Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.
Sebitleriň ýolbaşçylary ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy türkmen daýhanlarynyň täze uly zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Bu ýere ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalara, türkmen halkynyň zähmet ýeňişlerine beslenýär.
Milli Liderimiziň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine yzygiderli üns bermegi netijesinde döwletimiz oba hojalyk ulgamyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ekerançy daýhanlar mineral dökünler, ýokary hilli tohum, döwrebap tehnikalar bilen elýeterli şertlerde üpjün edilýär. Şu we beýleki çäreler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň artmagy üçin oňyn şertleri döredýär. Adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, sebitlerde täze amatly ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap derejede enjamlaşdyrylan mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk we medeniýet merkezlerini, sport desgalaryny, nusgalyk derejedäki döwrebap şäherçeleri gurmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahatynda kabul edilen kararlar we çözgütler türkmen halkyny has-da ruhlandyrdy. Özleri hakynda edilýän alada netijeli iş bilen jogap berýän zähmetsöýer daýhanlar Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar. Ýurdumyzyň ekerançylary öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak maksady bilen batly depginlerde zähmet çekýärler.
Soňra elleri ak pagtadan doldurylan horjunly çagalar toparlary zala girýär. Her welaýata wekilçilik edýän körpeler mähriban Arkadagmyzy “ak altyn” ussatlarynyň gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleri şanly waka mynasybetli belent ruha beslenen we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp edýän goşgulary aýtdylar.
Pederlerimiziň ruhy mirasyny, türkmen halkynyň asylly däplerini dowam edýän ýaşajyk artistleriň ruhubelent çykyşlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramynyň şatlygyny äşgär etdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşlar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, çagalara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy. Mähriban Arkadagymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň edermen pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri bilen gutladylar.
Türkmen daýhanlarynyň we welaýatlaryň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagyny ösdürmek we zähmetsöýer babadaýhanlar hakynda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Şeýle hem olar milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.
Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynyň hem sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Ýurdumyzda daýhanlaryň netijeli işi, dürli oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli amatly şertler döredilýär.
Obasenagat toplumynyň işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Watan harmanyna tabşyrylýan gallanyň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrýan gallaçylarymyzyň yhlasly zähmetini aýratyn belledi. Zähmetsöýer daýhanlar bu ýyl hem milli baýlygymyz bolan pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, şertlnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde geldiler.
“Biz mundan beýläk-de türkmen daýhanlarynyň netijeli işi, olaryň ýokary hasyl ýetişdirmekleri we öz zähmetiniň hözirini görüp, bolçulykda ýaşamaklary üçin ähli amatlyklary üpjün ederis. Döwletimiz giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, olaryň döredijilikli zähmeti üçin oňaýly şertleriň döredilmegi hakynda edýän aladasy häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarymyzda aýdyň beýanyny tapýar” diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylary, ähli oba hojalyk işgärlerini şu günki şanly waka bilen ýene bir ýola gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Goý, Watan harmany hemişe doly bolsun, edermen pagtaçylar! Goý, her bir bugdaý dänesi müňe öwrülsin, hormatly gallaçylar!” diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.