Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

view-icon 806
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi we mejlisiň barşynda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlisi açyp, merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlarboýy eden arzuwynyň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda doly hasyl bolandygyny aýtdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy öz Rezolýusiýasy bilen Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň esasydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Türkmen halky Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen Bitarap Watanymyz dünýäniň kuwwatly we durnukly ösýän döwletleriniň hataryna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni taýdan örän uly üstünlikleri gazandy, berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň hem barha artýandygyny nygtap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sebitde ylalaşdyryjy döwlet hökmünde tanalýandygyny, umumadamzat bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna örän möhüm başlangyçlary öňe sürýändigini belledi. Döwletimiz bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýoly bilen bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzyň we bagtyýar halkymyzyň geljeginiň nurana boljakdygyna, ösüşleriň täze belentliklerine ýetjekdigine berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny, olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Bitarap Watanymyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlap, ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda uly baýramlaryň öňüsyrasynda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly ýörelgä laýyklykda, iş kesilen 1020 raýatyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz Ý.Berdiýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine barmak we baýramçylygy maşgala agzalarynyň arasynda bellemegi üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilikler döredilýär.

Şuňuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine hem-de beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyzda bolan resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat duşuşygynyň jemleri boýunça ähli ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga hem-de ösdürmäge, özara bähbitlere laýyk gelýän gatnaşyklaryň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga gönükdirilen gol çekilen resminamalaryň toplumy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykarylan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk hem täze kuwwatly itergä eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Premýer-ministr Sinzo Abeniň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-ýapon işewürler maslahatynyň jemleri boýunça gol çekilen hem-de geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde, hususan-da, gazhimiýa önümçiligi, elektroenergetika, himiýa ulgamlarynda ýurdumyzyň degişli düzümleriniň ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyna degişli resminamalaryň uly toplumy hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ýagdaý Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklara, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň barha artýandygyny, dünýä giňişliginde özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň 28-29-njy oktýabrda ýurdumyza boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hemişe açykdygyny nygtady. Milli Liderimiz Aşgabatda geçirilen türkmen-ýapon gepleşikleriniň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan gowrak bolan bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady, energetika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmegi, ulag we logistika ulgamyny, beýleki käbir pudaklary türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegini pugatalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem hemmetaraplaýyn berkidilmeginiň ähmiýetini nygtady. Hormatly Prezidentimiz gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň ählisiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler minsitrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz türkmen-ukrain gatnaşyklary meselesine geçip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň uly kuwwata eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçiriljek türkmen-ukrain gepleşikleriniň ähmiýetini belläp, Ukrainanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýylygy mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada aýldyldy. Wise-premýer öňde boljak forumyň maksatnamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ygtybarly bank ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Garaşsyz döwletimiziň pul birligi hökmünde milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň oňyn durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem-de çuňlaşdyrymagy, oýlanyşykly maliýe-karz syýasatynyň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şerti üpjün edendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 22 ýyllygyna bagyşlanan bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa noýabr aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralaryň tertibi barada hasabat berdi.

Indiki aýda halkara maslahatlaryň we medeni çäreleriň birnäçesi, Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralar guralar. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, baýramçylyk duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri we konsertleri guramak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bellenilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýer anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz olaryň her biriniň ähmiýetli, gyzykly we ýatda galyjy bolmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramyna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu taryhy sene mynasybetli meýilleşdirilen çärelere degişli derejede taýýarlyk görülmelidigini we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çäreleriniň türkmen döwletiniň umumadamzat, ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýurdumyz boýunça güýzlük bugdaý ekişiniň üstünlikli tamamlanandygyny, pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň oba hojalygynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi. Häzirki döwürde daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, dürli oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döwletimiziň esasy wezipesi oba zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze pagta hasylyny ýokary hil derejesinde gaýtadan işlemek, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, şol sanda paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şu maksat bilen olimpiýa oýunlaryny we iri sport ýaryşlaryny geçirmegiň öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär, sport ulgamynda ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, olimpiýa desgalaryny dolandyrmak, ugurdaş çärelere maglumat hem-de mahabat goldawyny bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziada-2017-niň milli sport senenamasynda däl, eýsem, dünýä möçberinde taryhy we ähmiýetli wakalaryň birine öwrülmelidigini nygtady.

Paýtagtymyz halkara olimpiýa hereketini işjeň guraýan we oňa gatnaşyjy hökmünde ykrar edildi we bu ugurdaky netijeli işleriň yzygiderliligi zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan köptaraplaýyn işleriň dünýäniň iri sport ýaryşlaryny geçirmekde guramaçylyk ukybyny özleşdirmek, türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmak çärelerine degişlidigini belläp, milli olimpiýa hereketini güýçlendirmek we türkmen sportunyň kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 23-nji mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi. Duşuşyga taslama gatnaşyjy ýurtlaryň pudak ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, bu taslamanyň Tranzaksion Geňeşçisi bolan Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Içgin ara alnyp maslahatlaşylmagynyň barşynda “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň agzalary tarapyndan paýdarlyk Ylalaşygynyň taslamasy doly ylalaşyldy we deslapdan makullanyldy. Yklymyň iň iri gaz geçirijileriniň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisiniň gurluşygyna dekabr aýynda başlamak göz öňünde tutulýar. Ýolbaşçy komitetiň mejlisiniň barşynda “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň agzalary TOPH taslamasynyň hukuk, tehniki we täjirçilik ugurlary bilen baglanyşykly birnäçe beýleki meselelere hem garadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hökümetinde türkmen tarapyndan bu gaz geçirijisiniň gurluşygyna goýberilýän serişdelere garaldy, oňa laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni konsorsiumyň ýolbaşçysy hökmünde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň esasy maýa goýujysy hökmünde çykyş eder. Owgan, hindi we pakistan taraplary taslamany maliýeleşdirmegi olaryň tassyklanylan paý gatnaşyklaryna laýyklykda amala aşyrarlar. Aziýanyň ösüş banky bu taslama öz maýa goýumlarynyň, maliýeleşdirmek ulgamyny guramagyň hem-de maliýe hyzmatlaryny amala aşyrmagyň hasabyna gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady, bu taslama diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, Aziýa sebitinde netijeli hyzmatdaşlygyň we dostlugyň hakyky köprüsine öwrüler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri energetika taslamasynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ählumumy durnukly ösüşiň zerur şerti bolan ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak işine uly goşant boljakdygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny, tutuşlygyna alnanda bolsa, Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak we öndürilýän önümleri ýerlemek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň garamagyndaky kärhanalarda dünýä meşhur türkmen el halylaryny dokamakda örän gymmatly çig mal bolan saryja goýnunyň ýazky gyrkymynyň ýüňi peýdalanylýar. Bu çig mal ýuwup arassalamak üçin ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän Marydaky kärhana iberilýär, soňra bolsa “Argaç” önümçilik ýüň- egirme birleşiginde ýokary hilli ýüplük taýýarlanylyp, haly dokamakda ulanylýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň milli halyçylyk senedini ösdürmek barada uly alada edýändigini belledi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçylyk sungaty döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň haly önümleriniň eksport möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny belledi we saryja goýunlarynyň artyk galan ýüňlerini “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň üsti bilen daşarky bazarda ýerlemek baradaky teklibi oňlady.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz S.Abdyşükürowy Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakyndaky Permana hem-de Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary Ş.Jepbarowy Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň häkiminiň wezipesine wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda kärhanalaryň işlerini has-da kämilleşdirmek, ulag ulgamynda milli we sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Atamyrat-Ymamnazar-Akina” halkara demir ýolunyň gurluşygynyň depginleri barada şekiller arkaly giňişleýin habar berdi. Bu ýoluň uzynlygy 88 kilometre deňdir. Demir ýoluň türkmen böleginde gurluşyk işleri Demir ýol ulaglary ministrliginiň degişli edara-kärhanalary tarapyndan alnyp barylýar. Bu ýoluň ugrunda iki sany demir ýol köprüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu halkara demir ýolunyň ugrunda iki sany demir ýol bekedini gurmak üçin potratçy kompaniýany seçip almak boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň jemlerine pudagara topary tarapyndan seredilýär. Ýakyn wagtda Ymamnazardan Owganystanyň Akina ilatly ýerine çenli çäkdäki 3 kilometrlik bölekde işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzak aralyklara ýüki daşamak boýunça esasy işleri ýerine ýetirýän demir ýol pudagynyň ösdürilmeginiň türkmen döwletiniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaş ýurtlar bilen, ozaly bilen bolsa, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Türkmenistan döwrebap ulag düzümini kemala getirmek işlerine uly serişdeleri goýbermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň has-da okgunly ösdürilmegi üçin hem, daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin hem ygtybarly binýady döredýär we ýola goýulýan oňyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurulmagynyň sebitiň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň möhüm baglanyşdyryjysy boljakdygyny aýdyp, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň alamaty bolup hyzmat etjekdigini nygtady. Goňşy Owganystanda birnäçe bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy bu ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer, möhüm ähmiýetli durmuş meseleleriniň, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga ýardam berer.

Ýurdumyzyň geljekde hem Owganystana hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini, bu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet Baştutanymyz “Atamyrat-Ymamnazar-Akina” demir ýolunyň gurluşygynyň barşyna kanagatlanma bildirip, wise-premýere alnyp barylýan işleriň hili hem-de olaryň öz möhletinde ýerine ýetirilmegini berjaý etmek bilen baglanyşykly çäreleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ak mermerli paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri, şol sanda ýurdumyzyň baş şäheriniň inžener-tehniki, energetika we durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli baýram – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýan dabaralara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, öňümizdäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow 4-6-njy noýabr aralygynda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Halkara söwda sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu giň möçberli çärä daşary döwletleriň ençemesiniň esasy kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşjakdygy habar berildi. Sergide azyk we hojalyk harytlary, sport lybaslary, neşirýat hem-de himiýa sengatynyň önümleri, mebeller we aşhana enjamlary, gurluşyk serişdeleri hem-de dürli ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamynda hyzmatlaryň giň görnüşleri görkeziler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we Türkmenistanyň eksportynyň hem-de daşary söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin halkara işewürler gatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky çäreler barada aýdyp, bilelikdäki çäreleriň, şol sanda forumlaryň, sergileriň we ýarmarkalaryň möhüm ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözden geçirilişe gatnaşýan ýurtlar bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, önüm öndürijileriň arasynda hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň täze mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, söwda sergisiniň we onuň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda kanunçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna guraljak ähli çäreleriň we dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek we oňa taýýarlyk görmek babatda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini belläp, asylly däbe görä, olara köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşýandygyny aýtdy we meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda dabaraly ýörişiň, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň, köpçülikleýin ýörişiň degişli derejede guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, olaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň X maslahatynyň jemleri barada habar berdi. Maslahatda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş we demokratik özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegine ýardam etjek kanunlaryň taslamalarynyň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesine garaldy we biragyzdan kabul edildi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň, öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlarynyň, kabul edilýän täze kanunçylyk resminamalarynyň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işleri barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk işiniň giň möçberli döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny belläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetimizde demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge ýardam etmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligini demokratik hukuk döwletiniň ösüş ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesi we häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygyny hem-de parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we özygtyýarly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.