23-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn agşam türkmen paýtagtyna ilkinji resmi sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda gepleşikler geçiriler.
Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutanyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça resmi adamlar garşyladylar.
Myhmansöýerligiň ajaýyp däbine görä, milli lybasly ýigit we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürleýärler hem-de gül desselerini gowşurýarlar. Bu ýere ýygnanan köpsanly çagalar ýapon wekiliýetiniň baştutanyny türkmen we ýapon baýdaklary bilen mähirli mübärekleýärler.
Belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugraýar.
Türkmenistan we Ýaponiýa özara hormat goýmak we birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek we çuňlaşdyrmak babatda Aşgabat duşuşygyna uly umyt bildirýärler.
Täze taryhy şertlerde taraplaryň ikisi hem däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezip, özara gatnaşyklary düýbünden täze esasda guraýar. Şol gatnaşyklar bolsa ykdysady bähbitleriň we döwlet ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlarynyň deňagramlylygyna esaslanýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümet Baştutanynyň boljak saparynyň wajypdygyny aýratyn belläp, Aziýa –Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Ozal geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde Ýaponiýa öz tarapyndan uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürmäge meýillidigini ençeme gezek tassyklady. Ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyna hem-de parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine we “açyk gapylar” syýasatyna esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmäge ygrarlydygy bilen baglylykda, Türkmenistana bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar.
Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de oňyn ösüşi üpjün etmek babatda möhüm wezipeleri çözmek üçin häzirki döwürde türkmen döwletiniň şeýle syýasatynyň wajypdygyny hem-de uly ähmiýete eýedigini bu gün dünýäniň esasy döwletleriniň Liderleri ykrar edýärler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Barak Obama hem 27-nji oktýabrda baýram edilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen Gutlag hatynda Türkmenistanyň ähli ýurtlar bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary saklamaga ygrarlydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde 2013-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze sepgitleri açdy. Şonda Tokioda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Özara gyzyklanma hem-de iki döwletiň däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşmagy köp babatda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kesgitleýär.
Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurtlaryň ikisi hem soňky ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde birek-birege yzygiderli goldaw berip gelýärler we diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sindaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygy boýunça iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň berkidilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaponiýa parahatçylygy, durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmek maksadynda, sebitiň ýurtlary bilen tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny mälim edýär. Işjeň ösdürilýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşikleri hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistan 2015-2016-njy ýyllarda onda başlyklyk edýän döwlet hökmünde saýlanyldy.
Dürli derejelerdäki türkmen-ýapon duşuşyklarynyň örän netijeli häsiýete eýe bolmagy ähli ulgamlarda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ilkinji nobatda, ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň hem-de senagatçylaryň we telekeçileriň ugry boýunça göni gatnaşyklary ýola goýmagyň hasabyna söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler, işewür duşuşyklary, gepleşikler, bilelikdäki işewürler forumlary, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon hem-de Ýapon-Türkmen komitetleriniň mejlisleri hem şu maksatlara hyzmat edýär. Ykdysady hyzmataşlyk baradaky komitetleriň işi bolsa täze taryhy tapgyrda özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de bilelikde işlemek babatda toplanan uly oňyn tejribe häzirki döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolan netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Bilelikde işlemegiň oňyn tejribesi bolsa özüne möhüm maýa goýum taslamalarynyň, hususan-da, strategiki hasaplanylýan ýangyç-energetika ulgamyndaky taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini birleşdirýär.
Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk hem-de Günüň dogýan ýurdundan bolan hyzmatdaşlardan gelip gowuşýan işewürlik teklipleri dünýäde esasy energiýa döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistana hem-de onuň nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de himiýa senagatynda durmuşa geçirýän maksatnamalaryna ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly geljegi barada aýdyp, onuň köp ugurlary öz içine alýandygyny bellemän geçmek bolmaz. Şol ugurlaryň hatarynda bolsa senagat pudaklary, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş, sport we beýleki köpsanly ulgamlar bar. Şol ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi örän uludyr.
Milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmäge we degişlilikde, onuň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga ugur alan Türkmenistan Ýaponiýanyň ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda toplan öňdebaryjy tejribesinde uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýada iri ylmy-barlag merkezleriniň binýadynda ýurdumyzyň ýokary hünärli işgärlerini taýýarlamaga, şeýle hem nanotehnologiýalar ulgamynda we ýokary düşewüntli önümçilikleri döretmekde tejribe alyşmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet we sungat ulgamyndaky gatnaşyklar hem ýylsaýyn işjeňleşdirilýär. Yzygiderli geçirilýän medeni çäreler – sergiler, Ýaponiýanyň günleri, kinofilmleriň görkezilişi, döredijilik duşuşyklary we wekiliýetleriň alyşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär hem-de iki dostlukly ýurduň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.
Türkmen paýtagtynda geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň ählisiniň gol çekmäge taýýarlanylýan ikitaraplaýyn resminamalara girizjekdigini bellemelidiris. Şol resminamalar bolsa, gürrüňsiz, soňky ýigrimi ýylda ýola goýlan, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.
Şeýlelikde, iki ýurduň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň duşuşygy uzakmöhletleýinlik, deňlik, milli bähbitleri hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipelerini nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.