Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. R.Meredow DIM-niň işi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetiniň geçen hepdede Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.
Waşingtonda geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleler toplumy babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, onuň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm şerti bolan işjeň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Geňeşmeleriň gün tertibine ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, halkara bileleşiginiň döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly wajyp ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda “Türkmenistan—ABŞ” işewürlik geňeşine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Onuň işjeň gatnaşmagynda işewürler maslahatlary we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, maý goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine gönükdirilen beýleki çäreler yzygiderli guralýar. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklar meselelerine uly üns berildi. Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we ABŞ-nyň Türkmenistanda uly üstünlik bilen geçirilen Medeniýet günleri ýaly bilelikdäki döredijilik çäreleriniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.
Nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri iki ýurduň deňhukuklylyk, netijelilik we özara peýdaly uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge we ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.
Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň hasabatynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda däbe öwrülen türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze sepgitlere çykandygy bellenildi. Ýokary derejede ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklar, dürli derejedäki ikitaraplaýyn yzygiderli guralýan gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm wakalary alamatlandyrdy. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine, şeýle hem özara gatnaşyklaryň netijelei görnüşlerini hem-de ugurlayny kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýän bilelikdäki işewür forumlara möhüm orun degişlidir.
Nobatdaky türkmen-ýapon gepleşikleriniň jemleri boýunça işjeň we özara bähbitli ýörelgelere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitjek resminamalar toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşen döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belläp, ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-amerikan işjeň gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň, bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribäni we täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň täze wajyp görnüşlerini taýýarlamagyň netijeli guraly bolan ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ýapon gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrunuň biridigini nygtady. Şeýle-de ýurdumyz işjeň hem-de ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri bolan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ähmiýet berýär. Şunda döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Milli ykdysadyýetini tutuşlygyna senagatlaşdyrmak ugruna eýerýän Türkmenistan ýokary tehnologiýalar babatda ägirt uly tejribesi bolan Ýaponiýa bilen ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we öňdebaryjy tejribeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýär. Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy türkmen-ýapon işewürler gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly herekete girizmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz O.Çaryýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly wezipesinden boşatlmak hakyndaky Karara hem-de oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesini bermek we ony Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň şu ýylyň 14-17-nji oktýabrynda GDA gatnaşyjy döwletleriň statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine gatnaşmak üçin amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada habar berildi. Duşuşygyň barşynda Geňeşiň we Döwletara statistika edarasynyň 2015-nji ýylda alyp baran işleri, Arkalaşygyň sebitinde oba hojalyk hem-de ilat ýazuwlarynyň 2020-nji ýyldaky tapgyryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykyly meselelere garaldy. Mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasy we bu Geňeşiň geljek ýyldaky 55-nji mejlisi hakyndaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer duşuşygyň netijeleri boýunça 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde Türkmenistanyň başlyklyk etmegi hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, GDA we onuň düzümine girýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň türkmen döwletiniň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şol döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ýurdumyz Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlar bilen gatnaşyklaryny birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guraýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň GDA gatnaşyjy döwletleriň ählisi bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini, munuň bolsa tutuş Arkalaşygyň giňişliginde gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýändigini, döwletara gatnaşyklarynyň many-mazmunyny baýlaşdyrýandygyny, olara goşmaça kuwwatly itergi berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky çözgüdi ýurdumyzyň uly jogapkärçilik we şol bir wagtyň özünde GDA hem-de goňşy döwletler tarapyndan Türkmenistana uly ynamyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen döwletiniň şu Geňeşe başlyklyk etmegi bilen bagly öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekip, bu düzümiň geljekki duşuşyklaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli çäreleri görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk günleri geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 26-njy oktýabrda paýtagtymyzyň Mejlisler merkezinde döwlet konserti bolar, onuň maksatnamasyna belli türkmen aýdymçylarynyň, folklor we tans toparlarynyň çykyşlary girizildi. Şol gün köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda şowhunly baýramçylyk çäresi geçiriler.
27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy hem-de zähmetkeşleriň döwlet münberiniň öňünde baýramçylyk ýörişi guralar, paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsertler guralar, şeýle hem bu ýerde şanly sene mynasybetli feýerwerk şowhuny bolar. 28-nji oktýabrda baýramçylyk dabaralary Halkara atçylyk sport toplumynda dowam eder, bu ýerde şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar, konsert we at çapyşyklary geçiriler.
Wise-premýeriň hasabatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky habar aýdyldy, çäreler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda guralar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ruhy mirasy we Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda gazananlaryny giňden wagyz etmekde geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň uly ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dabaralaryň guramaçylyk derejesiniň ýurdumyzyň baş baýramynyň – Garaşsyzlyk gününiň ýokary ruhuna we ähmiýetine kybap gelmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ekerançylar gögeriş alnan ak ekinlere ideg etmek işlerini dowam edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, döwrebap obasenagat düzümini döretmek ulgamynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny ösdürmäge, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de toplumyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Türkmenistanyň Magtumguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakyndaky” Kanun kabul edildi, onuň binýadynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 -- 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” tassyklanyldy.
Bu resminamalar ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy, olarda ruhy- ahlak gymmatlyklaryna we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy kemala getirmek, watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlar guramasynyň maslahatynda geçirilýän işleriň netijelerine we geljekde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çärelere garamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň döwletimiziň durmuş strategiýasynyň hem-de onuň taglymat işiniň örän möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Ýaş nesliň ruhy, ahlak we beden taýdan kämil derejede kemala gelmek meselesi hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini işläp taýýarlamak, esasy ugurlary, maksatlary we wezipeleri kesgitlemek zerurlygy bilen bagly 2015-2020-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasatynyň döwlet maksatnamasynyň esasy düzgünlerini kesgitledi. Bu, ozaly bilen, ýurdumyzyň ýaş zraýatlarynyň doly derejeli hukuk we durmuş şertlerini üpjün etmek, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýaş maşgalalary goldamaga ýardam bermek we beýleki meselelerdir.
Milli Liderimiz Ýaşlar guramasynyň maslahatynda şu möhüm meseleleriň diňe bir ara alnyp maslahatlaşylmak bilen çäklenilmän, eýsem, bu ulgamlarda öňde goýlan wezipeleri çözmegiň netijeli gurallaryny işläp düzmegiň meselelerine düýpli we hemmetaraplaýyn garaljakdygyna ynam bildirdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän ulgamynda birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy barada aýdyldy. Bu taslama Koreýa Respublikasynyň “LG Internasional Сorp”, “Hyundai Enngineering” we Ýaponýanyň “TOYO Enngineering Сorporation” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylýar. Işleriň hemmesi tertipnama esasynda barýar. Inžener-tehniki düzümleriň, edara ediş binalarynyň we beýleki desgalaryň, taýýar önümi saklamaga niýetlenen uly gaplaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.
Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin alýan zawodyň gurluşygy bellenilen tertipnama esasynda alnyp barylýar. Bu iri maýa goýum taslamasyny Ýaponiýanyň “Kawasaki” we Türkiýäniň “Ronesans Holding” kompaniýalary bilelikde amala aşyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň gurulmagynyň “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ulgamda meýilleşdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagynyň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegini, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan gazhimiýa önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagyna ýardam eder. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu ugrunyň ösdürilmegi Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýä derejesinde öňdäki orunlary eýelemeginde has-da ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyz ýanygç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny özümizde öndürilýän mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen himiýa pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça hem-de eksport ugurly önümçiligiň möçberini artdyrmak babatynda kabul edilýän döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Mary şäherinde azotly dökünleri we himiýa önümlerini öndürýän täze döwrebap toplumy gurmak maksady bilen taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu kärhanany “Maryazot” önümçilik birleşiginiň binýadynda gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýleki senagat pudaklary bilen bir hatarda, himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlaryň biridigini belledi. Himiýa toplumyny ösdürmek, onuň pudak düzümlerini giňeltmek işleri milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň serişdeler kuwwatyny has doly peýdalanmak, halk hojalygyna zerur bolan daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply eksport ugurly önümçiligiň möçberlerini ardyrmak maksady bilen geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz geljekde ägirt uly ykdysady peýda getirjek mineral dökünler pudagyny ösdürmek meselesini täze desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň hem-de häzirki wagtda hereket edýän desgalary innowasiýa esasynda döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna netijeli çözmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, Mary şäherinde azotly dökünleri we himiýa önümlerini öndürýän toplumyň gurluşygynyň taslamasy boýunça maslahatçy kompaniýany seçip almak üçin halkara bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullady.
Ministrler Ka.inetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy oktýabrda geçirilen Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna bolan iş sapary barada hasabat berdi.
Sammitiň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler we resminamalaryň taslamalary, şol sanda 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Daşoguz şäherini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni merkezi diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Bu teklip “Garaşsyzlygyň medeni merkezleri” döwletara maksatnamasynyň çäklerinde biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň iri halkara medeni-ynsanperwer çäreleri geçirmegiň tejribesine baýdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Daşoguz şäheriniň hem bu hormatly wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Daşoguz şäherinde guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň goňşy ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga, Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de netijeli özara gatnaşyklaryň täsirli gurallaryny döretmäge gönükdiriljekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara çäreleriň maksatnamasyny öz wagtynda taýýarlamak barada tabşyryklar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Owadandepe” geňeşliginde gurulýan “Täze zaman” obasynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet we milli maksatnamalaryň çäklerinde göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze desgalaryň gurluşygynyň hiline we olaryň öz möhletinde ulanylmaga berilmegine berk gözegçiligi üpjün etmeginiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz “Täze zaman” obasynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramak meselelerine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwdasyny guramak boýunça geçirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli bazarlarda, ýurdumyzyň döwlet söwda kärhanalarynyň ählisinde degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Baýramçylyk günlerinde olar elýeterli bahalardan alyjylara harytlaryň köp görnüşini hödürlär.
Garaşsyzlyk güni mynasybetli 22-nji oktýabrdan başlap, ýurdumyz boýunça 566 sany, şol sanda Aşgabat şäherinde 66 sany, Ahal welaýatynda 94 sany, Balkan welaýatynda 60 sany, Daşoguz welaýatynda 110 sany, Lebap welaýatynda 116 sany, Mary welaýatynda 120 sany göçme-söwda nokatlarynyň gurnalmagy meýilleşdirilýär. Bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek, bahalaryň durnuklylygyna, harytlaryň hiline gözegçilik etmek hem-de arassaçylygyň berjaý edilmegi boýunça çäreler görülýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty harytlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek hem-de olaryň bahalaryny durnukly ýagdaýda saklamak, şeýle hem baýramçylygyň öňýanyndaky we baýramçylyk günlerinde söwdanyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi hem-de alyjylara hyzmat etmegiň medeniýetine ünsi güýçlendirmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem göçme söwdany, ýarmarkalary talabalaýyk guramak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň 24-nji oktýabrda geçiriljek V çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Deputatlar milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň meselelerini, halkara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda birnäçe resminamalara garalar, şol sanda edara ediş-hukuk düzgün bozmalary, notariat we notarýal işi, gümrük, maşgala, ýaşaýyş jaýlary hem-de beýleki meseleler bilen baglanyşykly kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar giriziler. Şeýle hem maslahatyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, sebit we halkara ähmiýetli möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýän birnäçe halkara ylalaşyklaryna goşulmak hakyndaky resminamalara garalar.
Milli parlamentiň ýolbaşçysynyň maglumatynda parlamentara gatnaşyklaryny we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda deputatlaryň giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýändigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe ilerlemegine gönükdirilen milli maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet düzümleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça deputatlaryň işiniň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.
Türkmenistan häzirki döwürde demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň we dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagyň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Bu bolsa işiň kanunçylyk taýdan üpjünçiligini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýew ata Watanymyzyň baş baýramy – mukaddes Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli Ýaragly Güýçlerimiziň parahatçylykly maksatlara hyzmat edýändigini belläp, häzirki wagtda türkmen esgerleriniň şöhratly ata-babalarymyzyň watançylyk ýörelgelerini mynasyp dowam edýändiklerini hem-de mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda durup, Watanymyzyň gülläp ösmegine uly goşant goşýandyklaryny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görmegi üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak minsitrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meslelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.