Ï Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 762
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohanese ýurduň Buharest şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan pida bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.