Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 763
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlarynda, şol sanda Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilen 13-nji nobatdaky desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda pudagynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ösdürilmegi babatda tabşyryklar berdi.

Milli Liderimiz dolandyryş ulgamyna häzirkizaman tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi, munuň özi häzirki wagtda jemgyýetiň we döwletiň okgunly ösüşiniň aýrylmaz bölegi we möhüm guraly bolup, serişdeleri netijeli peýdalanmaga hem-de guramaçylyk çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Milli Liderimiz döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ýokarlandyrmak barada wise-premýere degişli görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň desgalaryndaky işleriň ýagdaýlaryna, olara ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy boýunça işlere seljerme geçirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda alnyp barlan işlerde we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işlerde birnäçe kemçilikleriň bardygy ýüze çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki ösüşi, amatly şäher gurşawyny döretmek, adamlaryň amatly ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleri üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri nazara almak bilen, şäher düzüminiň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy paýtagtymyzyň ösüşinde amala aşyrylýan işleriň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, bu babatda öňde goýlan wezipleriň çözgüdiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygynda ýüze çykarylan kemçiikleri düzetmek we ähli degişli işleri ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça gyssagly çäreleri görmegi talap etdi we wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de P.Taganowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan desgalaryň gurluşyk işlerinde entek ýerine ýetirilmeli işleriň bardygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere düýpli nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekip, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýew Şamuhammede berk käýinç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, 2016-njy ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de Döwlet býujeti bilen bilelikde kabul edilýän maýa goýum maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Bu resminamalary taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Maliýe ministrligi tarapyndan zerur bolan maglumatlaryň, hasaplamalaryň we çaklamalaryň ählisi seljerildi. Esasy maliýe resminamasy işlenip düzülende, ileri tutulýan ulgamlary ösdürmäge gönükdirilen taslamalary maliýeleşdirmäge aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginde göz öňünde tutuldy. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, maliýe serişdeleriniň ep-esli bölegi milli, döwlet, sebit we pudak maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdiriler.

Döwlet býujetiniň girdejiler böleginde bolsa döwlet eýeçiligindäki kärhanalary, desgalary we döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyny hususylaşdyrmakdan, şeýle hem döwlet gazna obligasiýalaryny ýerlemekden gelip gowuşjak serişdeler göz öňünde tutuldy.

Hasabatyň çäklerinde ikinji Bütindünýä statistika gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen Rezolýusiýasyna laýyklykda, bu gün 20-nji oktýabrda bellenip geçiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň öňüsyrasynda “Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda” atly forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wekilleri gatnaşar. Maslahatda soňky ýyllarda milli statistikanyň ýeten sepgitleri, bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada çykyşlar ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetini düzmegiň möhüm meselelerine ünsi çekdi. Onda ykdysadyýeti ösdürmegiň milli strategiýasynyň, býujet-salgyt we pul-karz syýasatynyň ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapmalydyr. Döwlet Baştutanymyz esasy maliýe resminamasyny işläp taýýarlamaga oýlanyşykly çemeleşmegiň ýurdumyzyň durmuş, ykdysady we medeni taýdan mundan beýläk-de durnukly ösmegini, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda häzirki wagtda milli statistikanyň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumy baradaky maglumatlary ýygnamakda, işläp geçmekde, seljermekde we çap etmekde uly üstünliklere eýe bolandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ikinji Bütindünýä statistika gününiň bellenip geçilmeginiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda 17-nji oktýabrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylmagy mynasybetli guraljak çäreleriň maksatnamasy barada aýtdy.

Nusgawy şahyryň ýaşan we döreden mekanynda geçiriljek dabaraly çärelere medeniýet, ylym, bilim ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, şol sanda Medeniýet ministrliginiň, neşirýat gullugynyň, gazet-žurnallaryň, teleradio ýaýlymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly etrabynda guraljak dabaraly çäreleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, beýik türkmen şahyrynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylmagynyň nusgawy şahyryň edebi mirasyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde we öwrenmekde ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de bu mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu waka bagyşlanan dabaraly çäreleriň many-mazmunynyň Magtymgulynyň eserleriniň taglymyny, ynsanperwerlik hem-de watançylyk ähmiýetini düýpli açyp görkezmäge ýardam bermelidigini aýdyp, milli Liderimiz degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda häzrki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilýän güýzlük bugdaý ekişi dowam edýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Halkara atçylyk sport toplumynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň aýlawlarynda guraljak baýramçylyk at çapyşyklaryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze önümçilik desgalarynyň, şol sanda pagtany gaýtadan işleýän pudaga we dokma senagatyna degişli desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň tutuşlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, sebitleriň sazlaşykly ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk möwsümleriniň öz wagtynda we guramaçylykly geçirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we welaýatlarda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini taşbyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVIII maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri paýtagtymyza geler. Maslahatyň gün tertibine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işlerine degişli we ýer ýüzüniň türkmenleriniň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky meseleler giriziler. Däbe görä, daşary ýurtly watandaşlarymyz, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň jebisleşdiriji, netijelei döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde, ählumumy abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýetini nygtady. Häzirki wagtda DTYB-niň bölümleri üstünlikli hereket edýär, olaryň alyp barýan işleri türkmen halkynyň örän baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny we ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp barýan işleriniň ugurlarynyň barha giňeýändigine kanagatlanma bildirdi. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan medeni-gumanitar we ykdysady gatnaşyklar işäeňleşdirildi hem-de onuň üsti täze mazmun bilen ýetirildi.

Dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşmagynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň türkmen topragynda her ýylda geçirilýän maslahaty şanly waka bolup durýar. Ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistana gelip, şanly sene mynasybetli guralýan dabaraly çärelere gatnaşmak bilen, daşary ýurtly watandaşlarymyz taryhy Watanynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň beýik döredijilik ruhuna goşulmaga mümkinçilik alýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň dürli künjeklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen medeni-gumanitar gatnaşykaryň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, DTYB-niň öňde boljak ХVIII Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Biz mundan beýläk-de daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyza goldaw bereris, olary Türkmenistanyň milli baýramçylyklary, türkmen halkynyň taryhy, edebiýaty we medeniýeti mynasybetli ýurdumyzda guralýan halkara maslahatlaryna we festiwallaryna işjeň gatnaşmaga çekeris, bu bolsa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň ähli ugurlary boýunça netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bar bolan ägirt uly çig mal serişdeleri, senagat we ylmy mümkinçilikleri arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirkizaman tehnikalarynyň ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze uglewodord ýataklaryny senagat taýdan çalt depginlerde özleşdirmek, döwrebap gazhimiýa önümçiliklerini we nebitgaz toplumynyň köpugurly esasda ösdürilmegini, nebit önümleriniň örän köp görnüşleriniň önümçilik mukdarynyň artdyrylmagyny ugur edinýän beýleki desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de beýleki döwletlere ibermäge niýetlenen önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Çaly” hususy kärhanasynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamasy esasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda izogamy we folgaizoly öndürýän täze enjamlar toplumynyň gurnalandygyny hem-de işe girizilendigini habar berip, döwlet Baştutanymyza bu önümleriň nusgalaryny görkezip, olaryň aýratynlyklary barada aýtdy.

Toplumda gidroizolýasiýa materiallaryň önümçiliginde ulanylýan çig mallaryň 96,5 göterime barabar bolan möçberi ýerli çig mallardan ybarat bolup, bu önümçiligiň kuwwaty ýylda 10 million inedördül metr önüme barabardyr.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamyny ösdürmek, şol sanda Türkmenistanda bar bolan çig mal serişdeler kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen täze kärhanalary döretmek boýunça geçirilýän işleriň depgininiň çaltlandyrylmagynyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak we bäsdeşlige ukyply harytlary daşary ýurtlara ibermek, içerki bazary özümizde öndürilen ýokary hilli önümler, şol sanda gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hususy telekeçilige möhüm orun degişlidigini aýdyp, kärhanalary dolandyrmaga we olaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, marketingiň häzirki zaman usullaryny ulanmaga degişli meselelere ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi baradaky habar bilen çykyş etdi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň çäklerinde deputatlar jynsy taýdan kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak boýunça Halkara Konwensiýasy boýunça ýurdumyzyň tapgyrlaýyn hasabatyny taýýarlamak bilen baglanyşykly maslahata gatnaşdylar.

Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi. Bu maslahaty 2015-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işinde milli aýratynlyklary we türkmen döwletiniň, jemgyýetiniň ösüşini nazara almak bilen halkara tejribelerine daýanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barmak bilen, döwletimiz hukuk we kanunçylyk çäklerini, ugurlaryny yzygiderli giňeldýär. Munuň özi milli, ählumumy abadançylyk we durnukly ösüş bähbidine laýyk gelýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.