Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkimiň çykyşynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we şanly Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän dabaraly çäreler barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda bar bolan ähli kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Aýratyn-da, milli Liderimiz daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak babatda degişli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak we ony guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini, baýramçylyk mynasybetli medeni maksatnamanyň göwnejaý taýýarlanmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, welaýatyň oba hojalyk toplumynda, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Garaşsyzlyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu babatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň hiline aýratyn ähmiýet bermek, olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, bugdaý ekişiniň alnyp barlyşyny hemmetaraplaýyn seljerip, ekişiň depginini güýçlendirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş ulgamyny has-da ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýtmak bilen, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň zerurdygyny belledi we gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, onuň hil derejesine aýratyn ähmiýet bermek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneleri, şol sanda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň senagat düzümini mundan beýläk-de berkitmek, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şanly baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada aýtdy.
Milli Liderimiz pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramakda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda dürli maksatly desgalaryň bina edilmegi, senagat toplumynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagy we beýik Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, olarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Aýratyn-da, oba hojalyk möwsümleriniň guramaçylykly geçirilmegine dahylly düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramçylygyna bagyşlanan çäreleri hem-de şanly sene mynasybetli guramaçylyk işlerini ýokary derejede ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Şu ýyl Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi bellenen çäreleri hem ýokary derejede guramak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk hem-de maldarçylyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak maksadynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Telekeçiler tarapyndan gurulmaly gaýtadan işleýän kärhanalar, fermalar we ýyladyşhanalar, şeýle hem ekerançylyk ýerleri üçin berilmegi meýilleşdirilýän ýer bölekleriniň çyzgylary görkezildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň giňden goldaw bermegi netijesinde telekeçiler azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, ýylyň ähli paslynda ter gök we maldarçylyk önümleriniň ilatymyza ýetirilmegine hem-de bu ugurdaky önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, ýurdumyzda gök we bakja, maldarçylyk önümleriniň, guş etiniň, ýumurtganyň önümçiliginiň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet tarapyndan döredilen şertlerden netijeli peýdalanyp, türkmen telekeçileri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, şol sanda azyk bolçulygyny artdyrmak wezipelerini, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, geljekde olaryň eksport mümkinçiligini ýola goýmak bilen önümleriň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak wezipesini çözmäge mynasyp goşant goşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň bazaryň täze ugurlaryny we önümçilik tehnologiýalaryny, ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän döwrebap guramaçylyk usullaryny ynamly özleşdirýärler diýip belledi. Kiçi we orta telekeçiligiň işewürleriniň obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ekologik taýdan arassa azyk we ýokumly önümlere bolan islegini kanagatdandyrmaga gatnaşmagy we şonda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän hojalyklaryň we kärahanalaryň döredilmegi hem-de olaryň degişli maddy serişdeler bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegi obasenagat toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de bu işlere telekeçileriň çekilmegi, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny gurmagy üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Döwletimiziň mundan beýläk-de telekeçilik işine zerur bolan goldawy berip, milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklaryny ösdürmekde, şeýle hem azyk bolçugyny üpjün etmekde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda oňa möhüm orun berer diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara pagta ýygymynyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününiň hormatyna baýramçylyk çärelerini guramak bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, welaýat häkimleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi, ýerlerde ähli işleriň takyk guralmagyny üpjün etmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.