Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün türkmenistanlylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döredijilik, giň möçberli özgertmeler, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny bitewi we agzybir maşgala bolup garşylaýar.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtmyguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynda wasp edilen halkymyzyň özygtyýarly döwlet hakyndaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hasyl boldy. Şol günden ýurdumyzyň taryhynda täze eýýam başlandy. Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyga açyk bolan Türkmenistan demokratik ösüş ýoluna ygrarlydygyny tassyklady, kuwwatly hem-de berkarar döwlet hökmünde syýasy giňişlikde özüniň abraýyny ep-esli berkitdi.
Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda giňden bellenilýän Garaşsyzlygyň şu 24 ýyllygy hem ýurdumyzyň ýaşaýjylary üçin aýratyn many-mazmuna hem-de ähmiýete eýedir, çünki ol ykbal çözüji we taryhy wakalaryň ençemesini özüne birleşdirdi. Türkmenistan bu şanly senäni baýramçylyk etmäge täze haýran galdyryjy üstünlikler bilen geldi. Şol üstünlikler bolsa geljekki täze zähmet ýeňişleri üçin ygtybarly esasy goýdy.
Her bir ädimde diýen ýaly milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly we giň möçberli özgertmeleriň netijeleri aýdyň görünýär. Gysga döwrüň içinde Türkmenistan kuwwatly Garaşsyz döwletleriň birine öwrüldi. Ýokary makroykdysady görkezijiler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Diňe şu ýylyň geçen döwrüniň içinde jemi içerki önümiň ösüşi 8,3 göterime barabar boldy. Düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim ýokarlandy, zähmet haklarynyň ortaça möçberi bolsa 10 göterime golaý artdy.
Durmuş düzümini ösdürmek we goldamak ýurdumyzyň içeri syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz ilatymyza dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk durmuş ýeňilliklerini berýär. Bu işleriň ählisi türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we “Döwlet adam üçindir!” diýen strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasylsh.
Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri hem-de köpsanly iri döwrebap desgalaryň ulanmaga berilmegi netijesinde sebitlerde, hatda ýurdumyzyň alysdaky künjeklerinde hem raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerýär. Türkmen halkynyň abadançylygy barha artýar, şäherlerde we obalarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur bolan düzüm döredilýär. Nebitgaz we himiýa senagatyna, energetika toplumyna, oba hojalygyna, ulag we aragatnaşyk pudaklaryna, söwda hem-de hyzmatlar ulgamlaryna degişli iri senagat desgalarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 10-njy sentýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanň Ýaşulularynyň maslahaty 2015-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Umumymilli forumyň gün tertibine türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň gaýragoýulmasyz meseleleri hem-de durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan geljegi uly taslamalar we maksatnamalar girizildi. Maslahatyň barşynda ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Olaryň çözülmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.
Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy hem özüniň anyk netijelerini berýär. Bu syýasat bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. Ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi saklamagyň bähbidine dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli gatnaşmak bilen, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara ulag geçelgelerini döretmäge, daşky gurşawy goramaga gönükdirilen oňyn teklipler bilen çykyş edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawa mynasyp bolýar.
Şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmegini aýratyn bellemelidiris. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köpsanly dabaraly çäreler geçirilýär. Şu ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň kabul edilendigini bellemelidiris. Bu resminama ýurdumyzyň geçen ýyllaryň dowamynda bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmegiň bähbidine geçiren işiniň aýratyn möhümliginiň halkara derejesinde ykrar edilmegi boldy.
...Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şöhratly senesi mynasybetli guralan dabaralar ýurdumyzyň baş meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere aşgabatlylaryň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň müňlerçesi ýygnandy.
Hormat münberinde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri bar. Hemmeler uly dabaranyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Sagadyň dilleri 10.00 görkezdi. Döwlet münberine hormatly Prezidentimiz geldi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşýanlaryň ählisini we myhmanlary mähirli mübärekleýär.
Ýurdumyzyň baş baýramy dabaraly harby ýörişden başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby ýörişi kabul edýär.
Dabaraly sazyň astynda Hormat garawuly meýdança ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny çykarýar. Watanymyzyň ýaşyl Tugy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň aýdyň nyşanyna öwrülip, milli mukaddeslik hem-de buýsanç hökmünde kabul edilýär. Ol halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar, her bir adamda mähriban topragymyza, ata Watanymyza söýgi we wepalylyk duýgusyny terbiýeleýär hem-de ösdürýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Meýdançada nyzama düzülen esgerler, serkerdeler we harby talyplar döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine wepalylygy alamatlandyrýar.
Mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda berk duran, ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýän türkmen esgerleri halkymyza, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirýärler.
Iň kämil tehnikalar bilen üpjün edilen we oňat taýýarlykly goşunymyz häzirki wagtda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň buýsanjy bolup durýar. Goşunymyzyň ähli kuwwaty parahatçylygy goramaga gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, özüne hormat goýýan islendik döwlet özüni goramagy başarmalydyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň öňünde hem hut şu wezipe durýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde ata Watanymyzyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi hem-de oňat ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça netijeli işler geçirilýär. Bitarap Türkmenistanyň diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, iň kämil harby tehnikalaryň we ýaraglaryň hasabyna Milli Goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Häzirki döwürde Watan goragçylarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmäge ukyply milli harby işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli işler kämilleşdirilýär.
Harby gullukçylar döwletimiziň yzygiderli aladasyna täze harby tehnikalara, ýaraglara ussatlyk bilen erk etmek, ýokary amaly we söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek arkaly mynasyp jogap berýärler. Her ýylda uly üstünlik bilen geçirilýän harby-tehniki meýdan okuwlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
...Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleri Watan goragçylarynyň buýsanjy bolan söweşjeň baýdaklary belentde tutup, harby ýörişiň öňüni çekýär. Olar meýdança ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny alyp çykýarlar.
Baýdak göterijileriň yzýany bilen ýaş deprekçiler-Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň okuwçylary geçýärler.
Watana gulluk etmegi ömrüniň maksadyna öwren Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň iň gowy wekilleri--milli Goşunymyzyň serkerdeleri dabaraly harby ýörişi dowam edýärler.
Zenan-harby gullukçylar hem mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň harby ýokary okuw mekdeplerinde okaýan zenan-harby talyplar hem bar.
Motoatyjy batalýonyň esgerleri harby ussatlygyň nusga alarlyk mysalyny görkezýärler. Olaryň yzýany bilen türkmen uçarmanlar batalýony geçýär. Olar döwrebap uçarlary ussatlyk bilen dolandyryp, Garaşsyz Watanymyzyň asman giňişliklerini mäkäm goraýarlar. Ýörite maksatly paraşýut-desant batalýony hem ýurdumyzyň howpsuzlygynyň goragynda sak durýar, olar dogumly ädimläp, ýurdumyzyň baş meýdançasyndan geçýärler.
Soňra Türkmenistanyň Harby-Deňiz güýçleriniň harby gullukçylary we deňiz pyýada batalýony geçýär. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan asmana atyjylar batalýonynyň harby gullukçylary geçýärler. Baýramçylyk ýörişini Raýat goranyş we halas ediş işleri batalýonynyň harby gullukçylary dowam edýärler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda gyssagly kömek bermek, onuň zyýanyny aradan aýyrmak boýunça ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler we öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelýärler.
Dabaraly harby ýörişiň dowamynda merkezi meýdançada ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Türkmenistanyň Serhet institutynyň talyplary peýda bolýar.
Bitarap Watanymyzyň mukaddes çäklerini ygtybarly goraýan harby-serhetçiler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň serhetlerini dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk çäklerine öwürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Döwlet münberiniň öňünden Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly bölümleriniň harby gullukçylary geçýärler.
Olaryň yzysüre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri hem-de IIM-niň institutynyň harby talyplary geçip gidýärler.
Ýurdumyzyň baş meýdançasynda atly harby gullukçylaryň peýda bolmagy dabaraly harby ýörişiň täsirini artdyrdy. Gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen “behişdi bedewler” türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy saýylypdyr. Häzirki taryhy eýýamda ahalteke bedewleri Watanymyzyň goragçylarynyň, tertip-düzgüni üpjün edijileriň ygtybarly kömekçileridir we olar bilen bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hem-de Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde atçylyk bölümleri döredildi. Olar häzirki döwürde milli Liderimiziň we şöhratly pederlerimiziň göreldesine eýerip, mynasyp gulluk edýärler.
Baýramçylyk ýörişi asman giňişliginde dowam edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Ýaragy Güýçlerimiziň harby we söweş kuwwaty ýokarlanýar. Olar gury ýerde, asmanda we deňizde sazlaşykly hereket etmäge ukyplydyr. Goşunlaryň beýleki kysymlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Harby Howa Güýçleriniň hem maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Ilkinji bolup meýdançanyň üstünden Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň dürli kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny alyp barýan “Mi-17” dikuçarlary geçýär. Olaryň yzýany bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş baş müdirliginiň “Super Puma” dikuçary gelýär.
Ýurdumyzyň baş meýdanynyň üstünden Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Mi-8 dikuçarlary geçýär. Olaryň yzy bilen döwlet serhedine daglyk ýerlere gözegçilik etmek üçin niýetlenen “Agusta-139” dikuçarlary geçýär.
Howa giňişligindäki harby ýörişi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň “Eurocopter-AS-365” dikuçarlary hem-de ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň “Eurocopter-ES-145” dikuçarlary dowam edýärler.
Baş meýdançanyň üstünden aňtaw we aerofoto düşürmelerini geçirmek üçin niýetlenen “Diamond-42” ýörite uçary geçýär.
Söweş uçarlaryny uçuşlaryň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar. Olar söweşjeň dikuçarlara ussatlyk bilen erk edip, ýokary ussatlygyny görkezýärler.
Merkezi meýdançada kuwwatly motorlaryň sesi eşidilip başlanýar. Harby ýöriş döwrebap harby tehnikalaryň ýörişi bilen dowam etdi. Häzirki döwürde milli Ýaragy Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy.
Döwlet münberiniň öňünden aýratyn maksatly ýörite bölümler tarapyndan ulanylýan “Bars” harby awtomobili geçýär. Onuň yzyndan birinji kerweniň düzüminde tirkegli “MAN” kysymly ýörite awtoulaglar geçýär, olaryň üstünde kuwwatly T-90 we T-72 tanklary ýerleşdirildi. Bu kuwwatly tehnikalar guryýer goşunlarynyň urgy toparlarydyr. Häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalarynyň biri bolan BMP-3 kysymly pyýada goşun söweşjeň ulagy harby ýörişi dowam edýär.
Üstünlikli amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlary kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi. Dabaraly harby ýöriş “2S-1 Gwozdika” we “2S-3 Akasiýa” kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalarynyň, “Şilka” we “Strela-10” kysymly asmana atyjy toplumynyň ýörişi bilen dowam edýär.
Soňra meýdançada ikinji ýeňil awtoulaglar kerweni peýda bolýar, onuň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly awtoulaglary dabara bilen geçýärler. Olar kuwwatlylygy, tizligi we ýolsuz ýerlerden ýöreýşi bilen tapawutlanyp, Watanymyzyň çäkleriniň ygtybarly goramagy üpjün edilende netijeli ulanylýar.
Ýöriş hataryny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sowutlanan ýeňil awtoulaglary dowam edýär.
Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde aýratyn maksatly polkuň harby tehnikalary--“Bars” kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulag, “Land Rower” kysymly ulaglar bar.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişde “Karakal” kysymly tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy hem görkezildi. Onuň yzýanyndan söweş tehnikalarynyň ygtybarly we ýokary söweşe ukyply bolan BTR-80A, BTR-80M we BTR-80 bronetransportýorlaryndan düzülen toparlar meýdançadan geçýärler.
Dördünji mehanizirlenen kerweniň düzümi güýçli ot açmak we uzak aralyga atmak ukybyna eýe bolan artilleriýa bölümlerinden ybaratdyr. “D-30” we “D-20” kysymly gaubisalaryň kömegi bilen türkmen esgerleri harby türgenleşiklerde çylşyrymly söweş wezipelerini ýerine ýetirip, öz harby ussatlyklaryny kämilleşdirýärler.
Olaryň yzýany bilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen satyn alnan 152 millimetrlik “MSTA-B” kysymly tirkege alynýan top hem geçýär.
Ýurdumyzyň baş meýdançasynda “BM 21A Belgrad” hem-de 300 millimetrlik «SMERÇ» kysymly reaktiw artilleriýa toplumlary peýda bolýar.
Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde “Rohde & Schwarz” kysymly döwrebap harby radioaragatnaşyk serişdesi ýerleşdirilen “Land Rower” kysymly ýeňil sowutlanan harby awtoulag hereket edýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň howa hüjüminden goranyş goşunlaryndaky kuwwatly ýaraglar eziz Watanymyzyň asman giňişliginiň goragynda ygtybarly durýar. “Peçora-2M” kysymly asmana atyjy raketa toplumy, “S-200B” kysymly asmana atyjy raketa toplumy şolaryň biridir.
Howa giňişliginde Türkmenistanyň Harby Howa Güýçleriniň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyny alamatlandyrýan 9 sany Su-25 we 6 sany Mig-29 kysymly uçarlar peýda bolýar.
Baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary dowam edýärler. Olar nyzam emellerini ýerine ýetirmekde ýokary ussatlygyny görkezýärler. Dabaranyň ahyrynda döwlet münberiniň öňünde eziz Watanymyzyň edermen goragçylary parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiniň görnüşinde nyzama düzülýärler hem-de şanly senäni alamatlandyrýan “24” belgini şekillendirýärler.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Birleşen harby orkestriniň eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň nobatdaky şanly senesiniň hormatyna ýerine ýetiren joşgunly owazy baýramçylyk ýörişiniň jemleýji pursadyna öwrüldi.
Ägirt uly baýramçylyk dabarasynyň ikinji bölegi başlanýar...
Jigitleriň ikisi şaý-seplere beslenen syratly ahalteke bedewini meýdança getirýär. Eziz Watanymyzyň hem-de tutuş türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormat-sarpanyň nyşany hökmünde hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleriniň adyndan bu ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berilýär.
Tüýdügiň owazy ýaňlanýar, ol hyýalyňda dag jülgeleriniň keşbini janlandyryp, şol ýerde müňlerçe ýyl mundan ozal rowaýata öwrülen bedewleriň we türkmenleriň ençeme nesilleri tarapyndan ýokary ussatlyk derejesine ýetirilen milli atçylygyň gözbaşlary döredi. Atyň kişňeýän sesi, at toýnaklarynyň golaýlaşýan sesi tüýdügiň owazy bilen utgaşyp gidýär. Meýdanda milli lybaslara beslenen çapyksuwarlar peýda bolýar. Türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk ýolunda ynamly gadamlaryny alamatlandyrýan atlylaryň dabaraly ýörişi başlanýar. Ajaýyp bedewleriň hatary Garaşsyzlyk nyşany astynda geçen ýyllaryň özboluşly şan-şöhratyny hem-de beýik işleriň we şanly wakalaryň ençemesiniň taryhy ýylýazgysyny şöhlelendirýär.
Dabaraly ýörişiň başyny milli gahrymanymyz Oguzhan çekip, onuň keşbi ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň we ruhy wesýetleriniň yzygiderliliginiň nyşany hökmünde çykyş edýär. Oguzhanyň yzýany bilen onuň alty ogly ýöräp gelýär. Bedewler meýdançada dabaraly owazyň astynda aýlanýarlar we münberiň öňünde hatara düzülýärler.
Oguzhanyň öz nesillerine ýüzlenmesi asyrlaryň jümmüşinden geçen, Garaşsyz we gülläp ösýän döwlet, agzybirlik hakynda arzuwy amala aşyran habar bolup ýaňlanýar.
Alypbaryjy ahalteke bedewiniň halkymyzyň ykbalynda tutýan orny barada gürrüň berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz ahalteke bedewini ählumumy söýginiň münberine çykaryp, asyrlaryň we köpsanly nesilleriň arabaglanyşygyny, ýeňişleriň hem-de zähmetiň sazlaşygyny, zehini we döredijiligi alamatlandyrýan ýurdumyzyň aýdyň nyşanyna öwürdi. Ahalteke bedewiniň bütin dünýädäki şan-şöharytyny artdyrmak işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary çäksizdir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentliklere çykdy, ýurdumyzda onuň düzümini ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini we milli däp-dessurlary wagyz etmek boýunça möhüm çäreler görülýär.
Türkmenistan bu ulgamda ykrar edilen dünýä merkezine öwrülýär, bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän iri gözden geçirilişlerde, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynda we at çapyşyklarynda ýeňiş gazanýarlar. Olar sirk sungatynda, hususan-da, at üstündäki oýunlarda öňdäki orunlary eýeleýärler. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişleri hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Bedewleriň gatnaşmagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Örän owadan, syratly hem-de öwüşgin atýan ajaýyp bedewler çapyksuwarlaryň ussatlyk bilen erk etmeginde sazlaşykly hereketlerini görkezýärler.
Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli dabaralar dowam edip, adamlaryň millionlarçasyny birleşdirýär: telewizion gepleşikler ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda ýaşaýan ildeşlerimize göni ýaýlymda paýtagtymyzyň baş meýdançasynda bolup geçýän wakalara syn etmäge mümkinçilik berdi. Çünki däp bolan ýöriş diňe bir ajaýyp dabara bolmak çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň özboluşly görkezilişidir. Garaşsyzlyk eýýamyyň her bir ýyly ýurdumyzyň ýylýazgysyna şöhratly sahypalary ýazýar.
Ine-de, meýdança ýaş nesliň wekilleri çykýar, Döwlet münberiniň öňündäki giňişlik gülläp ösýän bahar bagyna, bagtly çaga gülküsi ýaňlanýan güneşli meýdança öwrülýär.
Ýurdumyzyň iň gowy çagalar döredijilik toparlary—ýaş zehinler hem-de türkmen saz we tans sungatynyň körpeleri döwletiň umyt-arzuwyny we geljegini wasp edýärler. Oglanjyk we gyzjagaz ellerindäki gülleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurmak üçin münbere çykýarlar, meýdançada bolsa joşgunly tans başlanýar. Bu ýerde sahnalaşdyrylan çykyşlarda türkmen çagalarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan deň-duşlary myhmançylyga gelýärler. Olar öz halklarynyň milli lybaslaryna beslenip, joşgunly tansy bilelikde ýerine ýetirýärler, bagtly çagalyk hem-de eziz Watan, dostluk we arzuwlaryň amala aşmagy barada şadyýan aýdym ýaňlanýar.
Şunuň ýaly joşgunly ýagdaýda çagalar öz ornuny hormatly ýaşululara—halk arasynda uly abraýa eýe bolan, döwletimiziň üns-aladasy bilen gurşalan ýaşuly nesliň wekillerine berýärler. Meýdançada ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary peýda bolýar, olaryň ilkinji hatarlarynda ýurdumyzyň hormatly ýaşululary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Olaryň ellerinde Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň baýdaklary parlaýar, dürli reňkli howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar.
Ýüzlerçe adamdan düzülen hatarlaryň arasynda milli nyşanlarymyz bilen bezelen awtoulag sazlaşykly hereket edýär. Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň we Döwlet baýdagynyň golaýynda ýurdumyzyň Esasy Kanuny hem-de onuň binagärlik nyşany bolan Konstitusiýa binasy şekillendirilen panno ýerleşdirilipdir. Ýörişiň barşynda alypbaryjy döwletimiziň, onuň raýat we jemgyýetçilik edaralarynyň ösüşinde jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary kanunçykaryjylyk edarasynyň işiniň tutýan orny barada gürrüň berýär.
Jemgyýetçilik –syýasy gurluşy demokratiýalaşdyrmak boýunça ädilen möhüm ädimler Türkmenistanda köp partiýalylyk ulgamyny ösdürmek üçin hem berk binýady döretdi. Döwletimiziň durmuşynda amala aşyrylýan jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeler ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň geçirilmegini talap etdi, onuň esasy maksatlaryny we ugurlaryny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow takyk kesgitledi. Bu, ozaly bilen, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny, adamy goramak, goldamak we oňa gulluk etmek, raýat jemgyýetiniň ösmegi hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüş üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi bolup durýar.
Ýörişi Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we onuň edaralarynyň işgärleri dowam edýärler. Münberiň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine öwrülen täze desgalar şekillendirilen awtoulag geçip gidýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi.
Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty sebitiň iri işewür we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen okgunly ösýän döwrebap şäheriň täsin nusgasyny özünde jemledi. Geljegiň şäheri hasaplanýan ak mermerli paýtagtymyzda gözellik we amatlylyk, binagärligiň we inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşýar. Gurulýan binalaryň we desgalaryň ählisiniň esasy maksady raýatlarymyza hyzmat edip, olaryň zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan aýdym belentden ýaňlanýar, howa şarlarynyň ýüzlerçesi asmana uçurylýar.
Ýörişi ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän hatarlar dowam edýär. Sebitleriň her biriniň uly karta bilen bezelen awtoulagynyň üstünde maşgala ojagynyň, mähriban öýüň hem-de milli däplere wepalylygyň mukaddes nyşany hökmünde tamdyr ýerleşdirilipdir. Onuň ýanynda hormatly ýaşulular, ak saçly eneler we pederleriň parasatly nesihatlaryna eýerýän ýaşlar otyr.
Bu hatara gatnaşyjylaryň arasynda welaýatlaryň dürli düzümleriniň zähmetkeşleri bar. Olaryň yhlasy bilen obalarymyz we şäherlerimiz abadanlaşdyrylan görnüşe eýe bolýar, ähli künjeklere täze durmuş gelýär. Ilatyň ýaşaýşynyň ýokary ölçegleriniň üpjün edilmegi, adamlar üçin ösüşiň hemme eşiretleri bilen üpjün edýän häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegi şol özgertmeleriň baş alamatyna öwrüldi.
Özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde sebitlerde zerur durmuş düzümlerini özünde jemleýän täze obalar gurulýar. Olarda mekdepler we çagalar baglary, saglyk we medeniýet öýleri, söwda merkezleri, aragatnaşyk bölümleri we beýlekiler jemlenendir. Ine, şu baýramçylygyň öňýanynda “Täze zaman” obasynda köpçülikleýin jaý toýlary tutuldy. Bu obada müň töweregi kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlary birwagtda ulanylmaga berildi.
... Dabaraly ýöriş dowam edýär, asmana galýan dürli reňkli şarlar, ýaňlanýan aýdymlar we sazlar bilen birlikde, oňa ajaýyp baýramçylyk öwüşginini çaýýar.
Münberiň öňünden türgenleriň köpsanly toparlary geçýär. Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleriniň ussatlary, milli hem-de halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri we baýrak eýeleri, olaryň tejribeli türgenleri we halypalary bar. Bu gün ajaýyp sport toplumlary we stadionlar, ýüzlerçe sport mekdepleri olaryň ygtyýarynda. Şolarda türgenleşýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Aşgabatda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitde iri Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Onuň binýadynda ýene-de iki ýyldan Aziýa oýunlary geçiriler. Sportuň dürli görnüşleriniň alamatlary astynda ýerine ýetirilen akrobatika çykyşlarynda “2017” diýen ýazgyny şekillendirdiler. Bu sap ak mermerli Aşgabadyň bütin Aziýa sebitiniň sport paýtagtyna öwrüljek ýylydyr.
Türkmenistan halkara derejeli ýaryşlary geçirmekde tejribä eýedir. Bu tejribe, guşakly göreş we göreş boýunça dünýä çempionaty, “Awazada” geçirilen windsýorfing boýunça dünýä çempionaty bilen toplandy. Kenarýaka pursatlary alamatlandyrýan özboluşly tanslarda windsýorfing üçin sahna bu barada ýatlatdy.
Hemmeleri Awaza çagyrýan aýdymyň owazyndaky bu çykyş bilen meýdança Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, onuň düzümleriniň işgärleri çykýarlar. Olar bilen birlikde, türkmen topragynyň Gadymy Merw, Köneürgenç ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döwrebap binagärlik gözellikleriniň nusgalary peýda bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hem-de gönüden-göni howandarlygynda syýahatçylygyň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin amatly şertlere eýe bolan Türkmenistan pudagyň innowasion düzümi, netijeli häzirki zaman nusgasy döredilýän täze halkara syýahatçylyk merkezi hökmünde özüni görkezýär.
Syýahatçylyk pudagynyň yzýany bilen meýdança saglygy goraýşyň işgärleriniň hatary çykýar. Şol pursatda münberiň öňündäki meýdança tutuşlygyna ak reňke büreldi. Lukmanlar, şepagat uýalary hem-de özlerini ynsanlaryň saglygyny goramak ýaly asylly işe bagyş eden bu möhüm pudagyň beýleki işgärleri geçip barýarlar.
Owadan bezelen ulagda soňky ýyllarda halkara ölçegleriniň derejesine ynamly çykan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary şöhlelendirilipdir. Täze iň häzirki zaman merkezleriniň we hassahanalarynyň ýaýbaňlandyrylan ulgamy häzirki wagtda bu ýokary derejäni kepillendirýär.
Diňe şu ýylda paýtagtymyzda Okuw-ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkez ulanylmaga tabşyryldy, mundan başga-da, Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Bu yzygiderli çäreleriň ählisi milli Liderimiziň halkyň saglygy—ýurduň baýlygy diýen şygarda jemlenen saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan syýasatynyň baş ýörelgesiniň beýanydyr.
Soňra bilim ulgamynyň wekilleri ýörişi dowam edýärler. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ileri tutulýan ugry hökmünde bu ulgama ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Bu ulgamda düýpli özgertmelerden başlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuşlaýyn gurşalyp alnan strategiýany durmuşa geçirmäge girişdi hem-de bu ulgamy beýik maksatnamalaýyn wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmek üçin binýatlyk esasa öwürdi.
Her ýylda ýerlerde okamak we dünýägaraýşyňy giňeltmek üçin hemme şertler döredilen täze okuw şäherjikleri açylýar. Şu okuw ýylynyň ilkinji gününde umumybilim berýän mekdepleriň 25-si hem-de çagalar baglarynyň 14-si öz gapylaryny giňden açdy. 1-nji sentýabrda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy hem dabaraly açyldy.
Bilim we ylym ulgamyndaky gazanylan üstünlikler çeperçilik taýdan bezelen awtoulagyň şekillerinde we nyşanlarynda şöhlelendirildi. Ylym-bilim edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar milli Liderimizi mübärekläp, özlerine açylan giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. Hemmeler agzybirlik bilen “Şöhrat, Türkmenistan!”, “Şöhrat, Arkadag!” diýen sözleri gaýtaladylar.
Ýörişde ykdysady düzümlerine, maliýe-bank ulgamyna nobat etýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty, ägirt uly maddy serişdeleri halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlanýar. Durnukly maliýe ulgamy, oýlanyşykly salgyt syýasaty netijesinde daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiligi hem artýar. Şu ýyl ýurdumyzda düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim artdy, jemi içerki önüm boýunça görkeziji bolsa 8,3 göterime ýetdi.
Meýdança söwda toplumynyň we hususy ulgamyň hatarlary çykýar: Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň esesy düzümleriniň işgärleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýöräp barýarlar. Bezelen awtoulagyň diwarlygynda öňdebaryjy söwda guramalary hem-de hususy önümçilik kärhanalary, meşhur kompaniýalaryň nyşanlary görkezilýär. Olaryň önümleri alyjylaryň ynamyny hem-de içerki bazarda pugta binýady gazandy, indi bolsa daşarky bazarlary hem ynamly özleşdirýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýakynda Pekinde /HHR/ wekilhanasynyň we Tbiliside /Gruziýa/ “Türkmenistan” dükanynyň açylmagy hem türkmen işewürliginiň barha giňeýän söwda aragatnaşyklarynyň subutnamasyna öwrüldi.
Bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga tarap ugyr alan türkmen döwleti ýurdumyzyň işewür toparlarynyň telekeçilik işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär. Häzir türkmen işewürleriniň döreden kärhanalary gurluşyk pudagynda, hyzmatlar ulgamynda, halkyň sarp edýän harytlaryny, azyk önümlerini öndürmekde netijeli işläp, daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşýärler.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygyny baýram etmäge mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Belent heňde ýaňlanýan mukamlar ajaýyp çykyşlar bilen utgaşyp, gazanylan üstünlikler barada gürrüň berýär. Ony dokma senagatynyň we halyçylyk pudagynyň işgärleriniň hatary dowam edýär. Meýdançada göýä müň dürli reňkli haly düşelen ýaly adamlaryň akymy ýaýbaňlandy, ajaýyp şarlar seýran etdi.
Aýdym-saz dabarasyna ýene-de joşgunly mukamlar ulaşdy. Deprekçileriň joşgunly tansy ýaňlandy, owadan halk döredijilik görnüşinde uly türkmen toýunyň keşbi depginli üýtgäp durdy.
Ýurdumyzyň halyçylyk we dokma kärhanalarynyň zähmetkeşleri häzir döwrebap esasda gadymy hünäriň däpleri dowam edýän öz pudagyny aýdyň görkezdiler. Dokma senagaty ministrliginiň hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň bezelen awtoulagy diňe bir artistler üçin sahna bolman, eýsem-de, däp bolan gölleri we nagyşlary şekillendirilen dürli haly önümlerini görkezmek üçin hem meýdança öwrüldi. Olar häzirki zaman milli biçiwünde aýratyn görnüşiň esasy bolup durýar.
Meýdança senagat toplumyna girýän ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri çykýarlar, bu pudagy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kärhanalaryň döwrebap tehnikalar we iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegini, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny, önümçilik ösüşiniň we pudaklaýyn ylmyň höweslendirilmegini, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu ähmiýetli pudagynyň ähli ulgamlarynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň hormatyna guralan ýörişi obasenagat toplumynyň zähmetkeşleri dowam edip, olaryň hatary bu strategiki ulgamyň ähli pudaklaryny birleşdirdi. Meýdança bereketli gallany alamatlandyrýan altynsow howa şarlaryndan we pagtany aňladýan ak şarlardan doldy. Şu gün irden döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daýhanlarynyň zähmet ýeňşi -- pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi hakynda hasabaty kabul etdi. Gök we bakja, miwe, maldarçylyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleri artýar.
Münberleriň öňünde oňat bezelen ulaglar peýda bolýar, olarda sahawatly türkmen topragynyň ajaýyp miweleri we giň möçberli oba özgertmeleri netijesinde uly üstünliklere eýe bolýan ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ýokary hilli önümleri görkezilýär. Bugdaý sümmülleri we gowaça gozalary, ýygnalan hasylyň uly harmanlary, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary we beýlekiler şekillendirilipdir.
Hatarda Suw hojalyk, Tebigaty goramak ministrlikleriniň hem işgärleri bar. Oba hojalygyny we milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde suw hojalyk pudagyna, tebigy serişdeleriň aýawly ulanylmagyna hem-de ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegine möhüm orun berilýär. Häzirki döwrüň wajyp meselesi bolup durýan howanyň üýtgemegi hem gös-göni suw meseleleri bilen baglydyr. Şundan ugur almak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň işjeň gatnaşmagynda we howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp düzmek hakynda başlangyçlar bilen çykyş etdi.
...Ýene-de asmana köpsanly dürli reňkdäki howa şarlary uçurylýar. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň zähmetkeşleri – ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän adamlaryň müňlerçesi geçýär. Olaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, ussatlar we esasy hünärmenler, ýaşlar bar.
Nobatdaky hataryň başyny şu ýylyň maýynda Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp açylan binalaryň nusgalary çekdi. Meýdançada dürli önümçilikleriň köpsanly işgärleri ýörite iş lybaslarynda, pudaklaýyn edaralaryň – Energetika ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň hünärmenleri peýda bolýar. Ulaglaryň üstünde Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri barada gürrüň berýän maketler we pannolar ýerleşdirilipdir.
Bu ýerde ýurdumyzyň düýpli gurluşyk, elektroenergetika we awtomobil ýollary ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri görkezilýär. Häzirki wagtda bu ulgamlar köp babatda Türkmenistanyň ykdysady ösüşini, maýa goýum ýagdaýyny kesgitläp, beýleki ýurtlar we daşary ýurtly kompaniýalar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Dünýäde gurluşyk, elektroenergetika tehnologiýalarynda bar bolan ähli täze zatlar milli düzümi ösdürmekde giňden ulanylýar.
Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli elektron senagatyny döretmäge girişildi. Gün energiýasyny elektrik, elektron, fotoelektrik we yşyklandyryş enjamlarynyň, LED-lampalarynyň energiýasyna öwürýän kärhanalary döretmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar.
Geljek ýylda umumy bahasy ABŞ-nyň 9, 7 milliard dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 400-den gowragyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda Aşgabat şäherindäki halkara howa menziliniň toplumy, Türkmenabatdaky halkara howa menzili, Amyderýanyň üstünden geçýän demirýol we awtomobil köprüleri şeýle hem, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi, Awazadaky myhmanhanalar, paýtagtymyzdaky lukmançydyk merkezleri, gazturbinaly elektrik beketleri, döwrebap şäherçeler we obalar, mekdepler we beýlekiler bar. Şonuň bilen bir hatarda, 220-den gowrak desgalaryň gurluşygyna badalga berler. Diňe welaýatlarda durmuş desgalarynyň gurluşygyna ABŞ-nyň 7,5 milliardan gowrak dollary gönükdirmek bellenildi. Özgertmeleriň şunuň ýaly depgini 24 ýyl mundan öň ösüşiň garaşsyzlyk ugruny saýlap alan halkyň ruhy galkynyşy bolmazdan mümkin bolmazdy.
Gülläp ösýän, asuda we azat ýurtda ýaşamak bagty baradaky aýdymlar we tanslar joşgunly ýerine ýetirilip, täze durmuşyň gujurly depgini olarda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan nebitgaz ulgamynda hem öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky ýörişde bu toplumyň gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezilýär. Ýörite bezelen awtoulagyň üstündäki maketlerde sähralarda we deňizde ýerleşýän buraw wyşkalary, dürli ugurlar boýunça çekilen turbageçirijiler şekillendirilipdir. Özleriniň tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan, dünýäniň esasy energetika döwleti hökmünde onuň derejesini berkidýän pudagyň işgärleri ýörişe gatnaşýanlaryň hatarlarynda dogumly ýöräp barýarlar.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy täze sepgitlere çykýar: ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine, şol sanda umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollaryna deň bolan innowasion kärhanalary, gazhimiýa ulgamyna degişli kärhanalary gurmak boýunça resminamalara gol çekildi.
“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça giň gerimli işler dowam edýär. Eýýäm geljek ýyl Türkmenistan—Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär, 2016-njy ýylda bolsa Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny wasp edýän aýdymyň astynda horeografiýa çykyşy ýaýbaňlanýar, “oduň” uçgunlary täze ýangyç ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, türkmen gazynyň eksporta iberilişini artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň alamatyny aňladýar. Türkmen ýangyç serişdeleri olary alýan daşary ýurtlara bereketli türkmen topragynyň mährini ýetirýär.
Soňra meýdançada ak-ýaşyl “Boing” peýda bolýar, onuň yzyndan otlularyň düzümi, ap-ak reňkli deňiz gämileri we gaýyklary barýar. Bular “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlaryň ýörite enjamlaşdyrylan awtoulaglarda yzygiderli hereketini görkezýär. Dabaraly baýramçylyk ýörişine gatnaşyjylaryň ýörite iş lybaslary bu görnüşe aýratyn öwüşgin çaýýar. Olara guwanara zat kän – 2015-nji ýyl bu pudaklar üçin düşümli boldy, olar öz ulgamlarynda uly üstünlikler gazandylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyna aýratyn üns berilýär. Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta häzirki zaman ulag geçelgeleri kemala gelýär, olar deňiz, howa, demir ýol we awtoulag gatnawlaryny öz içine alýar. Ýene bir uly ähmiýetli halkara taslamasynyň -- Türkmenistan –Owganystan—Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy çaltlandyrylan depginde alnyp barylýar. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygy dowam edýär, ýakynda şol ýerde gurlan ilkinji gämi suwa goýberildi.
Awtomobil ulaglary we Aragatnaşyk ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Milli kosmos agentliginiň düzüm bölümleriniň işgärleriniň ýörişi baýramçylyk dabarasynyň dowamy boldy. Onuň nyşany hökmünde meýdançadan hemranyň makedini alyp geçýärler. Hut şu ýyl, Bitarpalyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzyň “TürkmenÄlem 520E” ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagynyň özboluşly manysy bar. Bu aragatnaşyk hemrasy älemi özleşdirmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işleri has-da çaltlandyrmaga ýardam eder, şeýle hem Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna uly itergi berer.
Awtomobil pudaklarynyň ösdürilmegi, aragatnaşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly goşant boldy, bu üstünlikler ýörişde ussatlyk bilen guralan çeperçilik serişdeler arkaly ajaýyp görnüşde beýan edildi.
Baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň döredijilik ulgamynyň köpsanly wekilleri—sungat we medeniýet ulgamynyň işgärleri peýda bolýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge, döredijilik üçin aňrybaş şertleri döretmäge, neşirýat pudagynyň, tele we radio ýaýlymlaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn uly üns berýär. Muňa şu ýyl açylan täze Metbugat öýi toplumynyň täze binasy aýdyň şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň halkara abraýy diňe bir ýurdumyzyň dünýä derejesindäki syýasy ornuna we ykdysady üstünliklerine esaslanman, eýsem, örän baý medeni kuwwatyna hem daýanýar. Biziň halkymyzyň baý ruhy dünýäsini we medeni mirasyny açyp görkezýän halkara derejesinde guralýan medeni çäreleriň hem gerimi giňeýär. Şu ýyl Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, 2016-njy ýylda Daşoguz şäherine GDA-nyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi medeniýeti ösdürmekde ýurdumyzyň üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň mysallary boldy.
Baýramçylyk bezegli we sahna görnüşi guralan awtoulag minberiň öňündäki meýdançada saklanýar. Baýramçylyk çykyşlaryny ýurdumyzyň belli tans toparlary we türkmen estradasynyň aýdymçylary dowam edýär. Ildeşlerimiziň ählisiniň kalplary buýsanç we agzybirlik, Watanymyzyň nurana geljegine berk ynam duýgulary bilen dolýar.
Dabarat gatnaşyjylar “Şöhrat! Şöhrat! Şöhrat!” diýip seslenýärler.
Baýramçylyk ýörişini mekdep okuwçylary jemleýär. Olara—ata babalarymyzyň parasaty däp-dessurlarynyň hem-de wesýetleriniň mirasdüşerlerine eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň geljekki ykbalyny ynanýarys. Şonuň üçin döwletimiz ýaşlaryň döwrebap bilimlere eýe bolmagy, ýokary hilli bilim almagy, üstünlikleri gazanmagy, erkin we bagtly ýaşamagy, döredijilikli hem-de joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýär we döreder.
Meýdançadan dürli mowzukda bezelen awtomobil kerwenleriniň biri düýäniň köşegini, beýlekileri çapyp barýan bedewi, ýelkenli gämini alamatlandyrýar, olaryň arasynda mekdep durmuşyna we bilimlere, sport we olimpiýa hereketine bagyşlanan mowzuklar bar.
Ýurdumyzyň baş meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Watanymyza hem-de Garaşsyzlyga bagyşlanan aýdym bilen jemlenýär.
Watanymyzyň ýüregi eziz paýtagtymyzda badalga berlen baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam etdi.
* * *
Şu gün agşam paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşmagynda “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan konsert boldy.
Belli sahna ussatlary, ýaş aýdymçylar, tans we folklor toparlarynyň artistleri çykyşlarynda ajaýyp döwrümizi, türkmen topragynyň bagtyýarlyk döwrüni wasp etdiler. Aýdym-sazly çykyşlarda halkymyzyň abadançylygy we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, parahat durmuşda ýaşamagy, arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda döretmäge hem-de zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyk beýan edilýär.
Garaňkynyň gatlyşmagy bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň syn ediş meýdançasynyň gijeki asmanynda baýramçylyk feýerwerkiniň dürli öwüşginli uçgunlary asmana galýar. Ýalpyldaýan feýerwerkler biri-biriniň yzy bilen belent asmanda ajaýyp güller görnüşinde açylyp, Garaşsyzlyk güni mynasybetli türkmenistanlylara sowgat hökmünde boglan çemen mysaly şöhlesini saçýar.
Ýene-de baýramçylyk gutlaglary we şygarlar dabaraly ýaňlanýar:
Mukaddes Garaşsyzlygymyza şöhrat!
Arkadagymyza şöhrat! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne şöhrat!
Ýaşasyn mähriban Watanymyz – Türkmenistan!
Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!