Ï Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda täze desgalaryň açylyşyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda täze desgalaryň açylyşyna gatnaşdy

view-icon 1034
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde täze möhüm binagärlik desgalarynyň – Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin sütünli meýdançanyň hem-de metjidiň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Daşoguz şäheriniň howa menzilinde uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimizi milli lybasly gyzlar gül desseleri bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar hem-de mähirli mübärekleýärler.

Uçaryň ýanynda hormatly Prezidentimizi Ukrainanyň “Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko özüniň ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Daşogzuň howa menzilinde alyp barýan işleri, aýratyn-da, bu ýerde uçuş-gonuş zolagynyň birinji tapgyrynyň gurlup ulanmaga berlendigi barada hasabat berdi.

Ýeri gelende aýtsak, döwlet Baştutanymyzyň uçary bu ýerde gurluşygy tamamlanan uçuş-gonuş zolagynda gonan ilkinji uçardyr. “Altkomyň” ýolbaşçysy işlenip taýýarlanylan taslama laýyklykda häzirkizaman ýolgagçy we ýük terminallarynyň, ugrukdyrjy ýodalaryň, howa gämileri üçin duralgalaryň, howa hereketini dolandyryş gulllugynyň diňleriniň, şeýle hem başga-da degişli desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygy, menziliň uçuş-gonuş zolagynyň birinji tapgyrynyň gurlup gutarylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu kompaniýanyň ýerine ýetirýän işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady we munuň özi üstünlikli ösdürilýän türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin strategiýasynyň iri möçberli wezipeleriniň biridir.

Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen birek-birege ynanyşmak we açyklyk esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp, milli Liderimiz Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Munuň özi Türkmenistanda işleýän ukrainaly işewür toparlaryň mundan beýläk-de netijeli işlemegine oňyn şertleri döredýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz howa menziliniň degişli düzümleriniň gurluşygyny alyp barýan kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw etdi.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirp, öz gezeginde türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Soňra howa menziliniň meýdançasynda milli Liderimizi Daşoguz welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlary oşgunly tanslar hem-de aýdym-sazlar bilen mübäreklediler. Şeýle hem bu ýerde welaýatyň ýaşajyk dessançy-bagşylary, döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli garşylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, howa menzilinden awtoulagda täze desgalaryň açyljak ýerine tarap ugraýar.

Welaýatyň merkezi şäheri Daşogzuň özgerýzän binagärlik – şähergurluşyk keşbi ýurdumyzyň sebitlerinde dürli ulgamlarda – energetikada, demir ýol we awtoulag pudaklarynda, dokma senagatynda, oba hojalygynda, gurluşyk senagatynda milli hem-de halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Durmuş-medeni ulgam hem okgunly ösdürilýär. Soňky birnäçe ýylda Daşoguzda gurlan Ruhyýet köşgüniň, N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň, Daşogzuň welaýat kitaphanasynyň, Taryhy - ülkäni öwreniş muzeýiniň täze ajaýyp binalary milletiň ruhy ösüşiniň aýdyň nyşanlary bolup durýar. Bu ýerde Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň çatrygynda gadymy döwletleriň döreýşiniň hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryň kemala gelşine, şol sanda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň örän baý mirasyna, Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän täsin binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanyp yzygiderli geçirilýän forumlar dünýäniň dürli künjeklerinden alymlaryň, sungaty öwrenijileriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijeleridir. Şol özgertmeler bolsa türkmen halkynyň bitewi, garaşsyz, ykdysady taýdan kuwwatly hem-de gülläp ösýän döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Täze eýýamyň her bir güni türkmenistanlylaryň ezizi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetinde gazanýan ajaýyp üstünliklerine beslenýär.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy şäheriň esasy ýolunyň – Andalyp şaýolunyň ugry bilen täze Baýdak meýdançasynyň golaýyna gelip saklanýar. Bu meýdança şäheriň merkezinde ýerleşen Ruhyýet köşgüniň, N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň, Daşogzuň welaýat kitaphanasynyň ajaýyp binalaryny bir bitewi binagärlik toplumyna birleşdirdi.

Beýikligi 100 metre barabar bolan baýdak sütüni ornaşdyrylan täze meýdança hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýerli gurluşykçylaryň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy.

Täze desgalaryň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açylmagynyň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi türkmen halkynyň mukaddes Döwlet Tuguna ägirt uly sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Ýaşyl Baýdagymyz milletimiziň jebisligini, eziz Watanymyza, onuň taryhyna we häzirki gününe buýsanjyny, röwşen geljegine ynamyny alamatlandyrýar.

Ýeri gelende aýtsak, baýdak sütünleri eýýäm Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem-de Awazada dabaraly ýagdaýda açyldy. Mälim bolşy ýaly, beýikligi 133 metre barabar bolan iň beýik baýdak sütüni eziz Watanymyzyň paýtagtynda, Aşgabatda gurnalypdy we ol 2010-njy ýylda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Milli Liderimiziň oňyn daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegi, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Ýurdumyzyň ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde parlaýar.

Mukaddes Garaşsyzlygyň tugy astynda biziň Bitarap döwletimiz özüniň täze taryhyny döredip, ösüş we rowaçlyk ýolunda has belent sepgitleri eýeleýär hem-de ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak däpleriniň häzirki döwrüň oňyn özgertmeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýan, olardan miras galan belent ýörelgelere eýerip, dünýäde kuwwatly, okgunly ýurt hökmünde berkarar bolýar.

Ýaş nesli umumadamzat ýörelgeleriniň ruhunda terbiýelemekde, eziz Watanymyza buýsanjymyzy artdyrmakda milli Tugumyzyň ähmiýeti örän uludyr. Özygtyýarly Watanymyzyň Baýdagy mähriban Diýarymyzyň her bir jaýynyň, köpsanly täze desgalaryň üstünde parlaýar. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň döredijilik kuwwatynyň örän uludygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşyl tugumyz biziň alpinistlerimiziň boýun egdiren dag depeleriniň çür başynda parlaýar, ol älem giňişliginde bolup gördi, türkmenistanly türgenleriň hormatyna dürli yklymlarda belende galdyryldy.

Baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada ýaşyl baýdaklar we dürli reňkli lentalar parlaýar, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary milli Liderimizi şatlyk we ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Dabara gatnaşýan ýaşlaryň ellerinde ter gül çemenleri hem-de dürli reňkdäki howa şarlary bar.

Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşlulular, talyp ýaşlar garşylaýarlar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny sütüniň ýokarsyna galdyrmak dabarasy başlanýar. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, ýurdumyzyň goranmak ministri hormatly Prezidentimize Döwlet baýdagynyň ýokary galdyrylmaga taýýar edilendigi barada hasabat berýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazyň astynda ýaşyl Tugumyz dabaraly ýagdaýda täze sütüniň ýokarsyna galdyrylýar. Ýygnananlar bu ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekleýärler.

Öňden gelýän asylly däbe görä, milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýär. Dabara gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýärler. Türkmenleriň özleriniň Tuguna beýik gymmatlyk, mukaddeslik hökmünde garaýandygynyň, halkymyzyň ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýdak sütüniniň etegine ajaýyp gül çemeni goýulýar. Dabara gatnaşyjylar hem sütüniň öňüne gül desselerini goýýarlar.

Meýdançanyň ýagty reňkler bilen örtülmegi, milli nagyşlar bilen bezelen granit zolaklary bu meýdança aýratyn dabaralylyk öwüşginini çaýýar. Meýdançanyň ugry boýunça dürli agaç nahallary oturdyldy, bu ýere gelýänleriň dynç almagy üçin owadan oturgyçlar hem-de özboluşly çyralar gurnaldy. Bu ýerde monitorly uly diwarlyk ornaşdyryldy. Onda ýurdumyzyň Döwlet nyşanlary şöhlelendirilýär.

Şeýle desgalaryň gurluşygy aýratyn inženerçilik –tehniki usullary talap edýär. Taslama işlenip taýýarlanylanda, dürli ýagdaýlar, şol sanda tebigy şertler—ýeliň we seýsmiki ýagdaýlaryň täsiri göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, bu giň möçberli gurluşyň durnuklylygyny üpjün edýän berkidiji enjamlar ornaşdyryldy. Sütüniň ýokarsynda parlaýan Baýdagyň agramy bolsa ýüzlerçe kilograma barabardyr. Bu ýerde pasyrdaýan ägirt uly Baýdagyň ini 20 metre we boýy 30 metre deňdir, onuň umumy meýdany 600 inedördül metre barabardyr. Harby esgerler baýdak sütüniniň öňünde Hormat garawulynda durarlar. Baýdak meýdançasy agşamyna has-da owadan keşbe eýe bolar, şol wagt bu ýerde bezeg çyralary dürli reňklerde öwşün atar. Indi bu ýer şäheriň iň sarpalanýan ýerleriniň biri bolar, onda milli baýramçylyklar mynasybetli dabaralar geçiriler.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisini Baýdak sütüniniň açylmagy bilen gutlady we awtoulagyna münüp, nobatdaky täze desga tarap ugrady.

Täze ak mermerli metjit Daşogzuň iň owadan we uzyn köçeleriniň biri bolan Görogly şaýolunyň ugrunda guruldy.

Täze desga 2013-nji ýylda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze sweýilgäh toplumynyň golaýynda, 60 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen ak mermerli binalar toplumyndan ybaratdyr. 3000 orunlyk metjitden başga-da, bu ýerde 1500 orunlyk sadaka berilýän jaý, şeýle hem kömekçi desgalary bar.

Bu ýerdäki üç gatly kaşaň myhmanhanada myhmanlaryň göwnejaý ýaşamak üçin ähli şertler döredildi. Bu myhmanhana bir wagtyň özünde 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir.

Dört minaraly we asman reňkli owadan gümmezli metjidiň binasy gadymy türkmen milli binagärliginiň iň gowy däpleriniň esasynda guruldy. Onuň aşaky bölegi granit bilen örtüldi. Metjidiň merkezi gümmeziniň diametriniň 38 metre, beýikliginiň 40 metre, minaralaryň her biriniň beýikliginiň bolsa 63 metre barabar bolmagy täze metjidiň örän uludygyna şaýatlyk edýär. Metjidiň gümmezleriniň hem-de minaralaryň üsti örtülende ähli howa şertlerinde durnukly bolan döwrebap serişdeler ulanyldy.

Metjidiň içgi bezeginde milli nagyşlar – Köneürgençdäki Nejmeddin Kubranyň we Tekeşiň mawzoleýleriniň gadymy döwürden biziň günlerimizpe çenli durkuny saklan, rejelenen, üsti ýetirilen şekilleri ýerlikli ulanylypdyr. Gümmeziň dik depesinde keramatly Gurhandan süreler ýerleşdirilipdir. Binanyň içinde gök reňkler millilik bilen sazlaşykly utgaşýar.

Metjidiň uly binasy ajaýyp binagärlik keşbi bilen hem, oňa ýanaşyk ýerleriň gözelligi hem-de giňligi bilen hem haýran galdyrýar. Bu ýerde welaýatyň nahalhanalarynda ösdürilip ýetişdirilen, sebitiň howa şertlerine laýyk gelýän dürli agaç nahallary hem-de güller ekildi.

Bu ýere ýygnanan köpsanly myhmanlar hem-de şäheriň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerwenine ruhubelentlik bilen garaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy metjidiň meýdançasynda saklanýar, bu ýerde milli Liderimizi din wekilleri-- Türkmenistanyň müftisi, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, hormatly ýaşulular garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, hormatly ýaşulular bilen söhbetdeş boldy we olaryň iş-aladalary, ýurdumyzyň welaýatlarynda bolup geçýän özgertmeler baradaky pikiri bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz olary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy bilen gutlap, soňky ýyllaryň içinde Bitarap Watanymyzyň hemmetaraplaýyn özgerendigini aýtdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Ýurdumyzyň halkara abraýy hem ýokarlandy. Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap döwletimiz dünýäniň köp ýurtlary bilen parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy hem yzygiderli ýokarlanýar. Bu bolsa, bize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleridir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýdyp, onda Garaşsyz Watanymyzy ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, täze, has belent sepgitleriň bellenilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz dekabr aýynda ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk baýramynyň hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljekdigini aýdyp, Bitaraplyk dost-doganlyk diýmekdir, hoşniýetli goňşuçylyk, asuda we abadan durmuşdyr diýip aýratyn belledi. Biz Berkarar döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürýäris, parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýarys. Şanly senäniň hormatyna 2015-nji ýyly «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan etdik diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Sentýabr aýynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşdy. Biz Milletler Bileleşiginiň belent münberinden umumy adamzat bähbitli möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdük. Häzirki wagtda dünýäde parahatçylygy gorap saklamak ählumumy güntertibiniň möhüm wezipesi bolup durýar. Garyplygy we açlygy aradan aýyrmak, azyk bolçulygyny döretmek hem möhüm meseledir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Daşky gurşawy gorap saklamak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça hem biz beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Häzirki döwürde biz öňe süren bu başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarys.

Milli Liderimiz ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk ýyllary içinde Daşoguz welaýatynda bolup geçen düýpli özgerişlikler barada aýratyn durup geçip, welaýatda köp sanly senagat we medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berilendigini, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilendigini, ilatyň hal-ýagdaýynyň hem yzygiderli gowulanýandygyny aýtdy. Şu gün hem welaýatda ýene-de bir uly ähmiýetli şanly waka – Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüniniň açylyş dabarasy boldy.

Milli Liderimiz Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagynyň mukaddesdigini, halkymyzyň agzybirliginiň alamatydygyny, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň nyşanydygyny belläp, goý, Berkarar döwletimiziň ýaşyl Tugy hemişe belentde parlasyn diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň baý medeni mirasymyzy gorap saklamaga, milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge aýratyn üns berýändigini aýdyp, hut şu maksatlardan ugur alnyp, Daşoguz şäherinde täze metjidiň gurlandygyny belledi. Indi bu ýerde baýramçylyk günlerinde baýram namazy okalar, ýagşy dilegler ediler.

Ine, şu gün hem siz täze gurlan metjitde juma namazyny okap bilersiňiz diýip, döwlet Baştutanymyz ýaşululara ýüzlenip aýtdy we olary täze metjit bilen tanyşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň içine girip, bu ýerde dürli dessurlary berjaý etmek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar.

Metjidiň gurluşygynda iň täze tehnologiýalar ulanyldy, özboluşly binagärlik çözgütleri, şol sanda binanyň içki bezegi hem-de timarlanylyşy boýunça çözgütler işlenip taýýarlanyldy. Bezeg işleri amala aşyrylanda welaýatyň çäginde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň nagyşlaryna meňzeş bezeg şekilleri ulanyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz özi üçin niýetlenen ýere barýar.

Türkmenistanyň müftüsi eziz Watanymyzyň parahatçylygyny we rowaçlygyny, türkmen halkynyň agzybirligini hem-de jebisligini, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny we ömüriň uzak bolmagyny, köpugurly işlerinde täze uly üstünlikleri gazanmagyny dileg edip, aýat okaýar.

Aýat okalandan soň, milli Liderimiz metjide sowgat hökmünde Türkmenistanyň müftüsine mukaddes Gurhany gowşurýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz metjitden çykyp, ýörite sadaka berilýän iki gatly bina tarap ugraýar we bu ýere ýygnananlaryň ählisini metjidiň açylmagy mynasybetli berilýän sadaka çagyrýar.

Milli Liderimiz özi üçin niýetlenen ýere geçýär we sadaka gatnaşyjylara ýüzlenýär.

Gadymy türkmen topragynda, hususan-da, Daşogzda keramatly ýerler köpdür. Dünýä medeniýetiniň ösüşinde öçmejek yz galdyran Köneürgenç şäheri, beýik pir Nejmeddin Kubranyň ýadygärligi, keramatly 360 piriň ýatan topragy dünýä belli bolan mukaddes ýerlerdir. Welaýatyň çäklerinde öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy we medeni ýadygärlikleriň başga-da ençemesi bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biz ata-babalarymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyna belent sarpa goýýarys. Ruhy gymmatlyklarymyzy hemişe gorap saklaýarys. Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy we urp-adatlarymyzy hemişe berjaý edýäris. Mähriban halkymyzyň däp-dessurlarymyzy berjaý etmegi üçin hem ähli şertleri döredýäris.Şu maksatlardan ugur alyp, Daşoguz welaýatynyň merkezinde ine şu täze metjit guruldy. Bu metjitde bir wagtda 3000 adam namaz okap biler. Bu metjit häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guruldy. Ol binagärlik keşbi bilen hem tapawutlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli däplerimize laýyklykda, bu ýerde baýramçylyk günlerinde baýram namazy okalar, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy barada doga-dilegler ediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu metjitde okaljak namazlaryň, ediljek ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, Türkmenistanyň müftüsinden tebärek çykyp bermegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykýar. Tebärek çykylandan soň, sadaka gatnaşýanlara nahar çekildi.

Nahardan soň, aýat-töwir okaldy.

Okalan bu aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Täze gurlan metjit köp ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etsin!

Eziz Watanymyz asuda bolsun!

Halkymyz hemişe abadan we bagtyýar durmuşda ýaşasyn!

Sadaka tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Daşoguz şäheriniň howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.