Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasyndaky gepleşikler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasyndaky gepleşikler

view-icon 878
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza ilkinji resmi sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýapon hökümetiniň Baştutanynyň bu sapary däbe öwrülen, okgunly, sazlaşykly häsiýete eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Türkmenistan goňşy döwletler, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşen ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen özara bähbili hyzmatdaşlygy giňeltmek şol strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, soňky ýyllarda ep-esli işjeňleşdi. Aşgabatda ýokary derejede geçirilýän türkmen-ýapon duşuşugy munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol uly üstünlige eýe boldy.

Irden belent mertebeli myhmanyň awtoulagy atly hormat nyzamynyň ugratmagynda “Oguzhan” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşenlerinden soň “Oguzhan” zalyna barýarlar, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawulynyň serkerdesi hasabat berýär. Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler. Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Ýapon hökümetiniň Baştutany öz nobatynda türkmen Liderini Ýaponiýanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe öwrülen surata düşmek dabarasyndan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abeni “Altyn zala” çagyrýar, bu ýerde olaryň ikiçäk gepleşikleri boldy.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanda bu sapara uly ähmiýet berendigini we oňa taryhy waka hökmünde garaýandygyny aýtdy. Çünki ýapon hökümetiniň Baştutany biziň ýurdumyza ilkinji gezek resmi sapar bilen geldi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini we okgunly depginini kanagatlanmak bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Ýaponiýanyň Premýer-ministrniň ýurdumyza sapary şanly waka bolup durýar, çünki şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygyna 20 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhmany hem-de ýapon wekiliýetiniň agzalaryny bu şanly senä bagyşlanyp 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Milli Liderimiz türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini belläp, ýurdumyzyň bu gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk, şol sanda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz häzir ýurdumyzda nebitgaz we himiýa senagatlarynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylýar, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, sanawyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistan ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmek babatda Ýaponiýa bilen özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiz bu babatda şu gün türkmen-ýapon işewürler maslahatynyň barşynda şu gepleşikleri dowam etmek üçin oňat mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň alyp barýan işleriniň netijeli häsiýetini belläp, medeni-ynsanperwer ulgamda, bilim, ylmy-tehniki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümdigini nygtady. Degişli ugurda özara gatnaşyklaryň üstünlikli mysaly hökmünde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwrenilmegini hem-de Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy görkezdi.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmana Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Akihito iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanyň Baştutanyna myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyza ilkinji gezek gelip görýändigini, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolsa eýýäm üçinji gezek duşuşýandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhman türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy bu ýylyň ýurtlaryň ikisi üçin hem şanly ýyldygyny aýdyp, ýokary derejede geçirilýän şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Premýer-ministr Sindzo Abe “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga netijeli çemeleşýändigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. Bu gepleşiklerde Türkmenistan 2015-2016-njy ýyllar üçin başlyklyk ediji döwlet hökmünde saýlanyldy. Belent mertebeli myhman Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, ýapon tarapynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň bu gepleşikleriň başlygy hökmünde liderlik ornuna bil baglaýandygyny aýtdy.

Premýer-ministr Sindzo Abeniň belleýşi ýaly, şu resmi saparynda onuň ýany bilen Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri hem geldi.Olar Türkmenistan bilen işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Belent mertebeli myhman ýurdumyz bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özüni we Ýaponiýanyň wekiliýetini mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Özara düşünişmek hem-de işewür ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy hem-de giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe netijeli syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek barada aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän hem-de Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny berkitmäge ýardam edýän netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirmegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip hem-de Ýaponiýanyň wekiliýetini Aşgabatda mübärekläp, ýurtlaryň ikisiniň hem häzirki döwrüň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň birnäçesine umumy ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigini aýtdy. Bu, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýada, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we tutuş dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň geljekde hem iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklaýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurtlaryň ikisiniň hem bar bolan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy usullar bilen kadalaşdyrmaga ygrarly bolup galýandygyny aýratyn belledi. Munuň özi soňky döwürde dünýäniň dürli sebitlerinde ýüze çykýan dartgynlylygy gowşatmak babatda aýratyn möhümdir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň harby ýol bilen parahatçylygy gazanyp bolmajakdygyna ynanýandygyny belledi. Ähli dahylly taraplaryň erk-islegine we jogapkärçiligine esaslanan syýasy gepleşikler zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Ýaponiýa ýadro ýaragyny ýaýratmazlygy üpjün etmek bilen bagly bolan halkara derejesinde ykrar edilen kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilmegi ugrunda çykyş edip, ýaragsyzlanmak meselelerine uly üns berýärler. Bitarap, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistan üçin munuň özi düýpli mesele bolup durýar. Ýaragsyzlanmaga ýardam etmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şonuň üçin biz Ýaponiýanyň nukdaýnazaryna, sebitde we dünýäde ýaragsyzlanmak meselelerine berýän goldawyna ýokary baha berýäris, diýip milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwletiniň Baştutany Ýaponiýanyň 2006-njy ýylda sebitimiziň döwletleri tarapyndan gol çekilen Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek hakynda şertnamany goldandygyny aýratyn belledi. Şunda milli Lideriiz Türkmenistanyň Ýaponiýanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny goldaýandygyny we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyna uly baha berýändigini ýene bir ýola belledi.

Biz durnukly ösüşiň maksatlaryna ýardam etmek, global howplara—terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ýaly möhüm meselelere çemeleşmeleriň birmeňzeşdigini tassyklaýarys hem-de bu ugurda bilelikdäki işlerimizi dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan durnukly energetika we ulag ýaly häzirki zaman ösüşiniň esasy ugurlarynda halkara başlangyçlaryna berilýän goldawa ýokary baha berýär. Şeýle hem türkmen tarapy şu ýylyň iýunynda BMG-niň Bas Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda kabul eden kararnamasyna awtordaşlygy üçin Ýaponiýa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär.

Türkmen Lideri getirilen mysallaryň häzirki zaman ösüşiniň möhüm meselelerine bolan garaýyşlarda özara düşünişmegiň bardygyny görkezýändigini belledi. Munuň özi bize ikitaraplaýyn derejede ynamly we açyk gatnaşyklary guramaga, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, yzygiderli häsiýete eýe bolan “Merkezi Aziýa+ Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Iki ýurduň Parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklary baýlaşdyrmaga, kanunçykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga ýardam edýär diýip, milli Liderimiz bu gatnaşyklary geljekde hem gollajakdygyny we höweslendirjekdigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ünsi jemlemek bilen ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzda ençeme ýyl bäri alyp barýan üstünlikli işlerini belledi. Biz Ýaponiýadan bolan hyzmatdaşlaryň türkmen ykdysadyýetini ösdürmäge gatnaşmagyny goldaýarys hem-de hyzmatdaşlygymyzy dowam etmegi we giňeltmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki wagtda ýapon kompaniýalary türkmen tarapy bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda birnäçe iri taslamalary amala aşyrýarlar. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýa toplumyny gurmak, Owandandepe şäherçesinde gazy gaýtadan işleýän zawodyň taslamasyny düzmek we gurmak hakynda şertnama bar. Biz ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda işjeňligini goldaýarys we geljekde hem olaryň ýurdumyzda alyp barýan işlerine zerur bolan kömegi bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda Türkmenistan ýokary tehnologiýaly ugurlara üns bermegi maksat edinýär hem-de täze tehnologiýalary döretmek we peýdalanmak bilen bagly ýapon tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Türkmen Lideri bu babatda ýurdumyzyň oba hojalyk we dokma çig malyny gaýtadan işlemek, gün energiýasyny peýdalanmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge bil baglaýandygyny aýtdy.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr we logistik düzümiň köpugurly ulgamyny döredýär diýip, sözüni dowam etdi. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri öz içine alar. Munuň özi Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen ýewropa we ýakyn gündogar bazarlaryna amatly ýoly açýar. Hormatly Prezidentimiz degişli ugurda Türkmenistana we Ýaponiýa hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynam bildirip, ýapon hyzmatdaşlara ýöriteleşdirilen halkara düzümlerde, hususan-da, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady toparynda ara alyp maslahatlaşmak üçin ulag düzümini ösdürmek boýunça teklipleri bilelikde işläp taýýarlamak hakynda pikirlenmegi teklip etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda syýahatçylyk işewürligini ösdürmekde, hususan-da, Hazar deňziniň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň desgalaryny gurmaga türkmen-ýapon gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda ony özara mümkinçiliklere gabat gelýän derejä çykarmak üçin bilelikde anyk çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Umuman, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň özara söwdanyň we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedigine ynam bildirip, şunda Türkmen-ýapon ykdysady komitetiň işine, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Ýaponiýanyň daşary söwdany ösdürmek baradaky guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak babatda özara gatnaşyklary hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda türkmen tarapynyň şu ýylyň martynda Sendaý şäherinde geçirilen Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynyň netijelerine ýokary baha berýändigini aýdyp, Ýaponiýanyň 5-nji noýabry Bütindünýä sunami güni diýip yglan etmek hakynda başlangyjyny goldaýandygyny belledi.

Milli Liderimiz seýsmologiýa ýaly iki ýurt üçin möhüm ugurda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen özara gatnaşyklaryň başlanýandygyny belläp, ýurdumyzyň degişli ugurda, hususan-da, Aşgabat şäherinde seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmagyň taslamasy boýunça bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýetiň berilýändigi barada aýdyp Ýaponiýanyň baý we özboluşly medeniýetli ýurtdygyny belledi. Türkmenistanda ýapon edebiýatyna, kino işine, teatryna, suratkeşligine uly gyzyklanma bildirilýär. Döwlet Baştutanymyz bu ugurlarda ýurdumyzyň gazananlary, türkmen halkynyň medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmagyň ýapon jemgyýetçiligi üçin gyzykly boljakdygyny aýdyp, döwrüň ruhuna we adamlaryň islegine laýyk gelýän, giň gatnaşyklara ýardam edýän zerur şertleri döretmek babatda tagallalary birleşdirmek barada pikiri beýan etdi.

Işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek, Ýaponiýanyň uniwersitetlerinde hem-de beýleki okuw merkezlerinde türkmen talyplarynyň we hünärmenleriniň bilim almagy üçin bar bolan mümkinçilikleri giňeltmek babatda iki ýurduň okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlary üçin her ýylda okuw orunlaryny artdyrmak, iki döwletiň esasy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak hakynda pikirlenmegi teklip etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýapon dili bölümi bolan D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Sukuba uniwersiteti bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy barada durup geçdi. Biz şeýle hem geljek ýyldan başlap Tokionyň halkara barlaglar uniwersitetinde “Türkmen dili” we “Türkmenistany öwrenmek” ýaly dersleriň girizilmegini goldaýarys hem-de ýapon kärdeşlerimize zerur bolan kömegi bermäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýurdumyza guran ilkinji resmi sapary döwletara hyzmatdaşlygynyň täze we geljekki ugurlaryny açmaga gönükdirilendir. Munuň üçin iki tarapda hem syýasy erk, ykdysady mümkinçilikler, ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýaly meýiller bar. Ähli ulgamlardaky dostlukly we özara peýdaly ýygjam gatnaşyklar iki halkyň uzakmöhletleýin bähbidine laýyk gelýär. Milli Liderimiz ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň Aziýa yklymynda parahatçylygyň berkidilmegine, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, oňyn täsirini ýetirýändigini nygtap, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen giň, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özüniň Ýaponiýa bolan saparlaryny hem-de Premýer-ministr Sindzo Abe we Onuň Alyhezreti Imperator Akihito bilen bolan duşuşyklaryny kanagatlanma bilen ýatlaýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zehinli we zähmetsöýer ýapon halkyna hoşniýetli arzuwlary aýdyp, belent mertebeli myhmana netijeli gepleşikler, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýýardygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýapon Hökümetiniň Baştutanyna söz berilýär. Premýer-ministr Sindzo Abe Ýaponiýanyň ýurdumyz bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň işine berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Olaryň alyp barýan işleri soňky ýyllarda görnetin işjeňleşdi. Belent mertebeli myhman Aşgabat şäherine amala aşyrýan şu saparynda onuň ýanynda ýapon işewür toparlarynyň wekilleriniň bolýandygyny aýdyp, Ýaponiýanyň özara bähbitli ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga täze iterginiň berilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Premýer-ministr Sindzo Abe iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegini goldamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen senagatyny ösdürmek boýunça iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna bildirýän ynamy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Ýapon hökümetiniň Baştutany Ýaponiýanyň Türkmenistana öz tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny bermäge taýýardygyny tassyklap, şu saparynyň çäklerinde gazhimiýa zawodyny, elektrik bekedini we beýleki desgalary gurmagyň taslamalary boýunça gol çekiljek resminamalary mysal getirdi. Şol taslamalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan hem geçýär.

Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Sindzo Abe taraplaryň söwda ätiýaçlandyrmasy babatda iki ýurduň gyzyklanma bildirýän edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk meselesi boýunça bir pikire gelendiklerini kanagatlanma bilen belledi. Bu täze bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam eder. Belent mertebeli myhman bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmegiň möhümdigi barada türkmen Lideriniň pikirini doly goldaýandygyny aýdyp, ýapon ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly, Ýaponiýanyň Türkmenistan üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany medeni-ynsanperwer alyşmalary, sport ulgamynda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda pikirini beýan edip, iki ýurduň türgenleriniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynda hem-de 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda ussatlyklaryny üstünlikli görkezjekdiklerine ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, Premýer-ministr Sindzo Abe ýaşlary alyşmagyň MIRAI maksatnamasynyň çäklerinde ýapon tarapynyň şu ýylyň dekabrynda Ýaponiýa Türkmenistandan ýaşlaryň onusyny çagyrmaga taýýardygyny habar berdi.

Belent mertebeli myhman “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde geljek ýyl Türkmenistanda daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşygyň boljakdygyny aýdyp, öz ýurdunyň sebit hyzmatdaşlygy işine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklap, şunda türkmen Lideriniň ýarldam etmegine hem bil baglaýandygyny nygtady.

Premýer-ministr Sindzo Abe sebit üçin möhüm ähmiýeti bolan ulag we logistika meselelerine degip geçmek bilen, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde DIM-niň ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşygyny nazara alyp, Ýaponiýanyň degişli ugurda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan, demir ýol ulaglary ulgamynda oňaýly mümkinçilikler bar. Şunda ýokary tizlikli demir ýol gatnawyny ýola goýmak babatda baý tejribä we tehnologiýalara eýe bolan ýapon tarapy olary Türkmenistana bermäge taýýardyr.

Şeýle hem belent mertebeli myhman Ýaponiýanyň ýurdumyz bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy howplara, şol sanda neşeleriň bikanun dolanyşygyna we terrorçylyga garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklady. Premýer-ministr Sindzo Abe ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça umumy tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistana degişli ugurda oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge önjeýli goşant üçin çuňňur hormatyny tassyklady.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda jemagat hojalygy, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak hem-de seýsmologiýa ulgamynda özara gatnaşyklar görkezildi.

Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda Ýaponiýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga tarap ugruna ygrarly bolup galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdepde maýyp çagalar üçin ýyladyşhana gurmak arkaly hünär okuwyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň arasynda grant Şertnamasyna, Akademiki alyşmak we hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) bilen Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumlaryny Ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI-niň) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Medical Excellence Japan (MEJ) guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň tehniki – ykdysady esaslandyrmasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrliginiň arasynda bilim we ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň Miho Muzeýiniň arasynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek hem-de rejelemek babatda ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerini diplomatik we gulluk wizalaryndan özara boşatmak hakyndaky mesele boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda werbal notalaryň alşylandygyny tassyklaýan Resminama, Tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri “Magtymguly” zalyna bardylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Premýer-ministri Sindzo Abä we Ýaponiýanyň wekiliýetine oňyn gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu gepleşikler açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu saparyň ýapon hökümetiniň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji resmi saparydygyny nygtap, biz bu sapara iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr hökmünde garaýarys diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu günki duşuşygyň özara düşünişmek ýagdaýynyň, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça taraplaryň ýörelgeleriniň hem-de çemeleşmeleriniň meňzeşdigini görkezendigini aýtdy. Iki ýurduň Merkezi Aziýada we Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Aziýada ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmaga, gapma-garşylykly ýagdaýlara ýol bermezlige, bu ýerde ykrar edilen halkara – hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin berk syýasy we hukuk şertlerini döretmäge aýratyn üns berildi.

Gepleşikler iki ýurduň bar bolan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy ýol bilen kadalaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistan harby ýol bilen berk we uzakmöhletleýin parahatçylygy gazanyp bolmajakdygyna ynanýar. Milli Liderimiz munuň üçin hoşmeýilli erk-islege hem-de goşulyşýan ähli taraplaryň jogapkärçiligine esaslanýan syýasy gepleşikleriň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almaga, dünýä syýasatynda esasy halkara hukugynyň hökmürowanlygyna esaslanan deňhukukly we deňagramly halkara gatnaşyklar ulgamyny döretmegiň berk tarapdarlary bolup durýandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen –ýapon gatnaşyklarynyň häsiýetine ýokary baha berdiler. Şol gatnaşyklar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň dünýä giňişliginde iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryna oňyn täsir edýär. Şeýle hem halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ulgamynda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ýaragsyzlanmak meselelerine möhüm orun berildi. Bitarap, parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde Türkmenistan üçin ýaragsyzlanmak işine ýardam bermek daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaponiýanyň garaýşyna, ählumumy we sebit derejelerinde ýaragsyzlanmak çäresine goldaw berýändigine ýokary baha berýändigini nygtady. Ýurdumyz bu ugurda mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, BMG-de türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýola goýlan hem-de netijeli guralynyň bardygyny belledi. Türkmenistan Ýaponiýanyň häzirki zaman ösüşiniň durnukly energetika we ulag ýaly esasy ulgamlarynda türkmen tarapynyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny belleýär. Munuň özi bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň geljegine garaýyşlaryň meňzeşdigini görkezýär. Milli Liderimiz, öz nobatynda, ýurdumyzyň hem Ýaponiýanyň 5-nji noýabry Bütindünýä sunami güni diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjyny goldaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gepleşikler taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerini ösdürmäge, Türkmenistanyň çäginde täze giň möçberli önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikdäki maýa goýum işi üçin şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny görkezdi. Gurluşykda, nebiti we gazy gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda, elektroenergetikada we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly kuwwatynyň hem-de özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň bardygy bellenildi.

Biz ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işjeňligini mübärekleýäris, olaryň ýurdumyzda alyp barýan işlerine mundan beýläk hem ýardam bereris. Milli Liderimiz şunda ýokary tehnologiýaly ulgamlara aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Türkmenistan täze tehnologiýalary döretmek we ulanmak babatda ýapon tejribesine gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümlerini we dokma çig malyny gaýtadan işlemek ulgamynda, gün energiýasyny ulanmakda hyzmatdaşlyk etmäge umyt edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hem bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň häzirki wagtda hut ulag ulgamynyň Türkmenistanyň daşary – ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nazara almak bilen, Ýaponiýany Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.

Häzirki wagtda ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ulag – üstaşyr hem-de logistika düzüminiň köp şahaly, utgaşykly ulgamyny döredýär. Geljekde ol özüne Hazar sebitine, Gara deňze, Baltika sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri birleşdirer. Munuň özi Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň çägi arkaly Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna has oňaýly guryýer ýoluny açýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň bu taslamalara ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagyny goldaýandygyny nygtady.

Tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça bilelikdäki iş hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu örän wajyp meseledir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça 3-nji Bütindünýä maslahatynyň netijelerine ýokary baha berildi. Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyz üçin möhüm bolan seýsmologiýa ulgamynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen netijeli gatnaşyklaryň başlanýandygyny belläp, türkmen tarapynyň bu ugurda bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu gepleşikleriň barşynda taraplaryň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň medeni ulgamyna uly ähmiýet berip, iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu ulgamda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramaga ýardam bermek barada ylalaşandyklaryny belledi. Şu gün şeýle hem bilim we ylym ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparynyň jemlerine ýokary baha berip, şu gün dürli ulgamlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Ýaponiýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Öz nobatynda, Premýer-ministr Sindzo Abe gepleşikleriň netijelerini beýan edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutanynyň Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrmaga hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýene-de duşuşmaga şatdygyny belledi. Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Premýer-ministr Sindzo Abe ýapon tarapynyň ýurdumyz bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini nygtap, iki ýyl mundan ozal, şeýle hem şu ýylyň ýazynda türkmen Lideri bilen Ýaponiýada duşuşandygyny belledi. Belent mertebeli myhman özüniň işiniň köpdügine garamazdan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen möhüm foruma -- tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak baradaky Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin alysdaky Ýaponiýa gelendigini aýtdy. Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň çakylygy boýunça ol Aşgabada geldi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, öňki iki duşuşyk ýaly, şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler hem netijeli häsiýete eýe boldy. Şu gün taraplar esasy üç ýagdaý barada ylalaşdylar. Belent mertebeli myhman olaryň birinjisini anyklaşdyryp, Ýaponiýanyň döwlet düzümleriniň, şeýle hem hususy kompaniýalarynyň üsti bilen tebigy gazy işjeň ulanmak arkaly türkmen senagatyny täze sepgitlere çykarmagyň bähbidine Türkmenistan bilen doly möçberde hyzmatdaşlyk etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýapon hökümetiniň Baştutany şu saparyň barşynda onuň ýanynda işewürler düzümleriniň wekilleriniň uly toparynyň bolýandygyny habar berdi.

Premýer-ministr Sindzo Abe bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu saparyň barşynda gazhimiýa önümçiligine, elektrik beketleriň we beýleki desgalaryň gurluşygyna degişli taslamalaryň ençemesi boýunça umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan resminamalaryň birnäçesine gol çekmegiň meýilleşdirilýändigine örän şatdygyny aýtdy. Şeýlelikde, ýapon kompaniýalarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler peýda bolýar. Şunda belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu taslamalary amala aşyrmaga mundan beýläk-de ýardam bermegine örän hoşal boljakdygyny belledi.

Ikinji ýagdaý barada aýdylanda bolsa, bu ugur işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanda ýapon nusgaly tehnologiki ýokary okuw mekdebini döretmek baradaky meýilnamany doly goldaýandygyny aýdyp, bu pikiriň türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça öňe sürülýändigini nygtady. Şunda Ýaponiýanyň öňdebaryjy senagat ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işinde ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Belent mertebeli myhman ynsanperwer we medeni alyşmalary çuňlaşdyrmak arkaly iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyny gazanylan ylalaşyklaryň üçünji meselesi hökmünde görkezip, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny mübärekledi. Biz sport ulgamynda, hususan-da, göreşiň däp bolan dzýudo görnüşinde alyşmalary ösdüreris hem-de ýapon diliniň okadylyşyna ýardam bereris diýip, Premýer-ministr Sindzo Abe aýtdy. Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany türkmen telewideniýesi boýunça “Gwozdika” atly ýapon teleserialynyň görkezilendigini belläp, türkmen teletomaşaçylarynyň ýapon telewideniýesiniň beýleki gepleşiklerini hem görmegini arzuw etdi.

Soňra belent mertebeli myhman geçirilen duşuşykda taraplaryň Merkezi Aziýa sebiti üçin umumy wezipeleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda taraplaryň bir pikire gelendigini nygtady. Şu hyzmatdaşlykda ulag we logistika ulgamlary möhüm ugurlar hökmünde çykyş edýär.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri taraplaryň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek işinde hyzmatdaşlyk etmäge hem-de sebitiň ýurtlary bilen bilelikde bu ugurda degişli çäreleri görmäge meýillidigini tassyklady. Belent mertebeli myhman geljek ýyl “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gepleşiklerine gatnaşýan döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň meýilleşdirilýändigini belläp, bu duşuşygy üstünlikli geçirmek maksady bilen, iki ýurduň özara gatnaşyklary çuňlaşdyrjakdygyny nygtady. 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistan oňa başlyklyk eder.

Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany şu günki gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, olaryň netijeleriniň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sepgitlerini açjakdygyna hem-de ony täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi. Premýer-ministr Sindzo Abe Aşgabada saparynyň maksatnamasynyň möhüm wakalara baýdygyny belläp, beýik taryhy bolan Türkmenistan barada köp zatlary bilmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady. Çykyşynyň ahyrynda belent mertebeli myhman ýene-de bir gezek türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Aşgabadyň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, ýapon hökümetiniň Baştutany bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Bu ýerde türkmenleriň meşhur ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we baýlygydyr.

Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany bu iri atçylyk merkezini uly gyzyklanma bilen syn etdi. Bu ýerde “ganatly bedewleri” saklamak, köpeltmek we seýislemek, ussat çapyksuwarlaryň hem-de seýisleriň täze nesillerini ýetişdirmek üçin ähli şertler döredildi.

Ussat çapyksuwar, “behişdi bedewlere” uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyna ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, umuman, Türkmenistanda türkmen atçylygynyň gadymy däplerini aýawly saklamak we ösdürmek, bütin dünýäde bu sungaty wagyz etmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan tohumçylyk işiniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy ahalteke bedewleriniň meşhurlygyny artdyrmaga, dünýä medeniýetiniň täsin gymmatlygy hökmünde ahalteke tohumynyň ähmiýetine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge ýardam edýär. Türkmen bedewiniň baýramynyň çäklerinde geçirilýän assosiasiýanyň mejlislerinde bu guramanyň işiniň netijelerine hem-de hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryna, özara gatnaşyklaryň anyk meselelerine garalýar. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyga gabatlanan dabaralar hem-de halkara çäreleri belent mertebeli myhmanlaryň, bu ugurda işleýän hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilýär. Şol çäreler “ganatly bedewleriň” taryhy watanynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Ýaponiýanyň köpsanly wekillerini jemleýär.

Meşhur “behişdi bedewler” asyrlaryň dowamynda özleriniň bütin dünýädäki şan-şöhratyny artdyryp, syrdamlylygyň, wepalylygyň hem-de asyllylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Dünýäniň atçylyk zawodlarynyň wekilleriniň uly gyzyklanmasyny döredýär. Günüň dogýan ýurdunda ahalteke bedewleriniň meşhurlyga eýe bolmagy hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şol ýerde gadymy döwürlerden bäri bedewler ýapon medeniýetiniň möhüm bölegi hasaplanylypdyr, atçylyk sporty bolsa mundan müň ýyldan gowrak wagt ozal giňden ýaýrapdyr.

Ýurdumyzyň çäginden daşarda-da meşhur bolan Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary iki döwletiň Liderlerine “behişdi bedewleriň” ajaýyplygyny, at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly we inçe tilsimlerini görkezdiler. Bu topar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen döredildi we häzirki wagtda öz üstüne ýüklenen wezipäni – bütin dünýäde baý milli mirasy wagyz etmek wezipesini ýerine ýetirýär. Meşhur ahalteke bedewleri hem-de gadymy at üstündäki oýunlar sungaty bu mirasyň uly gymmatlygy hem-de buýsanjy bolup durýar.

Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany türkmen halkynyň hem-de umumydünýä ösüşiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine we syrdamlylygyna haýran galýandygyny aýtdy. Şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini aýawly saklaýan we ösdürýän ajaýyp çapyksuwarlaryň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ertir “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwar ýigitleriniň we gyzlarynyň Halkara sirk sungatynyň ikinji festiwalyna gatnaşmak üçin Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherine ugraýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olara ak ýol arzuw edip, abraýly halkara bäsleşiklerinde ajaýyp ýeňişleriň ençemesini gazanan türkmen çapyksuwarlarynyň Hytaýda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjekdigine, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrjakdygyna, şu sirk sungaty festiwalynda ýeňiji ýurt hökmünde Türkmenistanyň Döwlet tugunyň belende galdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Atçylyk sport toplumyna gelip görmekden ýadygärlik hökmünde belent mertebeli myhman maşgalasy bilen ahalteke bedewleriniň ajaýyp wekilleriniň biriniň ýanynda surata düşdüler.

Hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ahalteke atçylyk toplumyndan paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasyna tarap ugradylar we şol ýerde ýapon işewürleri bilen duşuşdylar. Duşuşyk tamamlanandan soň, türkmen Lideri we ýapon hökümetiniň Baştutany Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe türkmen-ýapon işewürler maslahatyna gatnaşdylar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň özara bähbitlere laýyk gelýän doly möçberli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna şaýatlyk edýän ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Şol gün Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine bardy, bu ýerde dostlukly ýurduň hökümet Baştutanyna şu ýokary okuw mekdebiniň “Hormatly professory” diýen ady dakmak dabarasy boldy.

Uniwersitetiň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada belent mertebeli myhmany hem-de Ýaponiýanyň wekiliýetiniň agzalaryny ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Bu ýerde iki döwletiň Baýdaklary parlaýar. Talyplar Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gül desseleri, “Ýaşasyn türkmen-ýapon dostlugy!” diýen sözler bilen garşylýarlar.

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Soňky ýyllarda bu ýerde talyplaryň sany ep-esli artdy, täze hünärler açyldy, ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Uniwersitet şäherjiginiň okuw otaglary ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edildi, okatmak işine ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlary, döwrebap maglumat tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrylýar. TDU-nyň talyplary dürli dersler boýunça iri halkara bäsleşiklerine gatnaşýarlar we dürli derejedäki medallara mynasyp bolmak bilen, ýurdumyzyň aň-paýhas babatdaky gazananlarynyň üstüni ýetirýärler.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe uniwersitetiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşýar. Sergide hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň gerimi görkezilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ýakyndan goldaw bermeginde hem-de milli Liderimiziň bu ulgama uly üns bermegi netijesinde, milli ýokary okuw ulgamy ylym-bilim kuwwatyny has berkidýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrmak işini ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek, onuň täze, ylym bilen baglanyşykly pudaklaryny ösdürmek hem-de bilimlere esaslanýan jemgyýeti kemala getirmek zerurlygy bilen baglanyşykly iň täze bilim ölçegleriniň yzygiderli ornaşdyrylmagy tutuş ýokary okuw mekdepler ulgamynyň düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlarynyň onlarçasynyň ornaşdyrylmagyny talap etdi.

Bu ýerde myhmanlaryň öňünde ýaşlaryň döredijilik topary aýdym-saz we tans maksatnamasy bilen çykyş etdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri we onuň ýanyndaky adamlar uniwersitetiň maslahatlar zalyna barýarlar. Şanly waka mynasybetli bu ýere türkmen paýtagtynyň ylmy jemgyýetçiliginiň, TDU-nyň professor – mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyplar ýygnandylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory dabarany açyp, ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekledi we şu günki wakanyň ýokary okuw mekdebiniň taryhyna aýratyn ähmiýetli waka hökmünde girjekdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykdy. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk has köpataraply we netijeli häsiýete eýe bolýar.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Ýokary attestasion komitetiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä türkmen hem-de ýapon halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, ýangyç-energetika, ylym-tehnologiýa, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy üçin “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Hormatly professory” diýen ady dakmak hakyndaky çözgüdi okalýar.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda uniwersitetiň rektory ýapon hökümetiniň Baştutanyna milli türkmen donuny we ak telpek geýdirýär hem-de degişli diplomy gowşurýar. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň işgärlerine ýurdumyzyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Hormatly professory diýen adynyň dakylmagy mynasybetli hoşallyk bildirdi hem-de bu waka iki ýurduň halklarynyň arasyndaky berkeýän dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderlderi söz sözlediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhman we onuň maşgalasy bilen bilelikde türkmeniň ak öýüne bardylar. Myhmany halkymyzyň gadymdan gelýän ak öýüniň özboluşlylygy, gurluşy örän gyzyklandyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Hormatly myhmanlara çaý hödürledi.

Belent mertebeli myhman we onuň maşgalasy türkmen halkynyň ajaýyp dessurlarynyň şol sanda myhmansöýerlik ýörelgeleriniň nusgalyk derejä göterilendigi bellediler. Olar aýratyn-da, çaý demlemegiň türkmen halkyna mahsus usullaryny uly gyzyklanma bilen synladylar. Milli Liderimiz türkmen halkynyň milli ýörelgä laýyklykda demlenen çaýa aýratyn gadyr –gymmat goýýandygyny aýdyp, bizde hemişe myhmanyň ilki çaý bilen garşylanýandygyny gürrüň berdi. Ak öýde çaý başyndaky söhbetdeşlik tamamlanandan soň, myhmanlar mähirli hoşlaşyp, hormatly Prezidentimize myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdiler.

* * *

Şol gün Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň aýaly hanym Akie Abe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi. Bu ýerde myhman ýokary okuw mekdebiniň muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň, mälim bolşy ýaly, ýapon dili bölüminiň hereket edýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bilen duşuşdy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň maşgalasy üçin medeni maksatnama guraldy. Maksatnama laýyklykda, myhman paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri, şol sanda Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Muzeýde elde dokalan halylaryň ajaýyp nusgalary – türkmen halyçy zenanlarynyň öňden saklanyp galan hem-de häzirki önümleri görkezilýär. Myhman elde dokalan ajaýyp halylara haýran galýandygyny aýtdy. Şol halylary döretmegiň däpleri nesilden-nesle geçirilip, milli hem-de umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Şunuň bilen birlikde, hanym Akie Abe alyjylara ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň köp görnüşlerini, şeýle hem halyçylyk pudagynyň önümlerini hödürleýän paýtagtymyzdaky “Altyn asyr” söwda merkezine baryp gördi. Ol bu ýerde hödürlenýän haly we dokma önümleriniň ýokary hile eýedigini aýratyn belledi. Hanym Akie Abe göreniňde gözüň eglenýän nepis türkmen halylarynyň birini uly höwes bilen aldy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň maşgalasyna şeýle hem şu ýylyň tomsunda Aşgabatda açylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkeze baryp görmek mümkinçiligi döredildi. Hanym Akie Abe lukmançylyk merkezi bilen tanşyp, onuň döwrebap enjamlaşdyrylyşyna we ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde zerur lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda döredilen şertlere ýokary baha berdi.