Ï Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

view-icon 679
Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 24 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy. Baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen halkynyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk güni dünýäde parahatçylyk dörediji, ählumumy durnukly ösüşiň, birek-birege ynanyşmagyň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine dünýä bileleşigi bilen açyk gatnaşygy ýola goýýan ýurt hökmünde belli bolan özygtyýarly türkmen döwletiniň täzeden galkynmagyny alamatlandyrýar.

Garaşsyzlyk her bir türkmenistanly üçin gymmatlydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy - munuň özi türkmen halkynyň arzuwynyň hasyl bolmagydyr, ykbalynyň göterilmegidir. Şöhratly pederlerimiziň özygtyýarly döwlet, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hakyndaky umyt- arzuwlary 24 ýyl mundan ozal amala aşdy.

Her bir halkyň durmuşynda ykbal bähbitli pursatlar bolýar. Ol döwletiň taryhynda täze döwrüň başlanýandygyny alamatlandyrýar we ähli raýatlaryň ruhy galkynyşyny, bitewüligini üpjün edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlaryny özünde jemläp, parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň belentliklerine pugta ynamy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösýän zamanasyna öwrüldi.

Şu gün Mejlisler merkeziniň ajaýyp zalynda ruhy ýokary göteriliş we şatlykly ýagdaý emele geldi. Ol ýurdumyzyň baş baýramyny täze zähmet üstünlikleri hem-de döredijilik kuwwatlyklary bilen garşylaýan halkymyzyň buýsanç duýgularyny we bagtyýarlygyny has dolulygyna äşgär edýär.

Mälim bolşy ýaly, her bir baýramçylyk, dabaraly çäre sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlaryna utgaşýar. Olar milli medeniýetimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilen Garaşsyz türkmen döwletiniň durmuşyndaky möhüm wakalara özboluşly öwüşgin çaýýar. Mejlisler merkezinde geçirilen dabara gatnaşyjylar muňa aýdyň göz ýetirendirler.

Bu ýerde geçirilen baýramçylyk konsertine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň baştutanlary gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ylmy we döredijilik ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekilleri bar. Şeýle hem baýramçylyk konsertine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVIII maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly watandaşlarymyz, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz olar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite bellenilen ýere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy baýramçylyk konsertiniň başlanandygyny äşgär edýär. Zalda oturan müňlerçe tomaşaçylar agzybirlikde Döwlet senasyna goşulýarlar.

“Watan, Garaşsyz, Arkadag!” atly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, onuň ýokary döredijilik ruhuny wasp edýän watançylyk aýdymy bilen baýramçylyk konserti başlandy. “Dokmaçylar” folklor toparynyň agzalarynyň joşgunly çykyşlary Bitarap türkmen döwletiniň häzirki döwürdäki ösüşiniň tapgyrlaryny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary we işi bilen baglanyşykly şekiller bu ýerde görkezilen wideofilmde öz beýanyny tapdy. Onda ýokary durmuş ýörelgelerine, ýurdumyza ählumumy ykrarnama abraý getiren, şöhratly pederlerimiziň paýhasly we ynsanperwer dessurlaryna esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty bilen türkmen halkynyň Arkadagyna alkyşlar beýan edildi.

Baýramçylyk konserti örän köpugurly we köpöwüşginli bolup, olarda türkmen sungatynyň baý mümkinçilikleri äşgär duýuldy. Şol bir wagtyň özünde konsertde dürli çykyşlar we aýdym-sazlar bir bitewi manyny emele getirip, söýgini wasp etdi. Hut şonuň üçin hem onuň maksatnamasyna girizilen çykyşlar mähriban Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik işleri dörediji we onuň başyny başlaýjy milli Liderimize, mähriban topragymyzyň gözelligine, adamzat gymmatlyklaryna, ýurdumyzyň ýaş we ýaşuly nesillerine söýgi bolup ýaňlandy.

Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyny “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijisi bolan körpeler dowam etdi. Olaryň “Biz Watanyň balasy” atly joşgunly aýdymy ajaýyp tanslar bilen utgaşyp gitdi. Häzirki döwürde Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdy diýlip atlandyrylýar. Munuň özi bellärliklidir, çünki ýurdumyzda ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çykyşlar milli öwüşgine baý bolup, olarda çaga döredijiliginiň üsti bilen Watanymyzyň bagtyýarlygy, halkymyzyň abadançylygy öz beýanyny tapdy.

Soňra ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, belli aýdymçylary, opera ýerine ýteirijileri we türkmen estradasynyň täze döreýän ýyldyzlary, şöhratly folklor we tans toparlary öz nobatynda ussatlyklaryny görkezdiler. Olaryň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlar, “Aýna” hem-de “Şasenem we Garyp” operalaryndan, halk dessanlaryndan aýdymlar, özboluşly wokal-horeografiýa hem-de sazly çykyşlar ýaňlandy. Ussat deprekçileriň mähriban Watanymyza, milletimiziň bahasyz gymmatlygy bolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň üstünliklerine bagyşlanan “Bedew bady” atly çykyşy has-da täsirli boldy. “Mukam” skripkaçylar toparynyň we “Türkmen toýy” sazly kompozisiýany ýerine ýetiren Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň çykyşlaryna tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpdylar.

“Laçyn” folklor toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy. Munda gündogara mahsus aýdyşyk aýdymy ýerine ýetirildi.

Döwlet konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar artistleriň ussatlygyny we zehinini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Olar özleriniň aýdym-sazlary bilen ýüreklere ýylylyk, tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsirler eçildiler. Sahnada häzirki zaman kämil tehnologiýanyň ulanylmagy baýramçylyk çykyşlarynyň täsirliligini we öwüşginini artdyrdy.

Soňra ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň folklor toparlary bilelikde “Küştdepdi” tansyny ýerine ýetirdiler. Bu gadymy tans Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik mümkinçiligi bilen baýlaşdyryp, döwürleriň hem-de nesilleriň mizemez ruhy baglanyşygyny, pederlerimiziň özygtyýarly we gülläp ösýän mähriban ýurt, halkymyzyň agzybirligi, bitewüligi baradaky köpasyrlyk arzuwynyň durmuşa geçýändigini alamatlandyrdy.

Bu ýerde guralan dabaranyň jemini jemlän we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sazyny we sözüni döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyny baýramçylyga gatnaşyjylaryň hemmesi bilelikde ýerine ýetirdi.

Dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň gazanan ägirt uly üstünliklerine bagyşlanan bu aýdymy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olar Garaşsyz, Bitarap Watanymyza çuňňur buýsanç duýgusy bilen ýerine ýetirilen bu aýdymyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen sözlerini şowhun bilen gaýtaladylar.