Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň (TOPH) taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 23-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine taslama gatnaşyjy ýurtlaryň pudaklaýyn ministrilikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem bu taslamanyň Tranzaksion Geňeşçisi bolan Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy meselesi paýdarlyk we maýa goýum Ylalaşyklaryny gazanmakdyr, onda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPILtd.” Konsorsiumynyň agzalarynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hukuk we täjirçilik şertleri öz beýanyny tapar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Energetika strategiýasynyň esasy ugurlary türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek, energiýa göterijilerini halkara bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze keşbini kemala getirmäge, şeýle hem iri möçberli halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlarynda iş ýüzünde amala aşyrylýar, olaryň biri hem TOPH taslamasy bolup durýar.
Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda uzynlygy 1700 kilometrden gowrak bolan TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna örän iri gaz ýataklary ýerleşýän Türkmenistanyň gündogar sebitinde badalga beriler we Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinden geçip, pakistan-hindi serhetindäki Hindistanyň Fizilka ilatly nokadyna çenli baryp ýeter. Gazgeçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metrden gowrak bolar.
Günorta Aziýa ýurtlarynyň tebigy gaza bolan uly isleglerine esslanýan bu taslamanyň ykdysady esaslandyrmasy biziň ýurdumyzyň ýerasty hazynalarynda dünýä ähmiýetli ägirt uly gaz gorlarynyň bardygynyň abraýly halkara bilermenler tarapyndan hem tassyklanylan umumy ykrar edilen ýagdaý bilen şertlendirilýär, bu bolsa Türkmenistana islendik ugur boýunça, şol sanda TOPH ugry boýunça uzak möhletleýin gaz iberilmegini kepillendirmäge mümkinçilik berýär.
TOPH taslamasy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň diňe bir ykdysady meselelerini gowulandyrmakdan başga-da, sebitde möhüm durmuş we ynsanperwerlik wezipelerini çözmägede ýardam berjekdigini bellemek gerek. Olar ilkinji nobatda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gazgeçirijisiniň tutuş ugry boýunça ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümlerini kemala getirmek bilen baglanşykly meselelerdir. Bu taslamanyň sebitde orän täsirli durnuklaşdyryjy şert bolup durýandygyny, geljekde Merkezi we Günorta Aziýada we ýakynda ýerleşýän beýleki sebitleriň umumy ýagdaýyna oňyn täsir edýän, yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň bütin ulgamyna goşmaça durnuklylyk berýän gural bojakdygyny eýýäm aýtmak bolar.
Şu günki duşuşygyň çäklerinde Ýewraziýa yklymynyň iň iri energetika ulgamy boljak gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlamak üçin taýýarlyk işleriniň çäklerinde taslama gatnaşyjylar we onuň Tranzaksion Geňeşçisi tarapyndan ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Ýygnananlar TOPH gazgeçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisiniň esasy netijelerine garadylar we makulladylar, şol mejlisiň çäklerinde şeýle hem taslamany ilerletmegiň hukuk we tehniki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meseleler ylalaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň tizden-tiz iş ýüzünde amala aşyrylmagyna we türkmen tebigy gazynyň iberilmegine öz ýurtlarynyň ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklamak bilen, bilelikdäki çäreleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen ozal gazanylan ylalaşyklar boýunça beýleki meseleleriň hem birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem paýdarlyk we maýa goýum Ylalaşyklarynyň taslamalary makullanyldy.
Mundan başga-da, mejlisde Tehniki iş toparynyň we TOPH-yň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşyklarynyň möhletleri ylalaşyldy. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Mejlis tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar TOPH taslamasyny ilerletmek boýunça soňky aýlarda oňyn öňe gidişligiň gazanylandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ägirt uly taslamanyň tiz durmuşa geçirilmegine gönükdirilen tagallalaryny aýratyn nygtamak bilen, türkmen Lideriniň BMG-niň howandarlygynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmäge ukyply täsirli guraly kemala getirmek boýunça halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny beýan etdiler.