Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Ýewropa Bileleşiginiň “Tebigaty we energiýa çeşmelerini ygtybarly peýdalanmak-Türkmenistanyň durnukly ösüş strategiýasyny ornaşdyrmaga ýardam etmek” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralan okuw we amaly sapaklar önümçilik işleriniň daşky gurşawa täsirine strategiki baha bermegiň meselelerine bagyşlandy.
Bu çärä gatnaşmak üçin durnukly energetika we tebigy uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça iri transmilli taslama ugurlary boýunça halkara bilermenleri Pýotr Optis (Germanýa) we Nina Stoýanowa (Bolgariýa) ýörüte türkmen paýtagtyna geldiler.
Okuwnyň maksady akademiýanyň professor-mugallymlarynyň we diňleýjileriniň daşky gurşawa täsiriň strategiki mümkinçiligini hasaba almak bilen ekologiki bahanyň mazmuny barada bilimlerini ýokarlandyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň iş tejribeleri, energiýa tygşytlamak we ekologiýa howpsuzlygy pudaklarynda öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça iň gowy halkara we milli usullar bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar.
Amaly okuwlaryň barşynda kabul edilen halkara borçnamalaryna laýyklykda biologiki köpdürliligi aýawly saklamak boýunça çäreleri kämilleşdirmekde ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Onda senagatda, hususan-da, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary bolan nebitgaz, nebithimiýa, dokma we gurluşyk pudaklary, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda senagatyň energonetijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratytn üns berler.
Halkara maslahatçylary Ýewropa Bileleşiginiň esasy ýurtlarynyň, şol sanda Germanýanyň, Fransiýanyň, Italýanyň, Belgiýanyň, Norwegiýanyň önümçiligiň galyndysyz tehnologiýalaryny we üsti doldurylýan energiýa çeşmelerini senagatyň dürli pudaklarynda ulanmak boýunça tejribelerini görkezerler.
Şu günki sapakda bellenilişi ýaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynda energiýa howpsuzlygy we tebigy baýlyklary aýawly saklamak meselelerinde ekologiýa esasy orun degişlidir. Çykyş edenler ýurdumyzyň ISO 14001 we ISO 50001 halkara ölçeglerine laýyklykda ekologiýa we energetika menejment ulgamlary peýdalanmakda oňyn tejribesini bellediler. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ekologiýa nukdaýnazaryndan has kämil häzirki zaman tehnologiýalar tapgyrlaýyn önümçilige ornaşdyrylýar. Şeýle hem howanyň arassalygyna, umuman, daşky gurşawa gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologiýa ölçegleriniň we gurulýan zawod-fabriklere, durmuş maksatly desgalara bildirilýän talaplaryň ulgamyny kämilleşdirmek üçin dürli çäreler durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu okuw sapaklary tebigy baýlyklarymyzyň ýagdaýyna baha bermek, olary gorap saklamak we aýawly peýdalanmak üçin uzakmöhletleýin meýilnamalary işläp taýýarlamak boýunça ekologiýa pudagynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga ýardam eder.