Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 781
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Türkiýeli işewür türkmen Lideri bilen mähirli salamlaşyp we umumymilli baýram – ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, baýramçylyk dabaralarynyň giň gerimde we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýändigine haýran galýandygyny, köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda olara özüniň hem gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik başlangyçlary netijesinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş babatda bütin dünýäni haýran galdyrýan üstünlikleri, Garaşsyz hem Bitarap ýurdumyzyň ägirt uly syýasy abraýy mähriban Diýarymyza daşary ýurt işewürler bileleşiginiň, şol sanda iri türk kompaniýalarynyň wekillerini giňden çekýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, köpsanly türk kompaniýalarynyň, şol sanda “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň ýurdumyzda üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu kompaniýa Olimpiýa şäherjigini, şeýle hem paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzilini gurmak baradaky taslamalary durmuşa geçirmek ynanyldy. Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz ähli taslamalar durmuşa geçirilende, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikiriň we innowasion tehnologiýalaryň esasy görkezijiler bolmalydygyny, desgalaryň bolsa ähli görkezijiler babatda iň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini aýdyp, dünýäniň iň gowy tejribesiniň çekilmeginiň döwlet ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtady.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasyna bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ähli maslahatlarynyň hem-de teklipleriniň göz öňünde tutuljakdygyna ynandyrdy.