeti ýokary derejede azaldylypdyr we tutuş dolandyryş ulgamy awtomatiki usulda amala aşyrylýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz zawodyň taýýar önümini – bu ýerden dokma kärhanalaryna iberiljek gaplanan pagta süýümini hem-de ekiş üçin niýetlenen, haltalara gaplanan gowaça çigidini synlady. Gaplaryň her biri degişli ştrih-şertli belgi bilen belgilenipdir.
Süýümiň çyglylygynyň, göwrüminiň, uzynlygynyň, reňkiniň, arassalygynyň görkezijileri ýörite barlaghana enjamynyň ekranynda şöhlelendirilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän önümleri ştrih-şertli belgiler bilen belgilemek ulgamy hemmetaraplaýyn girizilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, alyjylaryň hukuklaryny üpjün etmek we olara zerur hem-de anyk maglumatlary bermek maksady bilen alnyp barylýan işler 2017-nji ýylda tamamlanar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlara awtomatiki belgiler we ştrih-şertli belgiler ulgamynyň girizilmeginiň olaryň ýokary hil derejesiniň, önümleriň ähli kadalara, şol sanda ekologiýa düzgünlerine laýyk gelmegi babatda önüm öndürijileriň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa bu ulgamda geçirilýän işleri işjeňleşdirmegi, şeýle hem degişli hünär boýunça hünärmenleri taýýarlamagy ýola goýmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, marketingiň hem-de ýurdumyzda öndürilen harytlary ýerlemegiň häzirki zaman usullaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň, şol sanda dokma önümleriniň dünýä bazalarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.
Milli Liderimiz kärhananyň tohumlyk pagta çigidiniň daşy arassalanylýan bölümine bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy “ak altynyň” ýokary hasyllygynyň baş şerti bolan ýokary hilli onümçilik çigidi taýýarlamagyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.
Hormatly Prezidentiimz bu ýerde oturdylan döwrebap enjamlaryň tehnologiki we önümçilik aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Pagta çigidinden ýokary derejeli gögeriş almak üçin, olar ilki bilen inkubatorlara ýerleşdirilýär, onuň arassalanylýar we ýörite serişdeler bilen gaýtadan işlenilýär. Soňra olar ekiş üçin taýýarlyk görnüşe getirilýär. Bu usul tohumlyk çigidine harçlanýan çykdajyny 4 essä golaý azaltmaga ýardam berýär. Şunda, gowaça meýdanlarynda hysyrdyly zähmeti talap edýän agrotehniki çäre bolan gowaçanyň ujuny çyrpmak zerurlygy aradan aýrylýar.
Gowaça çigidini himiki taýdan arassalaýyş bölüminde bir sagadyň dowamynda 2 müň 880 kilogram tohumlyk pagta çigidi arassalanylýar we toparlara bölünýär. Bu bölümde bir gije-gündiziň dowamynda tohumlyk çigidiň 60 tonna golaýy taýýarlanylýar.
Ahal welaýaty boýunça ortaça 120 müň gektara gowaça ekilýär. Şunça meýdana 3 müň 960 tonna tohumlyk çigit zerur bolup durýar. Indi şonça mukdardaky tohumlyk serişde 60 günüň dowamynda taýýarlanylýar.
Bu möhüm desganyň gurlan ýeri bolan Altyn asyr etraby gowaça ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan etraplaryň biridir. 2015-nji ýylda bu etrapda inçe süýümli gowaça ekilen 2 müň 950 gektar meýdandan 24 müň tonna golaý “ak altyn” hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz kärhana bilen tanyşlygy tamamlap, Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz kärhananyň işgärlerine, sebitiň pagtaçylyk pudagynyň ähli zähmetkeşlerine işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, zawodyň ýolbaşçylaryna täze ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde meşhur “Engin Group” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Engin Kaleni kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýakynlaşyp gelýän şanly seneler – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy hem-de Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň, türkmen topragynyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady. Türkiýeli hyzmatdaşlarymyz bolsa köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Engin Group” kompaniýasynyň pudagyň önümçilik düzüminiň iri taslamalarynyň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda Engin Kale türkmen Liderine kompaniýanyň Türkmenistanda amala aşyrýan taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Myhman türkmen bazarynyň özüne çekijiligini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işelemegi üçin döredilen amatly şertleri belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.
Türkiýeli işewür bildiren ynamy üçin türkmen Liderine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “Engin Group” kompaniýasynyň bildirilýän talaplary nazara almak bilen, mundan beýläk hem özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşjekdigini hem-de özara gatnaşyklaryň göz öňünde tutulan meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.
Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.