Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany Sindzo Abeniň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi.
Ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem geçirilýän döwlet we hökümet Baştutanlarynyň iri işewür toparlarynyň wekilleri bilen indi däbe öwrülen işewür duşuşyklar ýurtlaryň arasynda maýa goýum, söwda we innowasion hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollary kesgitlenilýän maslahatlar ykdysady ösüşi çaltlaşdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýalarynyň gelmeginiň köpelmegine ýardam edýär.
Türkmenistan üçin şunuň ýaly çäreleriň esasy maksady milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň gazanýan üstünliklerini görkezmekden, ýurdumyzyň maýa goýum kuwwaty bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr, daşary ýurtlylar üçin bolsa bu özleriniň geljegi uly meýilnamalaryny we taslamalaryny görkezmäge mümkinçilikdir. Öz serişdeleriniň gory boýunça dünýäniň energetika döwletleriniň ilkinji bäşligine girýän Türkmenistan soňky ýyllarda halk hojalygynyň esasy ugurlaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, iň oňat dünýä tejribesini hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ulanmak arkaly önümçilik düzümleriniň desgalaryny gurmak babatda gerimi we ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz çäreleri amala aşyrýar.
Işewürler maslahatlarynyň, ykdysady gözden geçirişleriniň geçirilmegini goşmak bilen, bu ugurda alnyp barylýan ähli anyk işler häzir dünýäniň, şol sanda Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň Türkmenistana milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda özüne çekiji maýa goýum mümkinçiligi bolan ýurt hökmünde baha bermegine ýardam etdi. Ýurdumyzda durnuklylygyň saklanylmagy, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň depginli ösdürilmegi maýadarlaryň ünsüni çekýär.
Ýurdumyz maýa goýum işlerinde, ilkinji nobatda, maýa goýumlarynyň pul görnüşinde däl-de, iň täze tehnologiýalar görnüşinde çekilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda esasy wezipe maýa goýumlarynyň ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynyň sazlaşykly ösmegine däl-de, onuň ähli pudaklarynyň ösdürilmegine ýardam berilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Türkmen Lideriniň ýurdumyzy has-da ösdürmekdäki strategiki garaýşy, Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini taýýar önümleriň önümçiliginde peýdalanmak hem-de şu maksat bilen ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň gurluşygyna iri maýa goýumlaryny çekmek boýunça syýasaty bu gün anyk netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesiniň, şol sanda bu ýurduň dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatdaky tejribesiniň Türkmenistanda iş ýüzünde giňden peýdalanylýandygyny bellemek gerek. Muňa ýapon hyzmatdaşlary bilen dürli pudaklarda bilelikde amala aşyrylýan iri taslamalar mysal bolup biler.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň şu maslahata hut özleriniň gatnaşmagy ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn özara bähbitli işewür aragatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu gün türkmen topragynda geçirilýän ýokary derejedäki işewürler duşuşygy ikitaraplaýyn özara hereketlere, şol sanda uzakmöhletli geljege niýetlenen döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna täze itergi hem-de ösüş depginini berer.
...Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň awtoulag kerweni “Ýyldyz” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi.
Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de dostlukly ýurduň Baştutany myhmanhananyň kiçi mejlisler zalyna geçýärler. Bu ýerde ýapon işewürler toparynyň wekilleri bilen duşuşyk boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri şu gün ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman netijeli özara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda ösdürmek üçin örän amatly şertleriň bardygyny belläp, taraplaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanmasyny tassykladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, häzir ýurdumyzda dürli pudaklarda uly taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Türkmenistan milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna iň täze tehnologiýalary hem-de esasy ýapon kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.
Türkmenistan üçin ýapon kompaniýalarynyň tejribesi we mümkinçilikleri ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän iri maksatnamalarda, şol sanda senagat pudagyny, syýahatçylyk ulgamyny, himiýa senagatyny ösdürmek bilen baglanyşykly maksatnamalarda peýdalanylyp bilner diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de dostlukly ýurduň işewürlerini bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Öz gezeginde Ýaponiýanyň Premýer-ministri hakyky geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaşyň belent halkara abraýyndan peýdalanýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge örän uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Türkmenistanda daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin hemme zerur şertleriň döredilendigini belläp, duşuşygyň barşynda çykyş eden Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşup, geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmäge meýillidikleri barada aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri bellenilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli öňe ilerlediljekdigine we gülläp ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly barýan iki ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen täze bilelikdäki möhüm taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine özara ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Günüň dogýan ýurdunyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra “Ýyldyz” myhmanhanasynyň uly dabaralar zalynda türkmen Lideriniň we belent mertebeli ýapon myhmanynyň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Bu ýere wise-premýerler, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Ýaponiýanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň hatarynda Ýaponiýanyň eksport karz beriş agentliginiň (NEXI), Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň, “ASAHI INOVEX Corporation”, “TOBISHIMA Corporation”, “Chikusui Canycom Inc.,”, “Sojitz Corporation”, Ýapon nebit, gaz we metal milli korporasiýasynyň («JOGMEC»), «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», “Itochu Corporation”, “Fukuyama Transporting Co., Ltd.”, Japan External Trade Organization, The Bank of Tokyo-Mitsubishi UFJ, Ltd., Mitsubishi Heavy Industries, Ltd., “TOKYO ROPE MFG. ÇO.,LTD.,”, Sukuba uniwersitetiniň, “Sumitomo Corporation”, “SMBC EMEA Division CEO”, “The Boston Consulting Group”, “SANKO SEIKO CO., LTD.”, “NIPPON STEEL&SUMKIN ENGINEERING CO.,LTD.”, “Mizuho Bank, Ltd.”, Tokyo University of Foreign Studies, “MAYEKAWA MFG.CO.,LTD”, “Marubeni Corporation”, “Kawasaki Heavy Indusstries, LTD.”, Medical Excellence Japan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.
Bu ýere ýygnananlar ör turup, şowhunly elçarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Premýer-ministr Sindzo Abeni garşylaýarlar. Olar bilelikde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen zala girýärler.
Alypbaryjy maslahaty açyp, belent mertebeli myhmanlary tüýs ýürekden gutlaýarlar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Lideriniň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň gatnaşmagyndaky iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň häzirki duşuşygy maslahata gatnaşyjylar üçin uly hormatdyr. Alypbarjylar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän örän uly ünsi, türkmen-ýapon işewürler hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn goldaýandyklary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Premýer-ministr Sindzo Abä çuňňur hoşallyk bildirip, bu duşuşyga belent mertebeli myhmanlaryň hut özüniň gatnaşmagynyň netijeli işewür hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda nobatdaky anyk ädime öwrüljek işewürler maslahatynyň aýratyn derejesini nygtadylar.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutanyna söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary mübärekläp, mähirli we aýratyn dostlukly hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda şu gün geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdi. Türkmen döwletiniň Baştutany ýapon kompaniýalarynyň we olaryň türkmen hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda işewürler maslahatyny bilelikde geçirmegiň başlangyjynyň wajypdygyny nygtady.
Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty, ýurdumyzdaky jemgyýeçilik-syýasy durnuklylyk, häzirki zaman hukuk ulgamynyň bolmagy köp babatda türkmen bazarynyň özüne çekijiligini şertlendirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanda, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän iri özgertmeleriň ýurdumyza durnukly ýokary ösüş depginlerini üpjün edendigini belledi. Bu ýagdaý hem-de baý tebigy serişdeleriň bolmagy, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, yzygiderli durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” daşary ykdysady syýasaty amatly maýa goýmak üçin hakyky mümkinçilikleriň bolmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet daşary ýurtly maýadarlary salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde uly goldawyny bermäge taýýardyr diýip, türkmen Lideri aýtdy hem-de bu işleriň netijesi hökmünde jemi milli önümleriň önümçiliginde maýa goýumlaryň paýynyň yzygiderli artýandygyny, maýa goýum taslamalarynyň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň köpelýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, dünýäde emele gelen käbir çökgünlilik ýagdaýlaryna garamazdan, türkmen ykdysadyýetiniň ösüş depginleriniň durnukly oňyn ugruny görkezýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Şu ýyl makroykdysady görkezijiler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigini tassyklady. Bu döwürde Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 8,3 göterim boldy, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň ýokary ösüş depginleri hasaba alynýar.
Bu netijelerTürkmenistanda bolan hem-de ýurdumyzyň üstünlikleri bilen hut özleri tanşan bilermenleriniň Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň hasabatlary bilen tassyklanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini hem-de geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini belläp, bu iri halkara edaralyrynyň wekilleri türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de yzygiderli ösjekdigini, ýurduň maýa goýum sanawyndaky derejesiniň ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar.
Haryt öndüriji pudaklarda önümçiligiň möçberleriniň köpelmegi häzir türkmen ykdysadyetiniň ösüşiniň aýgytlaýjy ýagdaýyna öwrüldi diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, uly bölegi önümçilik ulgamyna gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň durnukly artýandygyny bellemek gerek. Ýaponiýanyň dünýä derejeli iň täze tehnologiýalaryna hem uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, türkmen Lideri olaryň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň ýena pulynyň karzlarynyň hasabyna hem berlip bilner diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa Türkmenistanyň maýa goýujy möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, kanagatlanma bilen nygtady hem-de häzirki günde ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 6,5 milliard dollaryndan geçýän, 230 million ýewro töweregi hem-de 160 milliondan gowrak ýena bolan maýa goýum taslamalarynyň 32-siniň hasaba alnandygyny belledi. Durmuşa geçirilýän hem-de geljegi uly ikitaraplaýyn täze taslamalaryň umumy möçberi ABŞ-nyň 20 milliard dollaryndan gowraga barabardyr.
Iri ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazarynyň ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, nebithimiýa, suw hojalygy we beýlekiler ýaly möhüm pudaklarynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň karzlaryny peýdalanmak arkaly hem-de Ýaponiýanyň eksporty we maýa goýumlary ätiýaçlandyrmak boýunça guramasynyň gatnaşmagynda köpden bäri üstünlikli işleýändiklerini nygtap, Türkmenistanyň Baştutany bu hyzmatdaşlygy dowam etmäge, onuň özara bähbitli bolmagy üçin höweslendirmäge we goldamaga meýlini tassyklady.
Türkmen Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygyna ynam bildirdi. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, energetika we ulag pudaklarynda iri milli hem-de halkara düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutup, peýdalanylyp bilner diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Tebigy gazdan suwuk ýangyjy öndürmek boýunça zawodlar gurlanda mundan beýläk GTL (“Ji-Ti-El”) we GTG (“Ji-Ti-Ji”) ýapon tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikler bar diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, ýapon hyzmatdaşlaryny Türkmenistanda, hususan-da, demir ýol ulgamynda döwrebap ulag düzümini gurmak boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini ünsli öwrenmäge çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna çykmak bilen, sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmekde hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýandygyny belläp, yklym ähmiýetli iri ulag halkalarynyň biri boljak Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy portunyň logistika kuwwatyndan peýdalanmagyň hem ýapon işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynam bildirdi.
Türkmen Lideri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda saglygy goraýşy, obasenagat toplumyny, elektroenergetikany, syýahatçylygy, aragatnaşygy, telearagatnaşygy, informatikany agzap, ýapon hyzmatdaşlaryna bu pudaklary döwrebaplaşdyrmaga, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmaga, dolandyrmagyň täze usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibinde Aziýanyň ösüş banky ýaly halkara guramalarynyň, maliýe edaralarynyň gatnaşmagynda “Ýokary hilli düzümleýin hyzmatdaşlygynyň” çäklerinde özara hereket etmäge möhüm orun berilýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň bu ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň gurallaryna garamaga taýýardygyny tassyklady.
Ýaponiýa häzirki wagtda dünýäniň iri maliýe merkezleriniň biri bolan ýurtdur diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şu babatda ýurdumyz üçin Ýaponiýanyň maliýe ulgamyny, maliýe-karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny, biržalaryny döretmekdäki we işlerini alyp barmakdaky üstünlikli tejribesiniň gyzyklydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümiň möçberinde hususy eýeçiligiň kärhanalarynyň paýynyň tapgyrlaýyn artdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işewür alyş-çalyşlaryny işjeňleşdirmegiň, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň ýurtlarymyzyň çäklerinde geçirilýän dürli çärelere gatnaşmagynyň, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň gatnaşmagynda ol ýa-da beýleki taslamalara gatnaşmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin telekeçileriň maksatlaýyn saparlaryny guramagyň wajypdygyny belledi.
Türkmenistan Ýaponiýa özüniň ileri tutýan hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garaýar. Bu ýurt bilen Türkmenistan gatnaşyklaryny uzakmöhletleýin, strategik geljegi nazarlap gurmaga gyzyklanýar diýip, türkmen Lideri belledi hem-de häzirki duşuşyga Ýaponiýanyň ýurdumyzyň işewür toparlary bilen mäkäm we uzakmöhletli söwda-ykdysady hem-de maýa goýum aragatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda möhüm ädim hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda ýapon işewürliginiň wekillerini iki tarapyň uly mümkinçiligine laýyk gelýän giň, işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy hem-de türkmen-ýapon işewürler maslahatyna gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw etdi.
Türkmen Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisinde uly gyzyklanma döretdi.
Soňra ýygnananlaryň öňünde Ýaponiýanyň Premýer-ministri çykyş etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanyny hem-de maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, belent mertebeli myhman onuň bu saparynyň biziň ýurdumyza ilkinji saparydygyny belledi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Merkezi Aziýa boýunça saparlarynyň başyny hut Türkmenistandan başlaýandygyna şatdygyny nygtady. “Bu ýere gelen dessime Aşgabadyň ajaýyp öwüşgünlerinden lezzet almak bagty maňa miýesser etdi, bu gün bolsa türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdym. Munuň özi maňa bu şäheriň ýaşaýyş durmuşynyň belent ruhuny hem-de aýawly saklanýan däp-dessurlaryny duýmaga mümkinçilik berdi” diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.
Ýaponiýa gadymy wagtlarda “Zipanga-altyn toprak” diýlip atlandyrylypdyr diýip, dostlukly döwletiň hökümetiniň Baştutany sözüni dowam etdi hem-de ýaponlaryň ujypsyz gorlaryny peýdalanyp, ýokary hilli harytlary döretmäge hem-de tehnologiýalary kämilleşdirmäge çalşandyklaryny nygtady. Häzir “Altyn toprak” diýen at energetika döwlet bolan Türkmenistana has laýyk gelýär. Bu ýerde dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri ýerleşýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän uly işleriň netijesinde halkyň abadançylygy üpjün edildi diýip, Premýer-ministr Sindzo Abe nygtady.
Tebigy serişdeleri eksport etmekden başga-da, Türkmenistan ýokary goşulan gymmaty bolan ykdysadyýeti döretmäge hem-de ýokary hilli düzümleri ýola goýmaga ymtylýar diýip, belent mertebeli myhman kanagatlanma bilen belledi we Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany şu günki işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň biziň döwletlerimiziň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlyk başlangyjyny ele almaga ukyplydygyna ynam bildirdi.
Premýer-ministriň belleýşi ýaly, günüň birinji ýarymynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda Ýaponiýanyň döwlet we hususy ulgamynyň bilelikdäki tagallalar arkaly Türkmenistanyň senagatyny ösdürmäge hem-de türkmen ykdysadyýetiniň pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam bermäge ymtylmasy tassyklanyldy.
Netijeleri boýunça umumy bahasy 18 milliard dollar bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilen ýokary derejedäki duşuşyga ýokary baha berip, Premýer-ministr Sindzo Abe netijeli işleri üçin işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman, şeýle hem 2 trillion ýena möçberinde işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmäge örän uly mümkinçilikleriň açylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Ýapon kompaniýalaryna yzygiderli goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. Olar ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýapon kompaniýalarynyň wekilleriniň ähli tekliplerine garamaga hem-de degişli meseleleriň çözülmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýratyn belledi.
Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany Sindzo Abe öz çykyşyny tamamlap, iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen JGS Corporation /Ýaponiý, Tokio/, Itochu Corporation /Ýaponiýa, Tokio/, “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” /Stambul, Türkiýe/ kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Daşoguz welaýatynda etileni Pes dykyzlykly çyzykly polietilen öndürmek boýunça taslama barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanda Japan-GTL taslamasy boýunça Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Ýapon Nebit, Gaz we Metal Milli Korporasiýasynyň /“JOGMEC”/ arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” /Ýaponiýa/ we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” /Türkiýe/ kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda “Gazy polimerlara” gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy boýunça taslama hakynda Çarçuwaly ylalaşyga; Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi bilen Ýaponiýanyň “Marubeni” korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky /“TFEB”/ bilen Sumitomo Mitsui Banking Corporation /“SMBC”/ bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” /Ýaponiýa/ we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” /Türkiýe/ kompaniýalar toparynyň arasynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň himiýa senagatynda amala aşyrylýan taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Çarçuwaly ylalaşyga; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Sojitz Corporation” /Ýaponiýa/, “TTCL Public Company Limited” /Taýland/ we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” /Türkiýe/ kompaniýalar topary arasynda Türkmenistanda, Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada Çarçuwaly ylalaşyga; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Sumitomo» Korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda umumy kuwwatlylygy 432 MWt (ISO şertinde) bolan ýönekeý dolanşykda işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Şertnama; “Türkmengaz” döwlet konserni we “Itochu Corporation”, “JGS Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Chiyoda Corporation”, “Sojitz Corporation”, Çalik Group of Companies we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça” gurluşygyň taslamasy hakynda Çarçuwaly ulalaşyga gol çekilýär.
Duşuşyk tamamlanandan soň, ýapon-türkmen ykdysady komitetiniň başlygy, Itochu korporasiýasynyň wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýaşi işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygynyň geljegi barada geçirilen aç-açan, manyly gürrüňdeşlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe çuňňur hoşallyk bildirdi. Ýapon işewüri işewürler maslahatynyň ähmiýetini belläp, bu gün gol çekilen resminamalaryň Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanan köptaraply söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Premýer-ministri maslahata gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşdylar.
Işewürler duşuşygynyň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hem-de geljek üçin niýetlenen uly meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi babatda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we kesgitlenildi. Gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem dürli pudaklarda ýygjam işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýokary gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
* * *
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginde Ýaponiýanyň we Koreýanyň kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen ylalaşyklara gol çekmek dabarasynyň hem bolandygyny bellemek gerek. Bu ylalaşyklar Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana şu resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň üstüni ýetirdi. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynda sintetiki suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek we gurmak baradaky şertnama, şeýle hem Daşoguz welaýatynda etanyň krekingi desgaly polietilen we polipropilen öndürýän zawody gurmak hakyndaky çarçuwaly ylalaşyk bar.
Bu örän uly taslamalar iri ýapon işewürler toparlarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiki hyzmatdaşlyga işjeň gyzyklanma bildirýändigini we taýýardygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Munuň özi belent halkara abraýyna hem-de ösüş babatda uly geljege eýe bolan, ygtybarly, durnukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza ynamyň uludygyna şaýatlyk edýär.
Bu waka “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädimi alamatlandyrdy. Gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak bu maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ulgamda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmaga ýardam eder. Umuman, bularyň ählisi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder.