Ï Türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň özara peýdaly ugurlaryny işjeňleşdirmek ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň özara peýdaly ugurlaryny işjeňleşdirmek ýoly bilen

view-icon 885
Şu gün – 29-njy oktýabrda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşamlyk Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko resmi sapar bilen Aşgabada geldi.

Ýokary derejede geçiriljek bu gezekki duşuşyk deňhukuklylyk we özara peýdaly esaslara daýanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy oktýabrda geçirilden mejlisinde türkmen-ukrain gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribä we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanýandygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Ukraina döwlet garaşsyzlygy ýyllary içinde taraplaryň ýygjam we milli ykdysadyýetleriň netijeli gatnaşyklaryna bolan hemmetaraplaýyn taýýarlygyny äşgär edýän ylalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretdiler.

Gol çekilen we bilelikdäki iş üçin ygtybarly binýady emele getiren dürli derejedäki ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain topary döredildi. Şunlukda senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy amala aşyryldy we şeýle taslamalary ýerine ýetirmek dowam edýär.

Şäher we ulag düzümini ösdürmek boýunça bilelikdäki iri taslamalar özara peýdaly gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Gürrüň Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurluşygy, Aşgabatda zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň gurulmagy barada barýar. Ukrainanyň belli kompaniýalary birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty üçin möhüm bolan desgalaryň gurluşygyna hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň ykdysadyýetleriniň däl, eýsem halklaryň arasyndaky köp asyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berýär. Munuň özi gumanitar we beýleki ugurlardaky gatnaşyklarda has-da äşgär duýulýar. Ukrainanyň ylmy we işewür toparlarynyň wekilleri paýtagtymyzda guralýan halkara maslahatlaryna, sergilerine we işewürlik maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi garaýyşlaryň ýakynlaşmagyna we özara gazanylýan üstünlikler, ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu gezekki geçiriljek Aşgabat duşuşygynyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Petr Poroşenko milli bähbitleri hem-de Türkmenistanyň we Ukrainanyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýulýan türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşini, halkara syýasatynyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.