Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Hytaýyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň 2013-nji ýylda Aşgabada bolan döwlet saparynyň barşynda gol çekilen Mary we Sian şäherleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda guralan giň möçberli çäre iki ýurduň gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini, türkmen we hytaý halklarynyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy, ruhy hem-de medeni gatnaşyklary saklamaga hem-de ösdürmäge gyzyklanmasyny tassyklaýar.
Soňky ýyllarda medeniýet ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklary ep-esli işjeňleşdirildi. Iki ýurduň bu möhüm ulgamdaky özara gatnaşyklarynyň geljegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň maý aýynda Hytaýa bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak hakyndaky Bilelikdäki jarnamada öz beýanyny tapdy. Şonda Mary şäheriniň we Sian şäheriniň arasynda doganlaşan gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.
Häzirki wagtda iki ýurduň medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly geçirilýän çäreleriň hatarynda döredijilik işgärleriniň, sungat ussatlarynyň halkara festiwallaryna, ylmy maslahatlara, sergilere we beýleki çärelere gatnaşmagyny görkezmek bolar. Bu çäreler Türkmenistanda we Hytaýda yzygiderli geçirilýär.
Geçen ýyl Pekinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenildi, şu ýyl bolsa dostlukly ýurtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guralýar. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň paýtagtynda “Kitap parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda” atly ýöriteleşdirilen serginiň, “Türkmenistan-Hytaý: Beýik Ýüpek ýoly – dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly” atly ylmy maslahatyň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň – “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki işiniň, “Ganatly bedewler” hem-de “Türkmenistan—melhemler mekany” atly kitaplarynyň, “Döwlet guşy” romanynyň hytaý diline terjime edilmegi Türkmenistanyň taryhyna we medeniýetine, ylmyň hem-de sungatyň ösüşine uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Dostlukly ýurtlarda ýygy-ýygydan geçirilýän döredijilik çäreleri aýratyn meşhurlyga eýedir. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Pekindäki Medeniýet günleriniň üstünlikli geçendigini bellemelidiris. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda we şu ýylyň awgust aýynda Hytaýyň medeniýet wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle çäreler Aşgabatda geçirildi.
Bu gün Hytaýyň medeniýet we sungat wekilleri ýene-de Türkmenistana geldiler. Soňky ýyllarda halkara medeni alyşmalaryň merkezi hökmünde işjeň ösýän, gadymy taryhy we baý medeniýeti bolan şäher Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän ýeri hökmünde seçilip alyndy. 2012-nji ýylda Mary şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty we 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde seçilip alynmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Gadym döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady bolan Hytaýyň Sian şäheriniň hem-de şol döwürlerde Gündogary we Günbatary söwda hem-de medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyran bu meşhur ýoluň möhüm merkezleriniň biri hökmünde Mary şäheriniň doganlaşmagynyň çuňňur manysy bardyr.
Doganlaşan şäherleriň hyzmatdaşlygy hem biziň günlerimizde Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagynyň gaýtadan dikeldilmegine ýardam edýär. Olaryň arasynda hemişelik dostluk gatnaşyklary ýola goýulýar. Şol gatnaşyklar bolsa wekiliýetleri, çeper we sport toparlaryny, sergileri, edebiýatlary, kinofilmleri we beýlekileri alyşmakda öz beýanyny tapýar.
Mysal üçin, 2014-nji ýylyň maý aýynda Sianda geçirilen “Silk Road International Expo” halkara sergisinde ýurdumyzyň bölümi uly gyzyklanma döretdi. Onda milli aýratynlyklar hem-de gadymy türkmen medeniýetiniň özboluşly öwüşginleri öz beýanyny tapan gymmatlyklar görkezildi. Ajaýyp türkmen halylarynyň we haly önümleriniň, özboluşly şaý-sepleriň hem-de dürli sowgatlyk önümleriniň, milli keşdeli zenan lybaslarynyň arasynda täsin sungatyň syrlaryny aýawly saklaýan we nesilden-nesle geçirýän maryly ussatlaryň işleri hem bardy.
Häzirki döwürde milli medeniýetiň ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini artdyrmakda hem möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Şunuň bilen baglylykda, doganlaşan Mary we Sian şäherleriniň doganlaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Sianyň taryhy 3 müň ýyldan geçýär. Hytaýyň meşhur taryhy we medeni merkezleriniň biri bolan bu şäher 13 neberäniň dowamynda Hytaýyň paýtagty boldy. Taryhy ýerleri, geçen eýýamlaryň ýadygärlikleri, özboluşly tebigaty bu ýere dünýäniň ähli yklymlaryndan gelýän köpsanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Syýahatçylygyň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin uly kuwwata eýe bolan, medeniýetiň, ylmyň we sungatyň gadymy merkezi hasaplanýan Mary üçin Sianyň syýahatçylyk işi babatdaky tejribesi örän peýdalydyr.
Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäheriniň Marydaky Medeniýet hepdeligi iki şäheriň derejesinde guralan ilkinji giň möçberli çäredir we ol köpugurly gatnaşyklaryň başyny başlar.
Türkmenistana gelen wekiliýetiň düzümine medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Sian şäheriniň häkimiýetiniň, şeýle hem Dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Sianyň aýdym-saz we tans toparynyň artistleri girdiler.
Bu döredijilik toparynyň çykyşlarynyň maksatnamasynyň esasyny aýdym-saz we tans çykyşlary hem-de häzirki zaman horeografiki kompozisiýalar we aýdymlar düzýär. Olar hytaý halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýär.
Myhmanlara mähirli kabul edişlik garaşýardy. Mary şäheriniň howa menzilinde hytaýly artistler duz-çörek, sahawatly türkmen topragynyň naz-nygmatlary bilen garşylandy. Myhhmanlar şol ýerden şäheriň merkezine ugradylar we ýolugrunda onuň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdylar.
Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy merkezi meýdançada, hakyky ylym, bilim we medeniýet ojaklary bolan Gadymy Merwiň iri kitaphanalarynyň mirasdüşeri hasaplanýan Marynyň welaýat kitaphanasynyň binasynyň öňünde geçirildi.
Şäheriň bu böleginde gadymy Maryny onuň çäklerinden daşda-da şöhratlandyran türkmen topragynyň gahryman we zehinli ogullarynyň ady dakylan esasy köçeler kesişýär. Bu ýerde ruhy we medeni merkezler – ajaýyp Ruhyýet köşgi, Gurbanguly hajy adyndaky ak mermerli beýik metjit, Kemine adyndaky Döwlet drama teatry, şondan aňyrrakda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýerleşýär. Muzeýde sebitiň gadymy taryhy, türkmen halkynyň baý däp-dessurlary hem-de welaýatyň häzirki gazananlary barada gürrüň berýän täsin gymmatlyklar jemlenendir. Ägirt uly baýdak sütüninde parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap ynamly barýan türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň we häzirki ajaýyp gününiň arabaglanyşygy baradaky pikiri alamatlandyrýar.
Bu ajaýyp binagärlik toplumynyň merkezinde dostlukly ýurduň sungat wekilleri bilen duşuşmak üçin welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandylar.
Çykyşlarda iki halkyň dostlugyny, özara düşünişmegini pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde şu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar iki döwletiň Baştutanlaryna türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Medeni çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Hytaýyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Tomaşaçylar sazyň sazlaşygyna, tanslaryň özboluşlylygyna hem-de öz ýurdunyň sungaty bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligini peşgeş beren hytaýly artistleriň köp öwüşginli lybaslaryna haýran galdylar.
Myhmanlar tarapyndan doganlaşan Mary şäherinde çykyş etmek üçin ýörite taýýarlanan maksatnamada türkmen we hytaý halklarynyň taryhy hem-de medeni gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Munuň özi hytaýly artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-saz we tans çykyşlarynda öz beýanyny tapan Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly mowzuga ýüzlenilmegini şertlendirdi. Baýramçylyk agşamy “Beýik Ýüpek ýoly gülläp ösüş eýýamynda” atly tans bilen tamamlandy. Bu tansda täze taryhy eýýamda bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de nurana geljegiň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürýän hytaý we türkmen halklarynyň dostlugy hem-de doganlygy wasp edilýär.
Sian şäheriniň Medeniýet hepdeligi ertir Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylýan surat sergisini, Hytaýyň şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň Mary welaýatynyň ýaş suratkeşleri bilen ussatlyk sapaklaryny, hytaýly artistleriň konsertini öz içine alýar.
Doganlaşan şäherleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konserti döredijilik çäresiniň jemleýji wakasy bolar. Bu konsert 17-nji oktýabrda Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda geçiriler.
Myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnamasy taýýarlanyldy. Şol maksatnama laýyklykda, myhmanlar “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna we welaýat merkeziniň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler.