Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Aşgabada ynanç hatyny gowşurmak üçin gelen Şwesiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ingrid Tersmany kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipesinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylygynyň adyndan däp boýunça ýokary ruhubelentlik hem-de döredijilik joşguny bilen bellenilýän baş döwlet baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli tutuş türkmen halkyna iberen mähirli gutlaglaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda Ingrid Tersman türkmen döwletiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan we esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak bu syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.
Ilçi Bitarap Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünliklerine we milli Liderimiziň başlangyjy boýunça türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ähli pudaklarda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine ýokary baha berdi.
Uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda ýola goýulýan türkmen-şwed hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary bellenildi. Şeýle hem iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyny şertlendirýän ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň, medeni gatnaşyklaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada nygtaldy.
Şwed diplomaty öz tarapyndan Türkmenistanyň we Şwesiýanyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy we däp bolan hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
* * *
Şol gün Şwesiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary hem-de Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ingrid Tersman Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy we özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň käbir ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.
Ilçiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy we ýurdumyzyň dürli ministrliklerinde, pudak edaralarynda duşuşyklary göz öňünde tutuldy.