Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi giňden bellenilýän uly baýramçylyk -- Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Jenap Žil Remi meşhur fransuz kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklap, Ýewropanyň we tutuş dünýäniň işewürliginiň okgunly ösýän hem-de amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna gyzyklanmanyň artýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, durmuş-ykdysady ösüşiň innowasion ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda esasy fransuz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady. Ýurdumyz fransuz kompaniýalary bilen bilelikde işlemekde köp ýyllyk oňyn tejribe toplady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özüni ýurdumyzyň ygtybarly işjeň hyzmatdaşy hökmünde görkezen “Sifal” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary babatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy. Milli ykdysadyýetde senagat ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, öňdebaryjy ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Jenap Žil Remi “Sifalyň” täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine berk eýerjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda “Sifal” toparynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi hem-de fransuz kompaniýasyna bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.