Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 749
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky 10-njy maslahaty geçirildi, onuň barşynda milli parlamentiň deputatlary täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesine garadylar. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň işi milli kanunçylygy ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynda kesgitlenilen hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda öňde goýlan ilkinji nobatdaky wezipelere laýyklykda alnyp barylýar. Türkmen parlamentiniň kanun çykaryjylyk işinde döwlet Baştutanymyzyň deputatlar bilen her ýyl geçirýän duşuşyklaryndaky maksatnamalaýyn çykyşlary esasy gözükdiriji bolup durýar, onda milli Liderimiz ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary şu gezekki maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ulgamlaryny, halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge degişli meseleleri kadalaşdyrýan täze kanunçylyk taslamalarynyň, döwletimiziň ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleriň üstünde yzygiderli işlediler.

Mejlisiň deputatlary şeýle hem ýurdumyzy täze belentliklere çykarmaga gönükdirilen milli maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwlet düzümleri we jemgyýetçilik guramalary bilen täze kanunçylyk namalaryny işläp düzmekde utgaşykly işiň oňat netije berendigini bellediler. Şunda kadalaşdyryjy- hukuk resminamalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegi ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi.

Maslahatyň barşynda “Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Türkmenistanyň kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňden görüjilikli we parasatly içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde häzirki wagtda Türkmenistan demokratik özgertmeleri we dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagy durmuşa geçirmegiň ýolunda ynamly öňe barýar, bu bolsa ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilmegini talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň garamagyna “1981-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen Olimpiýa nyşanyny goramak hakynda Naýrobi Şertnamasyna goşulmak hakynda”, “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasyny tassyklamak hakynda”, “Senagat nusgalyklarynyň halkara bellige alynmagy boýunça Gaaga Ylalaşygynyň Ženewa Namasyna goşulmak hakynda” we “Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary hödürlendi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň onunjy maslahatynda garalan kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan makullamak we kabul etmek bilen, milli parlamentiň deputatlary bu möhüm hukuknamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, ýurdumyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.