Ï Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

view-icon 996
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli baýramçylygymyzy—Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly belleýär. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garaşsyz türkmen döwletiniň erkinligini, mäkämligini we parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, döredijilik kuwwatyny hem-de nurana geljegini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen ýyllar bu taryhy senäniň ähmiýetini has aýdyň we uly manyda ýüze çykarýar. Bu sene adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan, adamlaryň parahatçylykda we agzybirlikde ýaşaýan demokratik Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurduň durmuşynda täze eýýamyň başyny başlady.

“Garaşsyzlyk milli buýsanjymyzdyr, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuw-umytlarynyň hasyl bolmagydyr. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik eýýamyna we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da berkitjekdigine berk ynanýaryn!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna baýramçylyk Gutlagynda nygtady.

Asylly däbe görä, baýramçylygyň esasy dabaralary hut şu ýerde, milli Garaşsyzlyk seýilgähindäki, türkmen halkynyň iň täze taryhynyň beýik özgertmeleriniň nyşany bolan ýadygärlikler toplumyndan başlandy.

Ir bilen bu ýere baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen türkmenistanlylaryň we myhmanlaryň müňlerçesi ýygnandy. Parlaýan ýaşyl tugumyz, hoşboý ysly gül çemenleri, adamlaryň ýylgyryşly nurana ýüzleri—bular buýsanç hem-de watançylyk duýgularyny oýaryp, ählihalk baýramçylygynyň dabaraly ýagdaýyny döredýär. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyza söýginiň dabaraly senasyna sazlaşýan ähli türkmenistanlylaryň ýüregini ýeke-täk umumy güýje birleşdirýär.

Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, halkara işewür toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bar.

Bu ýere ýygnananlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji, Türkmenistany dünýäde ykdysady taýdan gülläp ösýän döwletleriň hataryna çykaran iri möçberli özgertmeleriň başyny başlaýjy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her tarapynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň halk gahrymanlarynyň şöhratyny mynasyp dowam etdirýän edermen esgerleriň hormat garawuly duran haly düşelen ýodasy bilen bina tarap bardy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başy göge direýän altyn öwüşgünli çür depesi dogup gelýän Günüň şöhlelerine ýalpyldap, Garaşsyz türkmen döwletiniň röwşen geljege ymtylyşyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýýar. Bu güller milletimiziň azatlygy we garaşsyzlygy ugrundaky köpasyrlyk söweşlerde türkmenleriň gaýduwsyz pederleriniň görkezen gahrymançylygyna baky hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň yzýany bilen dabara gatnaşyjylaryň ählisi ajaýyp gül desselerini goýýarlar. Garaşsyzlyk binasynyň etegine adamlaryň yzy üzülmeýän akymy gelýär hem-de tiz wagtda ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdança owadan hoşboý ysly güllerden boglan çemenlerden dolýar. Bu güller milletimiziň mertebesini we abraýyny alamatlandyrýan mukaddes nyşanlara biziň çuňňur hormat goýýandygymyzy aňladýar. Bu bolsa mähriban Watanymyza söýgi we buýsanç duýgularynyň çuňlugyny hem-de tüýs ýürekdendigini şöhlelendirýär.