Söwda syýasaty Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasat gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleki ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary bilen duşuşyklarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň ara alyp maslahatlaşylmagyna degişlidir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz ähli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynda bolşy ýaly, onuň ýokary we innowasion tehnologiýalaryna esaslanan çalt ösýän ulgamlarynda hem täze usullaryny tapmagyň zerurdygyny nygtaýar.
Hususan-da, dünýä bazarlaryna çykarylýan bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän ýokary tehnologiki we köppudakly senagatyň kemala getirilmegi Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy ulgamynyň depginli ösýändigini nazarda tutup, telekeçileriň öňünde Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň, kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak wezipelerini goýar.
Türkmenistanyň Hytaýda we Gruziýada söwda wekilhanalarynyň ikisiniň döredilmegi hem şol wezipäniň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
İne, geçen şenbede, 17-nji oktýabrda, Pekinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň edara binasy “SK Tower” işewürlik merkezinde ýerleşdi.
Dabara HHR-yň DIM-niň we Täjirçilik ministrliginiň, Hytaýyň gurluşyk önümlerini öndürjileriniň asosasiýasynyň hem-de Hytaý Halkara söwda birleşiginiň wekilleri, HHR-yň käbir welaýatlarynyň we şäherleriniň ýolbaşçylary, Pekinde resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Hytaýly işewürler hem-de žurnalistler gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň HHR-daky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we işewür wekilýetiň agzalary gatnaşdy.
Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň “açyk gapylar” syýasaty netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Hytaý Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar hem-de ýurdumyzdan alýan harytlarynyň möçberini artdyrmaga taýýardyr. İki ýurdyň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, şeýle hem Pikinde açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň maksatlary hem-de wezipeleri barada-da gürrüň edildi.
Wekilhana Türkmenistanyň we HHR-yň işewürleriniň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, tejribe we tehnologiýalary alyşmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmaga ýardam eder.
Şol gün Tbilisi şäherinde (Gruziýa) “Türkmenistan” dükany ilkinji gezek öz gapylaryny açdy.
Dabara Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de iri gruzin kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda Tbilisiniň şäher dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň hem-de Gruziýanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri we beýlekiler bar.
Gruziýanyň paýtagtynda “Türkmenistan” dükanynyň açylmagy mynasybetli ajaýyp söwda guraldy. Onda ýurdumyzda öndürilýän önümler, şol sanda dokma senagatynyň harytlary, haly we haly önümleri, milli sowgatlyk önümleri giňden görkezildi. Mundan başga-da, “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümleri, “8 ýap”, “Saba”, “Eçil” miwe suwlary we köpsanly beýlekiler bu ýere gelýänleriň ünsini çekdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gurnalan ýarmarka täze dükanda işjeň söwdanyň ýola goýulmagynyň başyny başlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberleriniň artdyrylmagyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýygjam daşary ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmagy, söwda pudagynda iň oňat daşary ýurt tejribesini özleşdirmek babatda daşarky bazarlaryň islegini hem-de mümkinçiligini öwrenmegi Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi.
Halkara gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegi bilen söwda ulgamy häzir tutuş ykdysady ulgamyň özgermegine düýpli täsir edip, ony işleriň täze şertlerine uýgunlaşdyrmak bilen önümçilik pudaklaryny bäsdeşlige ukyply hem-de ýokary hilli önümleri öndürmäge, döwrebap bazar çemeleşmelerini peýdalanmaga höweslendirýär.
Daşary söwda argatnaşyklarynyň işjeňleşdirmegi Türkmenistana bazar gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de kemala getirmek boýunça dünýä tejribesini özleşdirmäge ýardam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazaryň ýagdaýyny öwrenmäge ýurdumyzyň hünärmenlerini hemişe çagyrýar hem-de milli ykdysadyýetimiziň baş wezipesi hökmünde öňde goýýar. Şo wezipe raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan hem-de ägirt uly kuwwatly ýokary ösüşli döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.