Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Renaissance Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Renaissance Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 754
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Renaissance Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi şanly sene -- Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde täze üstünlikler arzuw etdi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde türkmen döwleti seçip alan döredijilik ýolunda haýran galdyryjy üstünliklere eýe boldy, onuň halkara abraýy barha artýar. Munuň özi daşary ýurtly işewür toparlaryň ykdysady taýdan okgunly ösýän ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanmasyny şertlendirdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz tarapyndan öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkiýeli hyzmatdaşlaryň, şol sanda “Renaissance Holding” kompaniýasynyň türkmen bazarynda işjeň we netijeli işleýändigini belledi.

Türkiýeli işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm taslamalary, şol sanda ýurdumyzda gazhimiýa we himiýa pudagynyň iri senagat desgalaryny gurmak boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmak babatda kompaniýa bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Jenap Erman Ylyjak ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.